'Men başgalara kömek etmekden güýç alýaryn'. Arslan Türkmenistanda LGBTQ adamlaryň ýagdaýyna ünsi çekýär

Illýustrasiýa suraty

Gomoseksual adamlar Türkmenistanda rehimsiz yzarlamalara duçar bolýarlar; olar tussag edilýär, urulýar we zorluga sezewar bolýar. Olar türmä basylýar we psihiatrik hassahanalara ýerleşdirilýär. Şeýle-de olar dereksiz ýitirim bolýar. Diňe käbirleri ýurtdan gaçyp, ýaşamak üçin täze mümkinçilik tapmagy başarýarlar.

Türkmenistanly Arslan we Daýan öz başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşdylar. Olaryň hekaýatlary diňe bir LGBTQ+ adamlarynyň başdan geçirýän yzarlamalary we sezewar bolýan rehimsizlikleri däl, eýsem jemgyýetdäki giňişleýin ýagdaýy, häkimiýetiň eden-etdiligini hem-de höküm sürýän kanunsyzlygyň gerimini we häsiýetini açyp görkezýär. Gomoseksual adamlar has agyr yzarlamalara we kemsitmelere sezewar edilýär.

"Meniň we Daýanyň özboluşly ykballarymyz bar; onuňky - ol heniz kämillik ýaşyna ýetmedik wagty türmä basylypdy, meniňki bolsa men türmeden we psihiatrik hassahanadan soň goşuna ugradylypdym" diýip, Arslan gürrüň berýär.

Arslan häzir Fransiýada ýaşaýar. Onuň geçmişi kemsitmeler, zorluk, türme we psihiatrik hassahanada saklanmak ýaly ýagdaýlar bilen geçdi. Ol Azatlyk Radiosy bilen diňe bir öz başdan geçirenlerini däl, eýsem beýleki LGBTQ adamlaryň hem wakalaryny paýlaşdy.

Onuň öz başdan geçirenleri we göni şaýady bolan beýleki köp sanly adamyň ykbaly, oňa Türkmenistanda bolup geçýän agyr adalatsyzlygy we rehimsizligi unutmaga ýol bermeýär. Arslanyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý ony mesele barada açyk geplemäge iterýär, şol bir wagtyň özünde-de, başgalara edýän kömegi oňa ýaşamagy dowam etdirmek üçin güýç berýär.

"Men türmede bolanymda, köp adalatsyzlygyň şaýady boldum. Zorluga sezewar bolan adamyň hem edil oňa zorluk eden adam ýaly türmä basylyşyny gördüm — meniň ýaly hossarsyz, hiç kimi bolmadyk adamlaryň ykbalyna şaýat boldum" diýip Arslan aýdýar. "Men adamlaryň WIÇ/SPID we inçekesel bilen ýokuşdyrylandygyny gördüm. Adalatsyzlyk sebäpli günäsiz adamlar we çagalar şol ýerde saklanýar. Men bolsa, munuň garşysyna göreşmelidigine — bu babatda bir zat edilmelidigine berk ynanýaryn".

30 ýaşly Arslan Türkmenabatda ulaldy. 18 ýaşynda Aşgabada göçdi we kiçiräk geý jemgyýetine goşuldy. Ýöne üç ýyldan soň, ol "gomoseksuallykda şübhelenen" takmynan on sany başga erkek adam bilen bilelikde tussag edildi.

Türkmenistanda gomoseksuallyk kanun tarapyndan yzarlanýar. Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy gomoseksual gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýar.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen kazyýet işinden soň, ol gomoseksualizm sebäpli iki ýyl azatlykdan mahrum edildi. Günä geçişde boşadylmagyndan öň, ol jezalandyryş koloniýasynda dokuz aý geçirdi. Azatlyga çykandan soň, Arslan iş tapdy we durmuşyny täzeden gurmaga synanyşdy, ýöne şertler çydap bolmajak derejede agyrdy.

2021 we 2022-nji ýyllarda gaýtadan tussag edilenden soň, ol iki gezek psihiatrik hassahana ýerleşdirildi.

Degişli maglumat

Türkmenistanda LGBTQ azlyklaryny ýetginjekleriň arasynda anyklamak boýunça çäre geçirilýär

"Olar meni gomoseksualizmden bejermek islediler. Aslynda, men özümi kesel hasaplamaýaryn; men özümi adaty bir adam hasaplaýaryn" diýip, Arslan ruhy hassahana ýerleşdirilen pursadyny ýatlaýar.

Şeýdip, ol ýurtdan gitmegi ýüregine düwüpdir.

Ýurtdan çykyp, täze durmuş gurmaga mümkinçilik gazanan Arslan, Türkmenistanda başdan geçirenleriniň döreden ruhy şikesini - trawmasyny ýeňip geçmegiň örän kyndygy barada gürrüň berdi. Şeýle-de bolsa, ol gaýduwsyz we tutanýerli bolmaga çalyşýar we diňe öz durmuşy bilen çäklenmeýär; ol öz watandaşlaryna — şol sanda Türkmenistandan çykyp bilen transgender Daýana — aýaga galmaga kömek edýär.

Daýanyň hekaýaty

Aşgabatly 31 ýaşly Daýan, gomoseksualizmi jenaýat hasaplaýan kanuna laýyklykda üç gezek sud edilip, türme jezasyny başdan geçirdi.

Arslanyň aýtmagyna görä, Daýana ikinji gezek iş kesilmegi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezany ýerine ýetirmek bölüminiň (DIN) ýolbaşçysy bilen baglanyşykly bolupdyr.

"Daýan tussag edildi we Içeri işler ministrliginiň resmisi bolan DIN-iň ýolbaşçysy bilen bilelikde ikinji gezek türmä höküm edildi. DIN - Türkmenistanyň ähli türmelerine jogapkär edaradyr."

Gynansak-da, Daýanyň saglyk ýagdaýy sebäpli onuň özi bu ýagdaýlary gürrüň berip bilmedi. Şonuň üçin Azatlyk Radiosy Daýanyň kemsidilmä sezewar bolan adamlara, şol sanda LGBT wekillerine goldaw berýän "Projetto Gionata" atly hristian guramasyna ozal beren interwýusyndan bölekleri getirýäris.

"Çagalygymdan bäri özümi beýleki oglanlardan tapawutly duýýardym. Gyz bolmagy arzuw edýärdim. Ýöreýşim zenanlara mahsusdy we adamlar muny görýärdiler. Ene-atam ýokdy - diňe daýzam we onuň çagalary bardy. Olar meni kemsidip, horlaýardylar" diýip, Daýan gürrüň berýär.

Ol on alty ýaşyndaka ilkinji gezek bir oglana aşyk bolandygyny we oglan Russiýa okuwa gidýänçä, üç aýlap onuň bilen duşuşandygyny aýtdy. Soňra ol jynsy zorluga sezewar bolupdyr.

"Bir gün synpdaşym meni doglan gününe çagyrdy we men razy boldum. Ol ýerde bir ýigit - onuň dosty bardy; ol maňa 'Tramadol' dermanyny berdi we meni zorlady" diýip, Daýan ýatlaýar we şol oglanyň ykbalyny gürrüň berýär:

"Ol on ýedi ýaşyndaka polisiýa tarapyndan tussag edilipdir. Jezasyny ýeňilleşdirmek üçin ol derňewçiler bilen ylalaşyga gelip, hemmeler barada maglumat berip başlady. Menden ar almak isläp, ol, meniň gomoseksualdygymy aýdypdyr. Şonda meni ilkinji gezek ýetginjekler üçin düzediş edarasyna iberdiler. Kazy meni 135-nji madda — gomoseksualizm üçin iki ýyllyk tussaglyga höküm etdi. Men şol ýerde bir ýarym ýyl möhleti geçirdim."

"Ol ýerde gyz ýaly görünýändigim üçin kemsidilýärdim we zorlanýardym. Men ýetginjekdim. Meni rehimsiz urýardylar we şol döwrüň yzlaryny, şol sanda ruhy saglyk bilen baglanyşykly kemçilikleri häzirem duýýaryn. Azatlyga çykanymdan soň, ýaşamaga we işlemäge synanyşdym. Diňe aman galmak isleýärdim. Ýagdaý gowulaşjak ýaly bolup görünse-de, polisiýa meni yzygiderli yzarlap, adaty durmuşda ýaşamagyma päsgel berýärdi" diýip, Daýan öz durmuşynyň agyr tapgyrlaryny ýatlap geçýär.

"Soňra men ofisiant bolup işe girdim we täze durmuşa başladym. Işledim, pul gazandym we otagy kireýe aldym. Hiç kime päsgel bermän, ýuwaş ýaşamaga synanyşdym. Diňe işlemek we öz durmuşym bilen bolmak isleýärdim. Ýöne dört ýyldan soň, üçünji gezek - ýene-de iki ýyllyk möhlet bilen tussag edildim. Azatlyga çykanymdan bir ýyl geçenden soň, daşary ýurda gidip, Gürjüstana baran Aslan bilen habarlaşmagy başardym."

Häzirki wagtda Daýan Türkmenistanyň daşynda ýaşaýar. Ol ilkinji gezek tussaglykda bolan döwründe ýokuşan WIÇ (Wirus immun ýetmezçiligi) wirusy bilen 13 ýyldan bäri ýaşaýar. Şeýle hem oňa inçekesel diagnozy goýuldy.

"Men ölüp barýardym. Türkmenistanda ölerin öýdüpdim. Meni dördünji gezek tussag etmegi meýilleşdirýärdiler. Arslanyň kömegi bilen gaçyp, ýurtdan çykyp bildim."

Öz watandaşyna goldaw berýän we häzir onuň üçin kömek gözleýän Arslan Daýanyň ýurtdan gaýdyp, türme, belki-de ölüm howpundan aman galandygyny aýdýar: "Ony ýene-de yzarlap başladylar; ony Türkmenistanda dördünji gezek türmä basmak islediler".

Arslan Türkmenistandan daşarda ýaşaýarka Daýan bilen aragatnaşygy nähili saklandygyny we halkara guramasynyň kömegi bilen onuň ýurtdan çykmagyna nädip ýardam edendigini gürrüň berdi. "Oňa diri galmak - azatlykda ýaşamak mümkinçiligi döredildi" diýip, sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Gomoseksual gatnaşykda güman edilýän onlarça raýat Türkmenabatda tussag astynda saklanýar

Sosial-syýasy durmuşy we maglumatlary berk gözegçilikde saklaýan hem-de raýatlary belli bir sosial kadalara mejbur edýän Türkmenistanyň hökümeti dünýäde iň repressiw hökümetleriň biri hasaplanýar; ol başga pikire-de, jemgyýetçilik tankydyna-da, söz azatlygyna-da ýol bermeýär.

Sosial stigma - jemgyýet tarapyndan ýazgarylmak hem möhüm mesele bolup durýar. Türkmen jemgyýetinde gomoseksual adamlara garşy garaýyşlar örän güýçli bolup, bu ýagdaý adaty bolmadyk jynsy gatnaşykdaky adamlara garşy çydamsyzlyk we rehimsizlik atmosferasyny döredýär.

'Tussaglykdan soň hem durmuş bar ...'

LGBT adamlarynyň sezewar bolýan basyşlary we kemsitmeleri, ýurtda adam hukuklarynyň we mertebesiniň näderejede aýak astyna salynýandygyny hem-de zorlugyň gerimini görkezýär. Bu ýagdaý hukuk bozulmalarynyň giň ýaýrandygyny, özbaşdak we adalatsyz hüjümleri, rehimsizligi we ýagdaýyň agyrlygyny äşgär edýär.

"Dürli adamlar bardy; käbirleri türmeden çykanymdan soň köçede meni tanap: 'Seret, şol geý geçip barýar' diýip gygyrýardylar, beýlekiler bolsa: 'Soň näme? Kim bilen ýatýan bolsaň şonuň bilen ýat — maňa näme?' diýýärdiler. Her hili adam bardy. Ýöne köpüsi mylaýym we gowy adamlardy" diýip Arslan türmeden çykan pursadyny ýatlaýar.

Arslan özüňi köşeşdirmegiň we hukuklaryňy bilmegiň örän möhümdigine, şeýle hem adalatlylyga bolan ynamyň iň bir duşmançylykly gurşawda-da diri galmaga kömek edýändigine ynanýar.

“Adamlaryň öz hukuklaryny bilmegini isleýärin. Adamlaryň munuň durmuşyň soňy däldigine düşünmegini isleýärin. Iň möhüm zat — adamlaryň diri galmagy, azatlygy üçin göreşmegi we umydyny ýitirmezligidir. Sebäbi köp ýigit türmeden soň öldi — özlerini heläkledi. Men muny islemeýärin; adamlaryň durmuşyň türmeden soň gutarmaýandygyny we islendik kynçylygyň geçip gidýändigini bilmegini isleýärin" diýip, Arslan aýdýar.

"Näme bolsa-da, esasy zat — beden saglygyňy gorap saklamak we durmuşyň üçin göreşmekdir. Men adamlara hut şuny ýetirmek isleýärin” diýip, ol sözüne goşdy.

'Psihiatrik hassahanada gomoseksuallykdan bejerjek boldular'

Psihiatrik hassahana ýerleşdirmek — Türkmenistanda geý adamlara garşy ulanylýan ýene bir usuldyr. Arslan iki gezek ruhy keseller hassahanasyna ýerleşdirildi — iki gezek hem harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin.

“Olar meni gomoseksuallykdan bejermek isleýärdiler. Aslynda, men özümi kesel hasaplamaýaryn — men özüme adaty bir adam hökmünde garaýaryn. 2021-nji ýylda maňa Türkmenistanyň raýatlygy berildi we olar meni goşuna ibermek islediler; ýöne meniň 135-nji madda boýunça türmede oturandygymy bilenlerinde, meni gomoseksuallykdan ‘bejermegi’ ýüregine düwdüler we göni öýümden alyp gitdiler" diýip Arslan hassahana ilkinji gezek ýerleşdirilişini ýatlaýar.

"Harby komissariatdan gelen dört adam meni dürli hassahanalara alyp bardy. Olaryň nähili hassahanalardygyny ýa-da meniň nirä äkidilýändigimi bilmeýärdim; men diňe bir otaga girýärdim, şol ýerde meni görkezýärdiler we resminamalara gol çekilýärdiler”.

Ýagdaýa düşünmegiňiz üçin: näsaglara ikinji gatdan birinji gatdaky naharhana düşüp, naharlanmak we hajathanadan peýdalanmak üçin bary-ýogy bäş minut wagt berilýär...

Arslan soňunda özüniň psihiatrik hassahana äkidilendigini ýatlaýar; demir gapy yzyndan şakyrdap ýapylanda we ýagdaýy düşündiren psihiatr bilen ýüzbe-ýüz bolanda, ol nirededigine düşünipdi... Olar derman arkaly jezalandyrmak bilen haýbat atyp, ondan boýun bolmagy talap etdiler. Ilkinji gije-gündiziň dowamynda ol baglanan ýagdaýda saklandy.

Arslan 2022-nji ýylda ikinji gezek psihiatrik hassahana ýerleşdirildi — ýene-de harby gullukdan ýüz öwrendigi sebäpli. Şol wagt ol 26 ýaşyndady we eýýäm türmede oturyp, psihiatrik hassahanada bejergi alan adamdy. Bu ýagdaý häkimiýetleriň ony ýene bir gezek goşuna çagyrmak synanyşyklaryna päsgel bermändir. Netijede, ol ýene-de psihiatrik edarada — bu gezek harby psihiatrik bölüminde — 50 günläp saklanypdyr.

'Ruhy hassalaryň arasynda sagdyn adamlar bar - olar ýetimler'

Psihiatriýa hassahanasynda geçiren döwrüni ýatlap, Arslan ol ýerde adaty adamlara — hiç hili ruhy keseli bolmadyk, ýöne ýyllarboýy şol ýerde ýaşap, iň agyr işleri mugtuna ýerine ýetirýän adamlara duş gelip, örän geň galandygyny gürrüň berýär.

"Beýleki ýigitler ýanyma gelýärdiler; olar düýbünden adaty adamlar ýaly görünýärdiler. Ýanyma gelip söhbetdeş bolýardylar — nireden gelendigimi, haýsy mekdepde okandygymy soraýardylar... Söhbetdeşlik wagtynda Timur atly bir ýigit barada bildim, ol meniň golaýymda ýerleşýän internat-mekdepde okapdyr" diýip, Arslan duş gelen ýigidiň ykbaly barada gürrüň berdi.

"Ol 16 ýyl bäri şol psihiatriýa hassahanasynda saklanýardy — ony şol ýere ýerleşdiripdirler. Men ondan: 'Seni näme üçin bu ýere ýerleşdirdiler?' diýip soradym. Başgalar hem bardy. Men: 'Ýöne sen sagdyn ahyryn — näme üçin bu ýerdesin?' diýdim. Ol maňa şeýle düşündirdi: hiç hili garyndaşy ýa-da kanuny hossary bolmadyk doly ýetimlere ýaşaýyş jaýyny bermezlik üçin, döwlet [internatdan] soň olary psihiatriýa hassahanalaryna ýerleşdirýär. Netijede, olar işgärleriň ýa-da bagbanlaryň etmeli işlerini ýerine ýetirýärler. Bu döwlet üçin amatly — olara ýaşaýyş jaýy bermek gerek däl we olar mugt iş güýji bolýarlar. Olar beýleki hassalaryň iýmitinden iýýärler — eger kimdir biriniň yzyndan gelip, iýmit getirseler — ýa-da döwletiň berýän iýmitini iýýärler. Şol ýerde döwletiň berýän iýmiti bolsa türmedäkiden hem erbet."

Arslanyň aýtmagyna görä, hassahananyň diňe bir erkekler bölüminiň özünde ýetimler öýüniň azyndan dört sany uçurymy bardy.

Türkmenistanyň kanunçylygy, ýetimler öýüniň uçurymlaryna 18 ýaşy dolandan soň döwlet hasabyna ýaşaýyş jaýynyň berilmegini talap edýär. Emma ýetimleriň mejbury tertipde garrylar we maýyplar öýlerine ýerleşdirilip, şeýlelikde ýaşaýyş jaýy hukugyndan mahrum edilendigi barada Azatlyk birnäçe maglumat çap edipdi.

Arslan bu psihiatriýa edaralarynyň hakykat ýüzünde tussaglyk ýerleri bolandygyny we şertleriň türmedäkiden kän bir tapawutlanmandygyny ýatlaýar. Ol işgärleriň hassalara rehimsizligi adaty ýagdaýdy diýýär.

Degişli maglumat

AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

"Ýagdaýa düşünmegiňiz üçin: näsaglara ikinji gatdan birinji gatdaky naharhana düşüp, naharlanmak we hajathanadan peýdalanmak üçin bary-ýogy bäş minut wagt berilýär. Hajathana daşarda ýerleşýär — edil kolhozlardaky ýaly; onda unitaz ýok, diňe üçek, dört diwar we ýerde bir deşik bar. Hassalar şol wagt aralygynda şol ýere baryp gelmeli bolýarlar. Olara bolsa ideg merkeziniň işgärleri gözegçilik edýär. Ol ýerde lukmanlar ýok, lukmanlar ýyly ýerde oturýarlar."

Näsaglara gürleşmek ýa-da gezelenç etmek gadagan, düşekden turmaga rugsat berilmeýändigi sebäpli, olaryň köpüsi derman alyp, hemişe düşekden galman ýatmaga mejbur bolýarlar.

"Şol elhenç ýagdaýy göz öňüne getiriň: eger olar gürleşip başlasalar, olary daňyp goýup bilerler, demir kapasa gabap, gulplap bilerler ýa-da agşamky nahardan mahrum edip bilerler. Olar düşekde öz hapalarynyň içinde ýatýarlar. Muny bolsa şol ýetim adamlar arassalamaly bolýar; lukmançylyk işgärleri olara ýakynlaşmaýarlar. Derman içirilmeli wagty näsaglardan bir metr aralykda durup, dermany hassalara oklaýarlar, edil ite zyňan ýaly zyňýarlar."

Hassahananyň geçelgesiniň ortasynda bir bedre durýar; eger kimdir biriniň peşew edesi gelip, daşaryk çykmak islemese, şol bedräni ulanýar. Ine, şol şepagat uýasy hem oglany şol peşewi içmäge mejbur etdi"

Näsaglar hemişe gorky astynda saklanýar we has agyr jezadan gorkmak olary bar zada boýun bolmaga hem-de doly tabyn bolmaga mejbur edýär.

"Näsaglara edilýän çemeleşme... Men şol ýerde ýatyrkam, agşama golaý işgärleriň çalşygy boldy; başga bir aýal [şepagat uýasy] näsaglary horlap başlady. Şol ýerde bir ýigit bardy — onuň ruhy saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň bardygy äşgärdi — we şol şepagat uýasy ony peşew içmäge mejbur etdi. Hassahananyň geçelgesiniň ortasynda bir bedre durýar; eger kimdir biriniň peşew edesi gelip, daşaryk çykmak islemese, şol bedräni ulanýar. Ine, şol şepagat uýasy hem oglany şol peşewi içmäge mejbur etdi".

Arslanyň aýtmagyna görä, türmede we ruhy hassahanalarda duş gelýän adamkärçiliksizlik oňa henizem ýeňip bilmeýän çuňňur ruhy şikes ýetiripdir.

'Türmäniň içi elhenç ...'

"WIÇ-pozitiw tussaglar ýokançlygy biri-birine geçirýärler we bejerginiň ýoklugy sebäpli haýal ölüme mejbur bolýarlar" diýip, Arslan türmedäki ýagdaýy ýatlaýar.

Türkmen türmeleri rehimsiz şertleri bilen tanalýar we dünýäde tussaghanalaryndaky bendileriň aşa köpdügi bilen tapawutlanýan ýurtlaryň hataryna girýär. "World Prison Brief"-iň ýyllyk hasabatlary ýurdy yzygiderli ABŞ we Ruanda bilen bir hatarda iň ýokary sanly ýurtlaryň hataryna goşýar.

Türmelerdäki WIÇ we inçekesel epidemiýasy halkara guramalary üçin aýratyn alada döredýän meseledir. Öňki tussaglaryň — şol sanda Arslanyň — beren gürrüňlerine görä, tussaglaryň arasynda gomoseksual gatnaşyklar sebäpli iş kesilen bendiler kän.

"Diňe biziň baragymyzda 135-nji madda [gomoseksualizm] boýunça höküm edilen 42 erkek bardy. Bu ýerde öz jynsy orientasiýasyny gizleýän köp sanly geý erkekler hem bardy, türme dilinde olar "peçnikler" diýlip atlandyrylýar. Şeýle-de, türmede aramyzda inçekesel we SPID/WIÇ bilen kesellän erkekler bardy — hemmesi şol bir barakda saklanýardy."

"Türme işgärleri olaryň köpüsiniň jynsy gatnaşyk arkaly pul gazanýandygyny bilýärdiler. Türmede diri galmak üçin pul gazanmalydy we her kim muny başaryşy ýaly edýärdi. Bahalar, meselem, iki sany çilimden — bary-ýogy iki sanysyndan — ýa-da 5, 10, 20 manatdan başlaýardy... Her kim özüniň başaryşy ýaly gün görýärdi. Aç-açan SPID keselli bir ýigit bardy. Ol köp sanly erkek bilen jynsy gatnaşykda bolýardy, sebäbi onuň yzyndan hiç kim gelmeýärdi. Oňa bolsa diri galmak gerekdi."

"Türme işgärleriniň — garawullaryň — arasynda hem biziň oglanlarymyz bilen jynsy gatnaşykda bolýan erkekler bardy. Olar oglanlary hat ýazýançy hökmünde öz ýanyna alýardylar, oglanlar olara ýazuw işlerinde kömek edýärdiler. Ýöne depder doldurmaga kömek etmekden başga-da, olar bilen jynsy gatnaşykda hem bolýardylar. Çilim üçin, belli bir artykmaç hukuklar üçin, öz ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmek üçin şeýle edýärdiler."

Arslan öz başyndan geçiren tejribeleriniň elhençligine garamazdan, hatda özüni hem haýran galdyran, umytsyzlyk we çykgynsyzlyk duýgularyny has-da güýçlendiren rehimsiz adalatsyzlyklaryň bolandygyny ýatlaýar.

"Meni hakykatdanam biynjalyk eden bir waka bardy: bir oglan tussag edilipdi — ol 18 ýaşyndady, ýöne özüni kiçijik çaga ýaly alyp barýardy, onuň aň taýdan kemçiligi bardy. Ol molla, ýagny uly ýaşly bir erkek tarapyndan zorlanypdy. Netijede, hem oglana, hem-de şol erkek kişä iki ýyllyk tussaglyk jezasy berildi. Men bu adalatsyzlyga düşünip bilmedim — näme üçin şol erkek ömürlik tussag edilmedi-de, oglan boşadylmady?".

Degişli maglumat

Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär

Halkara guramalarynyň wekilleri üçin hem ýapyk bolan Türkmenistanyň türmelerinde gynamak we tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşmek ýagdaýlary agyryly we köplenç hasabatlarda doly beýan edilmeýän meseleler bolup galýar. Şu güne çenli türme diwarlarynyň içinde nämeleriň bolup geçýändigi baradaky maglumatlar esasan öňki tussaglaryň gürrüňlerinden köpçülige mälim bolýar.

"Gynamalar — şeýle köp gynama bardy... 'Gaz ýörişi' ... islendik türme gözegçisi sizi itip ýa-da depip bilýärdi. Ýadymda gowy galan bir zat... Näme edendigini bilemok, ýöne bir adama sanjym edipdiler... şol adam çişip, ýaramaz ys saçyp başlady. Ol hakykatdan diriligine çüýreýärdi." Biz muny takmynan on günläp gördük. Her gün sanaw barlagy üçin daşarky meýdança çykanyňda, şol adam edil biziň öňümizde daşarda ýatyrdy. Olar ony içerik salyp bilmeýärdiler, sebäbi ol gaty ýaramaz ys saçýardy we ol şeýle ýagdaýda aradan çykdy. Men şol keşbi we şol ysy kellämden çykarmak üçin entegem psihiatr we psiholog bilen işleýärin".

'Polisiýa ýetginjekleri we LGBTQ adamlary ulanýar'

Türkmenistandaky jyns azlyklarynyň berýän maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleriniň öz arasynda hem gomoseksual gatnaşyklar seýrek däl. Şeýle-de bolsa, olar jyns azlyklarynyň wekillerini ýüze çykarmak we yzarlamak işlerine gatnaşýarlar. Arslanyň başyndan geçenleri hem muny ýene bir gezek tassyklaýar.

Ol ýetginjekleriň we LGBTQ wekilleriniň köplenç polisiýa üçin işlemäge mejbur edilýändigini, şol sanda baý adamlary biabraý etmek we olardan pul talap etmek maksady bilen şeýle edilýändigini aýdýar.

"Ol ýerdäki ýagdaý gaty erbet. Ýetginjekleri — ýagny 18 ýaşyna ýetmedikleri — özleri üçin işlemäge mejbur edýän polisiýa işgärleri bar. Eger ýaş ýigit gelşikli we zenan häsiýetli bolsa, polisiýa ony öz tarapyna çekýär we işlemäge mejbur edýär; olar ony baý erkekler bilen tanyşdyrýarlar. Oňa biriniň habarlaşmak üçin maglumatyny berip, şeýle diýýärler: 'Onuň bilen gatnaşyk gur, jynsy gatnaşyga gir we şol iş bolandan soň bize habar ber; şonda biz ony tutup, puluny alarys' diýýärler".

"Eger adamlar has uly ýaşda bolsa — meniň ýagdaýymda bolşy ýaly — olar tussag edilýär we gynalýar. Ýöne iş munuň bilen gutarmaýar, polisiýa olary internetde hem yzarlaýar we bilkastdan tanyşlyk açýar. Kimdir birini ele salanlaryndan soň, ony gynap, başgalaryň adyny aýtmaga mejbur edýärler. Olar kim bilen bolupdy? Nirä gidipdi? Olar bir zat bilýärmi? Bir zat eşidipdimi? Eger mümkin boldugyça köp adamyň üstüni açsaňyz, tussaglykdan gutulmagyňyz üçin ujypsyzja mümkinçilik bolup biler".

Men güýjümi adamlara kömek etmekden alýaryn!"

Arslanyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň rehimsiz yzarlamalaryna we jemgyýetde gomoseksualizme garşy güýçli ýigrenje garamazdan, bir jynsly gatnaşyklar ýurtda giňden ýaýran. Şeýle toparlara kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem girýär.

"Kerim atly bir adam bardy — familiýasy ýadymda galmandyr. Ol 'Žitnikowda' 4-nji bölümiň ýolbaşçysydy. Hemmeler — hakykatdan hemmeler — onuň ýaş oglanlar bilen jynsy gatnaşykda bolýandygyny bilýärdiler, ol zenan häsiýetli, kämillik ýaşyna ýetmedik oglanlary halaýardy."

Arslan hut özüne-de polisiýa işgärleri tarapyndan gyzyklanma bildirilendigini ýatlady.

"Polisiýa işgärleri meni yzarlaýardy. Aýratyn-da, bir yzarlaýjy bardy. Bir gezek tötänlikden taksi tutdum we sürüjiniň polisiýa işgäri bolup çykandygy belli boldy. Ol aramyzda bir zatlar başlamaga synanyşyp, meni takmynan bir hepdeläp yzarlady. Meni tapyp bilmez ýaly, SIM-kartamy, adresimi we işimi üýtgetmeli boldum."

Arslan adaty durmuşda ýaşamak isleýändigini, adalat isleýändigini aýdýar.

Elhenç şertlerden sag-aman gutulyp, ýurtdan gaçyp bilen Arslan ynamy we gaýduwsyzlygyny elden bermeýär. Ol gelejege umyt bilen garaýar we durmuşyny planlaşdyrýar.

"Geljekde men maşgala gurmagy arzuw edýärin. Bu biraz gorkunç bolsa-da — sebäbi maňa nämäniň garaşýandygy näbelli — men maşgala edinmegi we kiçi bir biznes açmagy arzuw edýärin. Iň esasy arzuwym bolsa, adamlara kömek etmekdir. Men adamlaryň goldaw almak üçin ýüz tutup biljek guramasyny döretmek isleýärin. Şol ýerde mätäçlere psihologiki kömek, maslahat ýa-da belki-de hukuk kömegini hödürläp bilerin."

Geçmişdäki başdan geçirenleriniň agyr ýüküniň hötdesinden nädip gelýändigi we başgalara kömek etmek üçin güýji nireden alýandygy soralanda, Arslan örän oňyn garaýyş bilen jogap berýär.

"Men güýjümi adamlara kömek etmekden alýaryn!" diýip, Arslan aýdýar.

Degişli maglumat

Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär

Türkmenistanda gomoseksual adamlar yzarlanyp, kanun taýdan jezalandyrylýarka köp sanly şaýadyň we halkara guramalarynyň maglumatlary jemgyýetde — şol sanda döwlet edaralarynyň we kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, hatda käbir tanymal adamlaryň we ýokary wezipeli resmileriň arasynda — gomoseksual gatnaşyklaryň ýaýrandygyny habar berýär.

2020-nji ýylyň maý aýynda "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Türkmenistanda meşhur sungat işgäriniň we onuň ýoldaşlarynyň gomoseksuallygy sebäpli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi we häkimiýetleri bu erkek adamlara garşy ähli aýyplamalary "derrew aýyrmaga" çagyrdy. Gurama Türkmenistandan meşhur estrada artistini azat etmegi talap etdi.

Şeýle-de, adam hukuklaryny goraýan gurama Türkmenistanda 2013-nji ýylda bolup geçen bir wakany resmileşdirenini habar berdi; bu wakada gomoseksual hereketlerde aýyplanan 18 ýaşly ýigidi barlagdan geçirmek üçin lukmançylyk işgärleriniň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Gurama şol wakanyň Türkmenistanda gomoseksuallykda şübhelenen beýleki adamlar babatynda hem anal barlaglarynyň ulanylmagy ähtimallygyny görkezendigini belledi.

"Şeýle barlaglaryň hiç hili lukmançylyk esaslandyrmasy ýokdur; olar rehimsiz, adamkärçiliksiz we kemsidiji çemeleşme bolup durýar hem-de gynama derejesine ýetip biler. Olar Türkmenistanyň tassyklan Gynamalara garşy Konwensiýasyny we Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara paktyny bozýar" diýip, HRW belledi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Türkmenistanyň göze görünmeýän älemgoşary" - Azatlygyň dokumental filmi

2024-nji ýylda Azatlyk Radiosy elhenç kemsitmelere we zorluga sezewar bolup, sütemlerden diri galan we soňra Türkmenistandan gaçyp çykan geý Daud Umarowyň başdan geçirenleri barada film taýýarlady. Filmiň baş gahrymany, 29 ýaşly Daud Umarow öz durmuşyny gürrüň berýär we ýurtda LGBTQ+ jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada pikir alyşýar.

Daud ýurtdan gaçyp gutulmagy başardy, ýöne munuň öňüsyrasynda ol rehimsiz gynalmalara sezewar boldy we maşgala agzalaryna garşy ar alyş haýbatlaryna duçar edildi.

Daudyň hekaýaty, Türkmenistandaky rehimsiz repressiw ulgamyň jyns azlyklaryny döwmäge we olary ýok etmäge synanyşygyny, şeýle-de olaryň özleri bolup galmak we öz hukugy ugrundaky gündelik göreşini görkezýär. Bu, Türkmenistanyň režiminiň gizlemäge çalyşýan rehimsiz hakykatyny açyp görkezýän, ýurduň "görünmeýän älemgoşarynyň" hekaýasydyr.

Mundan öň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Azatlyk Radiosy Kasymberdi Garaýewiň hekaýatyny çap etdi. Türkmenistanly ýaş lukman Azatlyga ýüz tutup, öz başdan geçirenlerini paýlaşdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanly geý ýigidiň tussag edilen bolmagy çak edilýär

Şondan soň ol ýitirim boldy. Ýaş ýigidiň ýitirim bolmagyndan birnäçe gün geçenden soň, Azatlyk Garaýewiň özüne bir zat bolan ýagdaýynda ulanmak üçin ýazyp ugradan wideo ýazgysyny köpçülige hödürledi.

Türkmenistanly Garaýew, özi barada gürrüň berip, gomoseksual adamlaryň ýagdaýy barada jemgyýetçilikde maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin şert döretmek isländigini aýdypdy.

Käri boýunça lukman ýigidiň ýitirim bolmagyndan soň türkmen häkimiýetleri gomoseksual lukmançylyk işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen saglygy goraýyş edaralarynda reýdleri geçirip başladylar. Türkmen resmileri medisina işgärleriniň arasyndan LGBTQ wekillerini “aýan etmek” boýunça kampaniýa geçirdiler.

Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy halkara jemgyýetçiliginde uly reaksiýa döretdi.

2019-njy ýylda italýan senatory we birnäçe halkara guramasy Türkmenistanda LGBTQ+ adamlaryň ykbalyna ünsi çekdi.

Italiýanyň täsirli syýasatçylarynyň biri senator Monika Çirinna (Monica Cirinna) Kasymberdi Garaýewi gorap çykyş etdi; Şonda Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkek adamlaryň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ECOM), “Ollaut” (Allout) halkara guramasy Italiýanyň hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Kasymberdi Garaýewiň ýitirim bolmagy boýunça meseläni gozgamaga çagyrdylar.

Erkek adamlaryň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy Türkmenistanyň kanunlaryna syn edip, garaşsyz turkmen.news neşiriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda ýörite syn çap etdi.

Maglumatda LGBTQ adamlaryň problemasynyň Türkmenistanda gozgalmagy beýlede dursun, eýsem ýurtda olary yzarlamak üçin kanunyň ulanylmagyna ünsi çekdi. ECON guramasynyň wekili Ýuriý Ýorskiý şonda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kanun taýdan jezany göz öňünde tutýan ýurtda geýleriň, lesbianlaryň, transgenderleriň ýagdaýynyň gowulanmagyna mümkinçiligiň ýokdugyny belledi.

Degişli maglumat

Italýan senatory, LGBT guramalary Berdimuhamedowdan türkmen geý ýigidiň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soraýarlar

Halkara jemgyýetçiliginiň yzygiderli tankydyndan soň, Türkmenistan — dereksiz ýitirim bolandan soň nirededigi näbelli bolan — Kasymberdi Garaýewiň "häzirki wagtda ýurtda, hasaba alnan salgysynda ýaşaýandygyny" öňe sürdi. Türkmen wekilleri muny 2023-nji ýylyň 2-nji martynda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň 137-nji mejlisinde aýtdylar.

Mejlisde adam hukuklaryny goraýjylaryň soraglaryna jogap beren türkmen delegasiýasynyň wekilleri, Garaýew bilen bilelikde ykbaly nämälim galýan ýene bir türkmenistanly - 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna barandan soň dereksiz ýiten Ömruzak Omargulyýewi agzadylar. Türkmen wekilleri iki ýaş ýigidiň hiç haçan jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekilmändigini nygtadylar. Mundan başga-da, türkmen resmileri "bu iki adam häzirki wagtda öz ene-atalary bilen bile ýaşaýarlar" diýdiler.

Türkmen resmileriniň şol aýdanlary halkara jemgyýetçiliginiň aladalaryny gowşatmady. Günbatar hökümetleri we adam hukuklaryny goraýjylar ýitirim bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda Kasymberdi Garaýewiň ykbaly barada alada bildirmegini dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan yzarlanyp, 2019-njy ýylda dereksiz ýiten bu şahs bilen aragatnaşygyň doly kesilenine 7 ýyl boldy.

"Amnesty International" guramasy 2024-nji ýylyň aprelinde çap eden hasabatynda Türkmenistanyň aýal-gyzlary we LGBT adamlaryny kemsidip, adam hukuklaryny, azatlyklaryny we beden özbaşdaklygyny esassyz çäklendirýändigini ýazgaryp, häkimiýetleriň 'milli medeniýet' düşünjesini ulanmak bilen raýatlaryň diskriminasiýasyny kanunlaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

Halkara guramalarynyň yzygiderli tankytlarynyň arasynda türkmen häkimiýetleri bu mesele barada resmi jogap berdiler. 2025-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Gynamalara garşy komitetine beren hasabatynda Türkmenistanda gomoseksual adamlara ýowuz daralmagy baradaky maglumatlardan ýüz öwürdi.

“Biz gomoseksual adamlaryň gynamalara, ýowuz daraşmalara sezewar edilmegi barada bir topar umumylaşdyrylan soraglary eşidýäris. Bagyşlaň, ýöne şeýle umumy beýanatlara jogap hökmünde, men hem umumylaşdyrylan jogap gaýtarmaly bolýaryn. Yzarlama bolmady, hiç zat dokumentleşdirilmedi we şuňa meňzeşler. Maňa anyk familiýa, takyk sene beriň, biz şondan soň siz bilen anyk maglumatlary paýlaşmaga taýýar” diýip, Hajyýew LGBT azlyklarynyň Türkmenistanda ýowuz yzarlanmagy boýunça gozgalan mesele boýunça jogap bermek bilen çäklendi.

Emma resmi dokumentler bilen tassyklanan we hökümete degişli bolmadyk guramalar tarapyndan toplanan seýrek maglumatlar, garaşsyz metbugata we adam hukuklaryny goraýan toparlara ýol bermeýän ýapyk režimiň gizlin tarapyny açyp görkezýär.

Türkmenistanda kanun boýunça diskriminasiýanyň islendik görnüşi gadagan edilýär. BMG-niň agzasy bolmagynyň çäginde adam hukuklary boýunça hasabat bermäge borçly Türkmenistanyň resmileri bu jümläni yzygiderli gaýtalaýarlar, emma anyk wakalara degişli göni soraglara takyk jogap we subutnama bermeýärler.

Degişli maglumat

Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.