Mary welaýatynyň ýolöten etrabynda ýene ýokary derejeli ýolbaşçynyň saparyna taýarlyk görülýär diýip, ýeri habarçymyz 17-nji aprelde, irden habar berdi. Mundan öň habarçylarymyz türkmen prezidentiniň 8-nji aprelde Marydaky, 10-njy aprelde bolsa Lebapdaky çärelere gatnaşyp, giň gerimli arassaçylyk, köpçülik çäreleriniň geçirilmegine sebäp bolandygyny, hatda huşuny ýitiren adamlaryň hem bolandygyny habar beripdiler.
14-nji aprelde gelen güýçli ýel Maryda biraz öň geçirilen arassaçylyk işlerini biderek etdi, köp ýeri gum, kirşen basdy, arassaçylyk işleri täzeden geçirilmeli bolýar diýip, habarçy aýtdy.
Adamlar üçin goşmaça iş, polisiýa üçin 'gazanç' döredi
“Güýçli ýel gara ýollaryň gyralaryndaky ýazgyly plakatlary ýyrtyp, ýere çyrşady. Arassaçylyk we abatlaýyş işleri gijesi bilen, ýatman diýen ýaly geçirilýär” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen ýeliň ýetiren zyýanynyň adamlar üçin goşmaça iş sagatlaryny döredendigini, ýöne maddy gazanç bolmandygyny belledi.
Jemagat hojalygynyň ähli işgäri Ýolöten etrabyna, arassaçylyk işlerine ugradyldy. Ýokary derejeli resminiň geçjek ýoluny günde sübse bilen süpürdýärler diýip, çeşme aýtdy.
Degişli maglumat
Prezidentiň Mara we Lebaba saparlary döwründe geçirilen çärelerde 10-a golaý adam huşuny ýitirdi“Eger-de çägä asfalt ýola syran bolsa, üstümizden aýlanýan häkimlik işgärleri agzyndan gelenini sögýär. Ýokarky işgärleri ýel, ýagyn gyzyklandyrmaýar. Eýýämden ýollar bölekleýin ýapylýar. Ýol ýapylmasy ýolötenliler üçin uly päsgelçilik döredýär.”
Ýerli ýaşaýjylar bu gezek polisiýanyň çöl meýdanlarynda, gara ýollarda motosiklet sürýän adamlara hem has berk çemeleşýändigini, olaryň indi saklanyp goýberilmän, ulagyny goýup gitmäge mejbur edilýändigini, gaçmaga synanyşan sürüjileriň kowalanyp tutulýandygyny gürrüň berdiler.
“Tutulan sürüjileriň motosikletleri polisiýanyň jerime duralgasyna gabalýar” diýip, ýaşaýjylar bu ýagdaýyň ýakynda geljek ‘myhman’ bilen bagly bolmagynyň mümkindigini, ýöne bu barada anyk bir zat aýdylmaýandygyny aýtdylar.
Ýaşaýjylaryň käbiri polisiýanyň öňde duran sapary ‘bikanun gazanç’ üçin ulanýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.
“Motosikleti alnan adamlara ‘geljek myhman gelip gideninden soň, degişli dokumentleriňizi görkezip, motoryňyzy hiç bir jerime tölemezden alyp bilersiňiz’ diýip, dilden düşündiriş berýärler. Emma häzir ilatyň ulanýan motosikletleriniň 90-95%-niň dokumenti düzüw däl ýa-da ýok. Polisiýa işgärleri biziň motosikletlerimiziň kanun esasynda talap edilýän dokumentleriniň ýokdugyny gowy bilýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu hili ‘oýun’ birinji gezek oýnalmaýar we, polisiýa motosikletini yzyna almaga gelen sürüjilerden, resminamalaryň düzüw däl ýa ýok diýip, azyndan 500 manat para alýar.
Pulsuzlar polisiýa towuk ýa tokly berse-de bolýar
“Biz polisiýanyň bu oýnunda ýyllar boýy oýnalyp gelýäris. Eger-de pulum ýok diýseň, onda mal, ýagny induk (hindi guşy – redaktor), towuk ýaly öý guşlary, ýa-da tokly bilen hasaplaşmak teklibi edilýär. Tomus wagtlarynda kädi ýa-da garpyz, gawun bilen hem hasaplaşyp bolýar. Biz bulara indi belet bolduk” diýip, bir ýaşaýjy düşündirdi.
Onuň tassyklamagyna görä, soralýan paralar polisiýa durmak yşaratyny edende durman, gaçyp gutulmaga çalyşýan adamlaryň barha köpelmegine getirýär.
“Ýol polisiýasynyň iki sany işgäri goňşulykda ýerleşýän Ždan obasynda ýaşaýan buluç ýigidini saklajak bolupdyr. Emma ol, bermäge puly bolmansoň, motoryny gaty sürüp gaçypdyr. Polisiýa ony tä öýüne çenli kowalap gelip, ‘puluň bolmasa, induk ber’ diýidpdir. Buluç ýigidi bu pursady wideo ýazgy edipdir. Soň bu wideo TikTok-da paýlaşyldy” diýip, bir ýaşaýjy adamlaryň özlerini goramak üçin sosial ulgamlardan haraý gözleýändigini aýtdy.
Degişli maglumat
Maryda 'lider saparyna' garaşylýar, ýaşaýjylar üýtgeşiklik isleýärSoňky ýyllar sosial mediada polisiýa işgärleriniň hereketini görkezýän wideolaryň barha köpelmegi, synçylaryň pikirine görä, adamlaryň çykalgany barha köp aýdyňlykda, söz we metbugat azatlygynda görýändigini tassyklaýar.
“Indi bizem şeýdip, delillik wideo düşürip, TikTok ulgamynda wideo paýlaşmagyň pikirini edýäris. Bu adamlara gowy gorag mümkinçiligi bolup görünýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne ýaşaýjylar polisiýa işgärleriniň diňe ulagly adamlary däl, kämillik ýaşyna ýetmedik oglanlary hem ‘sylap goýmaýandygyny’ öňe sürýärler.
Polisiýa meýdandan çöplän zadymyzy elimizden alýar - Çagalar
Häzir ýaz pasly, çöle, sähra meýdanlaryna maşgala bolup çykyp, dynç almakçy bolýan adamlaryň hem köpüsiniň öňi baglanýar, polisiýa işgärleri adamlary yzyna kowýar diýip, bir ýaşaýjy öz tejribesini paýlaşdy.
Şu aralykda, çölde aýlanyp, dynç alanlaryň taşlan plastik gaplaryny, gutulary, içgiden boşan çüýşeleri çöpleýän ýaş oglanlar hem polisiýadan zeýrendiler.
“Biz maşgalada köp çaga, entek kiçem bolsak, dilegçilik etmegi özümize namys bilip, jigim bilen çöl ýerlere gidýäris. Derege ýarajak zat gözleýäris, plastik guty we arak çüýşesi ýaly zatlary çöpleýäris. Her gün çöplän çüýşelerimizi tabşyryp, hojalyga goşant etmekçi bolýarys. Emma şu günler iki sany sany raýat geýimli, elleri rasiýaly erkek, bir polisiýa eşikli adam saklap, uzakly gün çölden ýygnan gutularymyzy elimizden alýar” diýip, iki sany okuwçy habarçymyza aýtdy.
“Her näçe ýalbarsagam, çöplän zatlarymyzy yzyna bermeýärler. ‘...özi näme, sataňda 20 manat ýasar’ diýýärler. Eger 20 manat ýasasa, ol biziň hojalygymyza uly pul. Belki, polisiýa işgärleri üçin 20 manat az puldur, emma biz üçin ol pula azyndan iki sany çörek düşýär. Eger zatlarymyzy alyp, bize 20 manat beren bolsalaram beýle gynanmazdyk. Sebäbi ol zatlary çölüň içinden ýeke-ýeke çöpläp, ençeme kilometr ýol geçip, egnimizde göterdik.”
Mary welaýatynda garaşylýan ýokary derejeli sapar sebäpli eýýäm, 15-nji aprel agşamyndan başlap, şähere köne, akdan başga reňkli awtoulaglar goýberilmeýär, diňe ak we täze, ýagdaýy gowy awtoulaglar goýberilýär, adamlara ýolda durmak gadagan edildi, şäheriň içi polisiýa işgärlerinden doly diýip, habarçymyz ýazdy.
Azatlyk sebitde ýaýbaňlanan arassaçylyk işleri we beýleki çäreler, mümkin ýolan ýolbaşçy sapary barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.