Okuw möwsüminiň başlanmagy bilen, Aşgabat aeroportunda ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar köpeldi

Aşgabadyň aeroportunda ýaşaýjylar we polisiýa işgärleri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýaşlaryň köpçülikleýin daşary ýurtlara okamaga gidýän möwsüminiň başlanmagy bilen, Aşgabadyň aeroportunda türkmen raýatlarynyň daşary döwletlere uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlylaryň ençemesi diňe “bolanok” diýlen düşündiriş bilen çäklenýän bu çäreleri “häkimiýetleriň öz jübülerini doldurmak we raýatlaryň daşary ýurtlara akymynyň öňüni almak tagallalary” atlandyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.

“Indi 10 gün bäri Lebap, Balkan, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan bolan ýaş gyzlaryň we oglanlaryň her gün onlarçasyny uçardan alyp galýarlar. Bu ýaşlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okuw girip, şu ýylyň sentýabrynda okuwa başlamaly ýaşlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aeroportdaky çeşmämiz aýtdy.

Uçara goýberilmedik türkmenistanlylaryň arasynda Russiýa, Germaniýanyň Frankfurt şäherine we Türkiýäniň Stambul şäherine uçmaly ýaşlar bar.

Degişli maglumat

Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurda barýan türkmenistanlylaryň 20-ä golaýy uçara goýberilmedi

Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaply, daşoguzly, balkanly we maryly ýaşlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, aeroportdaky migrasiýa we gümrük resmileri dürli bahalara salgylanyp, olaryň uçara goýberilmejekdigini aýdýarlar.

"Biz sizi goýberip bilmeýäris", "bolanok"

“Migrasýa gullugy ýeke-ýekeden sorag edip başlady. Menden başga-da, okuwa barýan 25 töweregi oglan-gyz bardy. Ähli resminamalarymyzyň bardygyna garamazdan, ‘sizler okuw bahanasy bilen Türkiýä işlemäge barýaňyz, biz sizleri goýberip bilmeýäris’ diýip, resminamalarymyzy bermän tas bir sagat garaşdyrdylar” diýip, uçara goýberilmedik maryly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, migrasiýa we gümrük resmileri bu çäreleriniň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş ýa-da resmi hat bermediler. Olar diňe dilden “bolanok” diýmek bilen çäklendiler.

Şol bir wagtda aeroport resmileri, söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, 300-500 dollar möçberinde para beren ýaşlary uçara goýberip, olaryň daşary ýurtlara uçmagyna rugsat berýärler.

“Daşary ýurda barýan talyp gyzlaryň biri ýanymyza gelip, ‘500 dollar para berseň goýberýän ekenler, men parany berip geçip barýaryn’ diýdi. Men migrasiýa ofiserine ýanymda 150 dollarym bar diýdim. Ol maňa gönümel ‘Stambula 500-den bärde bolmaýar. 500 dollary tapyp gaýtadan geliň’ diýip, meni we para bermedik 20-ä golaý maryly, lebaply we balkanly ýaşlary çykaryp goýberdiler” diýip, balkanly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde beren maglumatynda başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Azatlykda bu wakalaryň anyk haýsy günlerde we uçar reýslerinde bolandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Uçara goýberilmedik ýaşlaryň ençemesi uçar biletleriniň köýendigini aýdyp, häzirki wagtda ene-atalaryň käbirleriniň göterimine pul karz alyp, täzeden bilet satyn almaga hem-de resmileriniň soraýan parasyny bermäge taýýarlanýandygyny aýdýar.

“Daşary ýurda okuwa gitmek üçin resminamalary taýýarlamak, şol sanda biometriki pasporty almak we uçar biletlerini satyn almak üçin hem para berdik. Indem resmiler studenleriň daşary ýurtlara okuw möwsüminden öz jübülerini doldurmak üçin peýdalanýarlar. Ýurtda hemme zat para, muňa ýurt ýolbaşçylary sebäpkär” diýip, maryly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

"Ilatyň daşary ýurtlara akymynyň öňüni almak..."

Galyberse-de, söhbetdeşlerimiz we ýerli synçylaryň ençemesi häzirki wagtda soralýan parany bermäge we täzeden bilet satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň sanynyň hem sanardan köpdügini aýdýarlar.

Degişli maglumat

'Ýiti' esger ýetmezçiligi harbylara synag otaglarynyň ‘gapysyny garawulladýar’

“Häkimiýetler bu ýagdaýlary bilip, raýatlary köpçülikleýin uçara goýbermeýärler. Köp adamyň gaýtadan bilet almaga synanyşmajakdygyny bilýärler. Häkimiýetler şeýdip, ýurt ilatynyň daşary ýurtlara akymynyň öňüni almaga synanyşýarlar” diýip, ýagdaýlara syn edýän balkanly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokardan beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň aeroportundan we ýurduň Migrasiýa we Gümrük gulluklaryndan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 20-nji awgustda bu edaralaryň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Adatça bolşy ýaly bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem aç-açan gürrüň gozgalyp, ilat köpçüligine habar berilmeýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlara barýan türkmen raýatlarynyň, şol sanda talyplaryň köpçülikleýin uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar soňky ýyllarda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar türkmen ýaşlarynyň köpçülikleýin okuwa gidýän möwsüminde, hususan-da, tomus paslynyň ahyrynda we ýanwar-fewral aýlarynda güýçlenýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugaty bu ýagdaýlar we sebäpleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýöne ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň bu çärelerini, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we esger ýetmezçiliginiň arasynda, daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň sanyny çäklendirmek tagallalary atlandyryp gelýär.

Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň we Türkiýäniň ÝOJ-larynda bilim alýar. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, olaryň köpüsi daşary ýurtlarda okaýan döwri işläp, gazanç hem edýär. Olaryň arasynda okuwy tamamlap, şol ýurtda köp ýyllaryň dowamynda galyp, zähmet çekýänler hem bar.

Degişli maglumat

Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmedik türkmen raýaty öz janyna kast etmäge synanyşdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.