Region görnüşleri #44
Nepalyň Lalitpur meýdanynda ýetişdirilen tüwi hasyly. (Reuters/Naweş Çitrakar)
Kiýewdäki ukrain kadetleri özara söhbet edýärler. (Reuters/Gleb Garaniç)
Öýüni mejbury ýagdaýda terk etmeli bolan yrakly bir gyzjagaz. (Reuters/Goran Tomasewiç)
Yragyň Hassan Şam sebitiniň golaýynda kürtleriň Peşmerga güýçleriniň wekili öýlerini terk etmeli bolan adamlaryň öňünde elini bulaýar. (Reuters/Goran Tomasewiç)
Yrak güýçleriniň Mosuly "Yslam döwleti" toparyndan azat etmek boýunça geçirýän operasiýasy sebäpli öýlerini terk etmeli bolan adamlar Kaýýarahyň golaýynda iýmit alýarlar. (AFP/Bulent Kiliç)
Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde geçirilen bodibilding boýunça bäsleşigiň gatnaşyjysy. (TASS/Anton Butsenko)
Fransiýanyň Kalais şäherinde "Jeňňel" diýlip atlandyrylýan migrantlaryň lageri sökülýär. (epa/Etienne Laurent)
Yragyň hökümet güýçleriniň wekili, Mosulyň günortasyndaky Al-Khuwaýn obasynyň YD söweşijilerinden azat edilmeginden soň, çilim çekýär. (AFP/Ahmad al-Rubaýe)
Al-Khuwaýn obasynyň azat edilmeginden soň yrakly çagalar surata düşmek üçin taýýarlanýarlar. (AFP/Ahmad al-Rubaýe)
Minskde tanklaryň-biatolny bäsleşiginde Belarusyň T-72 tanky bir ulagy ýumurýar. (AFP/Maksim Malinowskiý)