“MHM gadagan etdi”: Çaphanalar ilatyň häkimiýetleriň adyna ýazýan arza-şikaýatlaryny çap edip bermegi bes etdi

Kagyza hat ýazýan zenan (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Şu günler Aşgabat şäherinde prezidentiň we döwlet edaralarynyň adyna elde ýazylan hatlary we arzalary kompýuterde çap edip bermek hyzmatyny hödürleýän merkezler, şol sanda surathanalar we çaphanalar ilatyň ýüzlenmelerini kabul etmeýärler.

Bu merkezleriň resmileri munuň sebäbini özlerine ilatyň ýazýan arzalaryny we hatlaryny çapdan çykaryp bermezlik barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri tarapyndan ýörite görkezme berlendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Häzir şäherdäki bu merkezleriň tas ählisinde ilatyň elde ýazylan arzany, tölegli basmaça ýazdyryp, peçat etdirmek boýunça ýüz tutmalary red edilýär. Adamlar hem wagt ýitirip, hem goşmaça çykdajy edip, şäheriň beýleki ýerlerindäki merkezlere hem baryp görýärler, ýöne netije bolmaýar. Olaryň hemmesi indi bular ýaly hyzmat berilmeýändigini aýdýar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Aşgabatlylaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda döwlet edaralarynyň aglabasynyň elde ýazylan arza-şikaýatlara däl-de, diňe çap edilenlere seredýändigini belläp, bu hyzmatlaryň saklanyp galmagynyň möhümdigini aýtdy.

Paýtagtda şeýle hyzmatlary hödürleýän, şol sanda resminamalaryň nusgalaryny çap edip berýän merkezleriň onlarçasy bar. Bularyň käbirindäki işgärler bu hyzmatlaryň bes edilmeginiň sebäbini Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri tarapyndan berlen ýörite görkezme, gadagançylyk bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat

MHM-niň ‘işi köpeldi’; raýatlara sosial torlardan daş durmak tabşyrylýar

Arza-şikaýatlaryň göz-görtele köpelmegi

“MHM-niň görkezmesi boýunça ilata döwlet edaralaryna, ministrliklere arza-şikaýatlary peçatlap bermek ýa-da arza ýazmaga ýardam bermeklik gadagan edildi. Biz muny etsek, eklenjimizi ýitireris. Sebäbi MHM işgärleri bu hyzmaty hödürlän merkezleriň, resmi patentleriniň, rugsatnamalarynyň bardygyny garamazdan, ýapyljakdygyny duýdurdylar” diýip, paýtagtda bu hyzmatlary hödürlän merkezleriň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Paýtagtdaky şeýle merkezleriň ýene biriniň işgäri bolsa, anonimlik şertinde beren maglumatynda MHM işgärleriniň özlerine ýiti haýbat atyp, dürli gorkuzmalara sezewar edendiklerini hem gürrüň berdi.

Birnäçe merkeziň biri-birinden habarsyz işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, gadagançylyk ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagynyň we ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagynyň arasynda raýatlaryň häkimiýetlere ýazýan arza-şikaýatlarynyň göz-görtele köpelmegi bilen baglanyşykly.

“Soňky aýlarda raýatlaryň öz düşen kyn ýagdaýlaryndan, şol sanda işsizlikden, gymmatçylykdan, ýerli häkimiýetleriň öz arzlaryny çözüp bermezlikden şikaýat edip, Türkmenistanyň Adalat ministrligine, Baş prokuraturasyna, prezidentiniň adyna ýazylýan arzalar köpeldi. Köpüsi elde ýazylan şol arzalary kompýuterde çapdan çykaryp berýärdik ýa-da olaryň nusgalaryny çap edip berýärdik” diýip, paýtagtdaky merkezleriň ýene biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Paýtagtlylaryň ençemesi adamlaryň aglabasynyň öýünde kompýuteriniň ýa-da printeriniň ýokdugyny aýdyp, häkimiýetleriň gadagançylygyny “ilaty sem etmegiň nobatdaky çäresi” atlandyrýar.

“Meni hiç ýerde agzamaweri”

“Ýöne gadagançylyk köp adamy sem edip bilmeýär. Arzalary peçat etdirip bilmeýän adamlar öýlerinde kompýuter we printeri bolan tanyşlaryna ýa-da garyndaşlaryna, ýa-da tanyşynyň tanyşyna ýüzlenip, arzany çapdan çykaryp bermegi haýyş edýärler. Ýöne olar ‘meni hiç ýerde agzamaweri’ diýip berk tabşyrýarlar. Ilat hökümetiň çar tarapdan gysyşyna örän gaharly bolsa-da, häzirlikçe nägileliklerini dymyp, gaharyny ýuwutmaly bolýar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň degişli häkimiýetlerinden teswir almak başartmady. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem gürrüň gozgalmaýar.

Degişli maglumat

Ýerli synçy: Onlaýn ýüzlenmeler raýatlaryň ýerlerde adalat tapmak kynçylygyny görkezýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş, azyk gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň häkimiýetlere nägileliginiň we arza-şikaýatlarynyň artýandygy barada Azatlygyň habarçylary hem şu ýylyň dowamynda ençeme gezek maglumat berdiler.

Olaryň arasynda welaýat ýaşaýjylarynyň ýerli häkimlikleriň öňünde nägilelik protestini geçirendigi, arzyny eşitdirmek üçin welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänleriň köpelýändigi, Balkan welaýatynda raýatlaryň açyk şikaýat wideolarynyň artmagynyň arasynda, MHM-niň olara basyşy güýçlendirýändigi baradaky maglumatlar bar.

Galyberse-de, paýtagtyň çap merkezlerindäki gadagançylyk, Lebap welaýatynda raýatlara sosial torlardan daş durmagyň tabşyrylýandygy baradaky maglumatlar bilen utgaşdy.

Türkmenabatda saglyk, bilim işgärlerine VPN ulanmazlyk, TikTok, YouTube we Instagram ýaly sosial torlara girmezlik barada duýduryş berildi, hökümeti tankytlaýan kanallara ýazylmagyň we olaryň maglumatlaryna “laýk” basmagyň raýatlary “derde salyp biljekdigi” aýdyldy diýip, Lebapdaky habarçymyz 20-nji oktýabrda aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler ýurtdaky hususy adwokatlar merkezlerine, çaphanalara we surathanalara raýatlaryň prezidentiň we onuň kakasynyň adyna ýazýan islendik görnüşdäki hatlaryny çap edip bermezligi mundan ozal hem gadagan edipdi. Geçen ýylyň fewralynda Balkandaky ýaşaýjylar şeýle gadagançylygyň ilatyň öz arz-şikaýatlaryny, nägileliklerini ýurt ýolbaşçylaryna ýetirmek mümkinçiligini nobatdaky gezek çäklendirýändigini aýdypdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.