Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda günebakar ýagy bilen towuk budy çäkli möçberde satylýar. Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň 24-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, hususy dükanlarda we bazarlarda günebakar ýagy tapdyrmaýar, towuk buduny almak üçin bolsa ýaşaýjylar ir säherden nobata durýar.
Döwlet dükanlarynda her hojalyga bir litr günebakar ýagy 26 manatdan, bir kilogram towuk budy 30 manatdan berilýär. Hususy dükanlarda towuk budunyň bir kilogramy 40 manatdan satylýar.
Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrdaky mejlisinde harytlaryň elýeterliliginiň we bahalaryň durnuklylygynyň üpjün edilýändigini aýtmagynyň ertesi güni gelip gowuşdy.
"Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar" diýip, prezident döwlet metbugatynda çap edilen çykyşynda aýtdy. Ol bazarlary ýerli oba hojalyk we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça "netijeli işleriň alnyp barylýandygyny" hem öňe sürdi.
Degişli maglumat
Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününde Aşgabatda käbir azyk harytlary arzanladyldyMarydaky habarçymyz bolsa Gök bazarda adamlaryň ir sagat 7-den towuk budunyň nobatyna durýandygyny aýdýar. Bazardaky döwlet dükanlarynyň daşynda gurnalan göçme söwda nokatlarynda her müşderä üç kilogram towuk budy satylýar. Bu möçber adaty döwlet dükanlarynda her hojalyga berilýän bir kilogramdan köp.
Şol bir wagtda, habarçy satuwa çykarylýan towuk budunyň hiline ünsi çekýär.
Towuk budy
"Bu towuk budunyň ýakymsyz ysy bar we durşy bilen buz" diýip, ol habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, muňa garamazdan, önüme isleg uly bolmagynda galýar, sebäbi köp maşgalanyň has gymmat et satyn almaga mümkinçiligi ýok.
Towuk budunyň ammarlarda näçe wagt we nähili şertlerde saklanandygy belli däl.
Habarçy hususy söwdagärleriň hem ýag we towuk buduny döwlet azyk ammarlaryndan alyp, satuwa çykarýandygyny aýdýar.
Günebakar ýagynyň tapdyrmaýan bazarlarynda "Ahal" ýagynyň bir litri 20 manatdan satylýar. Habarçy bu ýagyň hilini hem pes diýip häsiýetlendirýär.
Onuň 24-nji sentýabrda beren nyrh maglumatlaryna görä:
- bir kilogram kartoşka 11 manat,
- sogan 7 manat,
- şeker 18 manat.
- Süňksüz göle eti bolsa 200 manat bahalanýar,
- ýyladyşhanada ösdürilen pomidoryň kilogramy 20–30 manatdan satylýar,
- tüwiniň kilogramynyň bahasy hiline görä 14 manatdan 60 manada çenli üýtgeýär.
"Adamlar diňe gara bokurdagyň yzynda ylgap ýören boldular. Aýlyk-gündelikler hiç zada ýetmeýär" diýip, habarçy ýerli ilatyň güzeran ýagdaýyny häsiýetlendirdi.
Günebakar ýagynyň gytçylygy barada Azatlyk ozal hem maglumat beripdi. Sentýabryň ilkinji hepdelerinde Ahalda we Maryda bu önümi tapmak kynlaşandy. Ahalda bir litr ýagyň bahasynyň bir günüň içinde 20 manatdan 25 manada çykypdy.
Ýagyň näme sebäpden gytalandygy we häzirki satuw çäklendirmeleriniň haçana çenli dowam etjekdigi belli däl. Azatlyk bu barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň söwda resmilerinden, şol sanda gürrüňi gidýän dükanlardan teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.