Pagtaçylykdaky mejbury zähmet jemgyýetçilik ulaglary hyzmatyna 'zarba urýar'

Awtobus duralgasynda 'ýola göz dikýän' ýolagçylar. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleri pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmetiň umumy halka, ýurt ykdysadyýetiniň beýleki ugurlarynda işleýän raýatlaryň işine we durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsirini has ulaldyp, döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik ulaglary hyzmatyna ‘agyr zarba urýarlar’ diýip, çeşmeler habar berýär. Bu maglumat şu ýyl Balkan welaýatynyň pagta borçnamasynyň beýleki welaýatlarda ýygnalan pagtanyň hasabyna doldurylmak ähtimallygy baradaky habar bilen utgaşýar.

Azatlyk Balkan sebitiniň pagta borçnamasy barada ýokardan berlendigi aýdylýan 'gizlin tabşyrygy' resmi ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.

Awtobuslar gatnawlary 'wagtlaýyn togtadyldy'

Pagta ýygymynyň başlanmagy we mejbury zähmetiň býujet işgärlerinden pul ýygnamak görnüşinde ‘gyssanmaç’ öňe çykmagy bilen, döwlet eýeçiligindäki ulaglaryň ilatyň galan böleginden alnyp, pagtaçylara geçirilmegi, aýdylmagyna görä, Balkan sebitinde köp adama ýaramady.

Degişli maglumat

Balkanda pagtaçylykdaky mejbury zähmet 'ir başlandy', ulag eýeleri 'mugt işleýär'


“Balkanabatdan etraplara gatnaýan döwlet minibuslary we awtobuslar, şäher içindäki awtobuslar, Türkmenbaşy şäherinden Gyzylarbada we Balkanabat şäherine gatnaýan awtobuslar wagtlaýyn ilata hyzmat etmegini togtatdy” diýip, habarçymyz çeşmelere salgylanyp ýazdy.

“Beýleki ugurlara gatnaýan ulaglar, 7, 9, 6, 10,15, 25, 3, 2 belgili, şäher içinde gatnaýan awtobuslaryň jemi wagtlaýyn ilata hyzmat etmegini togtatdy we ählisi mejbury pagta ýygymyna ugradyldy, sürüjiler býujetçileri gatnatmaga borçly edildi” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşyda we Balkanabat şäherinde işleýän, etrap aralygyna gatnaýan taksiler eýýäm bir hepde bäri nyrhlaryny ýokarlandyrýar we şu aralykda duralgalarda ulaga garaşýan, işe, mekdebe gijä galýan adamlar, çagalar köpeldi.

Awtobus, minibus awtoparkynda işleýän resminiň tassyklamagyna görä, Balkan welaýatyna şu ýyl ýokardan, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli, pagta borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirmek we prezidenti begendirmek tabşyryldy.

Azatlyk bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, bol hasylyň ýetişdirilendigini, indiki maksadyň 1 million 400 müň tonna ak pagtany ýygmakdan ybaratdygyny belleýär.

Esgerler pagta 'çadyrlary bilen ugradyldy'

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Lebap welaýatynda pagtaçylar geçen ýazda jemi 130 müň gektar meýdana gowaça ekdiler, Balkan welaýatynda bolsa 13 müň gektar ýere gowaça ekildi. Şeýlelikde, Balkanly pagtaçylaryň şu ýyl 16 müň tonna pagta öndürmegine garaşylýar.

Balkan welaýatynyň pagta borçnamasy beýleki welaýatlara garanda ençeme esse az bolup, çeşmäniň aýtmagyna görä, degişli ýolbaşçylar bu ýagdaýdan özleriçe ‘peýdalanmakçy bolýarlar’.

“Günbatar welaýat pagta borçnamasyny ýerine ýetirdi diýen hoş habarly bolup, ýubileý senesinde prezidente sowgatly baryp, iş görkezmekçi bolýarlar. Şol sebäpli sentýabryň başyndan ýygymçylaryň sanyny artdyryp, ähli pudagyň işgärleriniň öz deregine hakyna adam tutmagy tabşyryldy. Hatda deňizçi esgerlere çenli, Bereket, Magtymguly we Gyzylarbat etraplarynyň pagta meýdanlaryna, çadyrlary bilen ugradyldy” diýip, çeşme aýtdy.

Degişli maglumat

Pagta ýygymy başlanýar, býujet işgärleri hakyna 'ýatymlyk ýygymçy tutmaly'


Azatlyk bu maglumaty Goranmak ministrliginiň resmileri bilen gürleşip, resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär. Ýöne, öňki ýyllaryň tejribesinden çen tutulsa, esgerleriň pagta ýygymyna, otaga ugradylmagy täzelik däl.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat Lebapda her düýp gowaçada eýýäm 6 sany açylan gozanyň, 10 — 12 köregiň we 8 — 10 gülüň bardygyny aýdyp, bu ýylyň hem daýhana bereket eçiljekdigini öňe sürýär.

Ýöne Balkandaky, beýleki sebitlerdäki hasylyň ýagdaýy hakynda beýle maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, azyndan birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, häzir beýleki welaýatlarda täze ýygylan pagtalaryň ýüzlerçe tonnasy günde Balkanyň pagta kabul ediş harmanhanalaryna getirilýär.

Anonimlik şertinde gürleşen hünärmen beýleki welaýatlardan getirilýän pagtalaryň Balkan welaýatyna karz görnüşinde berilýändigini aýtdy.

Günbatar welaýat Garaşsyzlyk gününe gabat döwlet öňündäki borçnamasyny ýerine ýetireninden soň, beýleki welaýatlardan alan pagtasyny yzyna bermeli diýip, bu aýdylýany ikinji çeşme hem tassyk etdi.

Balkanda häkimiýetleriň 'Ahalda oýnan oýny' gaýtalanýarmy?

Ady redaksiýada saklanýan gyzylarbatly agronom ‘bu bolýan zatlara güljegiňi-de, aglajagyňy hem bilip bolanok’ diýdi.

“Öň beýle zadyň bolanyny bilemok. Ýöne Gurbanguly prezident bolanyndan soň her dürli ýagdaýlara şaýat bolduk. Serdar Berdimuhamedow Ahala häkim bolan döwründe, prezidentiň ogly ilkinji bolup pagta borçnamasyn ýerine ýetirdi. Şonda hem beýleki welaýatlarda ýygnalan pagtalary Ahala beripdiler. Indi, prezidente sowgat diýip, Balkan welaýatyna pagta getirip başladylar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen metbugaty geçen ýylyň aýagynda Balkan welaýatynyň pagta borçnamasyny ýerine ýetirendigini habar berdi, ýöne ýygnalan pagtanyň möçberini aýtmady.

Synçylar borçnamalaryň ýerine ýetirilendigi barada berilýän resmi habarlaryň ýerli ilatda köplenç ynamsyzlyk döredýändigini, sebäbi pagtaçylykdan gowy gazanç edendigini aýdýan daýhanlara duşmagyň gaty kyndygyny, daýhançylygy taşlap, zähmet migrasiýasyna gidýän adamlaryň ýyl-ýyldan köpelýändigini öňe sürýärler.

Degişli maglumat

Hukuk goraýjylar Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury zähmet boýunça 2024-nji ýyl üçin hasabat çap etdiler


Pagtaçylykdaky mejbury zähmetiň ‘has beterlemegi’, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, uly şäherlerde ýol tölegleriniň bahasynyň ‘düýpli ýokarlanmagyna’ getirýär.

“Şäher içi hususy taksiler 5 manatdan 10 manada çykdy, uzak aralyga, 3 km töweregi menzile 20 manat soraýarlar. Ozal 60 manat bolan Türkmenbaşy, Balkanabat ugurlary 120 manat, 200 km çemesi aralyga, Gyzylarbada adam başyna 200, 220 manat soraýarlar. Ýöne şu nyrhlarda hem taksi tapmak kyn. Awtobuslaryň aýrylmagy talaplaryň gaty artmagyna getirdi, ýolda adam kän. Okuwa işe gatnaýanlar erbet kösenýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda jemgyýetçilik transporty umuman döwlet eýeçiliginde saklanyp, bu ugurdaky hususyýetçilik tagallalary yzygiderli gysylýar we ilata hyzmat edýän uly hususy kärhanalaryň döremegine ýol berilmän gelinýär diýip, hünärmenler aýdýar.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda Halkara zähmet guramasy Türkmenistany pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmeti bes etmäge çagyrýar.

Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, pagtaçylykdaky mejbury zähmet netijesinde döreýän kynçylyklar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.