Mary şäherindäki orta mekdeplerde ýokary synp okuwçylar bilen ýörite duşuşyklar geçirilýär. Bilim resmileri we polisiýa işgärleri tarapyndan geçirilýän duşuşyklarda okuwçylara bidüzgünçiliklerden, hususan-da, pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary emeli usullar bilen ýasamakdan we ulanmakdan saklanmak wagyz edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji noýabrda Mary welaýatyndan maglumat berdiler.
“Esasan oglanlar bilen geçirilýän ýygnaklarda olara ‘akylly gezmek’ tabşyrylýar. ‘Daş zyňyp mekdepleriň penjirelerini döwmäň, öňümiz gyş, ene-ataňyz penjiräni satyn alyp, ýerine oturdýança, synplar sowuk bolar’ hem diýýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, okuwçylara TikTok, YouTube, Instagram we IMO ýaly ulgamlarda “ýurduň we prezidentiň ýüzüni ýere salýan wideolary goýmazlyk” hem berk tabşyrylýar. Ýöne bilim we polisiýa işgärleri bu kesgitlemäniň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmaýarlar.
Degişli maglumat
Aşgabatda pirotehniki serişdeleriň emeli usullar bilen ýasalmagy we satylmagy ýygjamlaşdy“Okuwçylar jemlenişip, sary kükürt gözleýärler”
“Okuwçylara pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary emeli usullar bilen ýasamakdan ýa-da olary ulanmakdan saklanmak hem berk tabşyrylýar. Düzgün bozan okuwçylaryň hossarlarynyň çagyrylyp, olara jerime salynjakdygy duýdurylýar” diýip, ýygnaklardan habarly ýene bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bilim we polisiýa işgärleri wagyz-nesihat ýygnaklarynyň sebäpleri barada aç-açan maglumat bermeýärler. Azatlygyň bu barada sebitiň Bilim we Polisiýa müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan biri-birinden habarsyz bilim işgärleriniň birnäçesi ýygnaklaryň soňky aýlarda synplaryň penjireleriniň döwülmegi bilen bagly wakalaryň köpelmegi we diňe noýabr aýynyň dowamynda iki okuwçynyň demir ýolda otlynyň aşagynda galyp ýogalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
“Bu iki okuwçy hem Mary şäheriniň ýaşaýjysy bolup, olaryň wakanyň bolan wagty pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary emeli usullarda ýasamaga goşundy eder ýaly sary kükürdi gözlemäge çykandygy aýdylýar. Wakalar barada aç-açan gürrüň edilmeýär” diýip, bilim pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiz Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, soňky hepdelerde ýokary synp oglanlaryň 6-7 sany bolup jemlenişip, demir ýollaryň gyrasynda sary kükürt çöpleýändigini hem aýdýarlar.
“Para-peşgeş bilen tamamlanýar”
“Senagatda ulanylýan kükürt açyk ýa-da ýarym açyk wagonlarda uly mukdarda daşalýar. Otly hereket edende, ýel ýa-da wagonlaryň yrgyldamagy sebäpli kükürt bölekleri demir ýoluň gyrasyna gaçyp bilýär. Okuwçylar şol bölekleri çöpleýärler we olardan partlaýjy maddalary emeli usulda ýasaýarlar” diýip, bilim işgäri belledi.
Azatlyk bu barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň demirýol we polisiýa resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat
Tejende mekdep okuwçylaryna söýüşmekden we gaçyp durmuş gurmakdan saklanmak barada sapak berildiBu aralykda, habarçymyz soňky günlerde polisiýa işgärleriniň emeli usullarda ýasalan pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary partladýan okuwçylary saklamagy bilen bagly çäreleriň hem güýçlenendigini aýdýar.
“Saklanan okuwçylaryň ene-atalary, hossarlary çagyrylýar. Ýöne gynansak-da, islendik çäre para-peşgeş bilen tamamlanýar, ýagny okuwçylaryň ene-atasyndan 1 müň manatdan 3 müň manada çenli aralykda para alynýar. Soňra olaryň ellerinden ýasama partlaýjy maddalar alnyp, öýlerine goýberilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Gadagançylyklar we emeli usullar
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 349-njy maddasy pirotehniki serişdeleriň bikanun, emeli usul bilen taýýarlanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini, saklanylmagyny, daşalmagyny we olardan peýdalanylmagyny gadagan edýär. Bu hereketler administratiw temmi berilmegine getirýär. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jogapkärçiligi olaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenilýär (358-nji madda).
Degişli maglumat
Täze ýyl gijesi ilatyň köçede bolmazlygyna, ot ýakmazlygyna gözegçilik edildiTürkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 321-nji maddasy bolsa, partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy boýunça iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasyny berýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri pirotehniki serişdeleriň, önümleriň ýurda getirilmegini we ýurtdaky resmi söwdasyny hem çäklendirip gelýär.
Bu gadaganlyklara garamazdan, 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije bellenilýän Täze ýyl baýramyna bir - bir ýarym aý galanda mekdep okuwçylarynyň käbirleriniň emeli usul bilen taýýarlanan pirotehniki serişdeleri satyp gazanç edýändigi, ýene bir böleginiň bolsa olary partladýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýylyň-ýylyna maglumat berýärler.
Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda hukuk goraýjy edaralar möhüm baýramçylyklarda howpsuzlygy güýçlendirýärler. Hususan-da, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, pirotehniki serişdelerden, emeli partlaýjylardan peýdalanylmagyna garşy gözegçilik çäreleri artdyrylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.