Rus goşunynyň hatarynda Ukrainada söweşýän türkmen raýatlary köpelýär, ukrain resmileri türkmen tarapy bilen gepleşýär

"Men ýaşamak isleýärin" proýektiniň wekili Witaliý Matwienko

Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan urşunda rus goşunynyň düzüminde türkmen raýatlarynyň ýüzlerçesi söweşýär. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň içindäki agyr işsizligiň we iş migrasiýasynyň güýçlenmeginiň arasynda Orsýete gidip, rus goşunyna hakyna tutulýan türkmen raýatlarynyň köpelýändigini, bu işde araçylyk edip, gazanç edýän türkmenistanlylaryň hem peýda bolandygyny habar berýärkä, "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň çap edýän maglumatlarynda agzalan türkmen raýatlarynyň sany hem artýar. Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada proýektiň wekili Witaliý Matwienko bilen söhbetdeş boldy.

Ukraina garşy uruş alyp barýan rus goşunynyň düzüminde azyndan 581 türkmen raýaty söweşýär diýip, "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň" ýolbaşçysy Witaliý Matwienko Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy we bu sanyň şu ýylyň başyna degişlidigini belledi.

"Bize olardan azyndan 61 adamyň wepat bolandygy hem belli boldy" diýip, Matwienko aýtdy. Ol bu sanlaryň Orsýetiň ýaragly güýçlerindäki çeşmelerinden alynýandygyny habar berdi.

Dört ýarym ýyldan gowrak wagtlap dowam edýän uruşda rus esgerleriniň arasyna goşulan Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary söweşe gatnaşýar, ölýär, ýitim bolýar we ýesirlige düşýär.

Degişli maglumat

Rus goşunynyň düzüminde Ukrainada söweşýän türkmen raýatlarynyň sany artýar, öňki harbylar Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýär

Ukrain hökümetiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň şu ýylyň başyndan bäri çap eden maglumatlarynda rus goşunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolan hakyna tutulan esgerleriň sanynyň 12500-den geçendigi habar berlipdi.

Emma Matwienko bu maglumatyň diňe anyklanan adamlara degişli bolup, rus goşunynda daşary ýurtly raýatlaryň, şol sanda türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

"Biziň sanlarymyza düşünmek üçin, bu Orsýetiň daşary ýurtlulary hakyna tutmagyna degişli tassyklanan minimal sanlardyr. Daşary ýurtlaryň raýatlaryny, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryny çekmegiň doly möçberi has köp bolup biler" diýip, Witaliý Matwienko aýtdy.

Proýektiň her ýyl çap edip gelýän sanlaryna görä, Türkmenistanyň rus goşunynyň hataryna goşulan raýatlarynyň sany soňky dört ýylda esli artypdyr.

Matwienko rus goşunyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň "hakyna tutulmagynyň çynlakaý depginini görýäris" diýdi.

Onuň türkmen raýatlaryna degişli agzan sanlaryna görä, rus goşunyna goşulan türkmenistanlylaryň umumy sany, hem-de ýylda täze goşulýan adamlaryň sany ep-esli artypdyr: Orsýetiň Goranmak ministrligi bilen kontrakta gol çeken türkmen raýatlarynyň sany 2023-nji ýylda azyndan 64 adam diýlip hasaba alnypdyr; 2024-nji ýylda 193 adam; 2025-nji ýylda 287 adam.

Türkmen tarapy bilen gepleşik geçirildi

Bu ýagdaý bilen baglylykda ukrain häkimiýetleri geçen ýylyň maý aýynda türkmen tarapyna ýüz tutupdyr.

"2025-nji ýylyň maý aýynda Orsýetiň tarapynda söweşýän türkmen raýatlarynyň sanawy çap edilensoň, [Ukrainanyň] Koordinasion ştabynyň sekretary general Dmitriý Usowyň Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň birinji sekretary Serdar Kakajanow bilen duşuşygy boldy" diýip, Matwienko Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma ukrain resmileri bilen şeýle duşuşyklar we proýektiň her ýyl çap edýän sanlary barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi teswir bolmady. Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda hem şeýle duşuşyk barada resmi habar berilmedi.

"Ýaşamak isleýärin" proýektiň ýolbaşçysy rus goşunynda söweşip, dereksiz ýiten hossarlaryny gözläp, ýüzlenýän daşary ýurtlularyň köpdügini habar berdi. Onuň sözlerine görä, şu günki gün proýekte Türkmenistandan 35 adamyň garyndaşlary ýüz tutupdyr. Ol ýesir düşen hossarlaryny gözleýänlere ýardam üçin "Tapmak isleýärin" ("Hoçu naýti") atly proýektiň döredilendigini habar berdi.

Mundan öň türkmen raýatlarynyň ýesir düşendigi barada habarlar media serişdelerinde çap bolupdy.

Matwienko rus goşunynyň hatarynda ýesir düşen daşary ýurtlularyň Orsýetiň ýaragly güýçleriniň agzasy hasaplanýandygyny, emma olaryň ýanyna öz ýurdunyň ilçihanalarynyň wekilleriniň barmagyna rugsat berilýändigini mälim etdi:

"Harby ýesirler babatynda aýdylanda, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri Ukrainada harby ýesir statusynda ýerleýän öz raýatlarynyň ýanyna halkara gumanitar hukuklaryň göz öňünde tutýan çäklerinde baryp bilýärler".

Matwienko ýesir çalşygy meselesine gezek gelende, türkmen ýesirlerini hem Orsýete, hem-de Türkmenistana tabşyryp boljakdygyny aýtdy.

"Eger-de, çalşyk barada aýdylanda, ukrain tarapy üçin daşary ýurtly ýesiriň haýsy ýurda tabşyrylyp bilinjegi bilen bagly düýpli tapawut ýok, Orsýet bolarmy ýa-da onuň öz ata watany. Biz üçin esasy zat çalşygyň dowamynda rus ýesirliginden ukrain harby ýesirleriniň Ukraina gaýdyp gelmegidir" diýip, Witaliý Matwienko: "Şu wagt Orsýet tarapyndan harby ýesirleriň çalşygynyň çäginde ýesir düşen türkmen raýatyny Orsýete bermek barada teklip bolmady" diýip habar berdi.

Degişli maglumat

'Pul üçin söweşýär'. Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenler barada maglumat köpelýär

Ukrainanyň Goranmak ministrligi we Baş Razwedka müdirligi tarapyndan goldanýan "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň maglumatlarynda Orsýetiň goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşýan daşary ýurtlularyň söweşleriň öň hataryna ugradylýandygyny we olaryň 42% -niň gulluk döwrüniň ilkinji dört aýynda ölýändigi aýdylýar. Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ozal rus goşunyna çagyrylan daşary ýurtlulary söweşe gatnaşmazlyga we dörän ilkinji mümkinçilikde ýesir düşmäge we munuň üçin döredilen proýekte ýüz tutmaga çagyrypdy.

Rus goşuny bilen şertnamany 'çykalga' hasap edýärler

Bu aralykda Türkmenistanda işsizlik zerarly daşary ýurtlara gazanç gözläp gidýän türkmenistanlylaryň arasynda rus goşunyna hakyna tutulmaga isleg bildirýänleriň köpelýändigini habarçylar belleýär.

Azatlygyň Mary we Ahal welaýatlaryndaky habarçylarynyň 8-nji oktýabrda beren maglumatlaryna görä, eklenjiň gözleginde ýurduň daşyna gitmäge mümkinçilik gözleýän käbir raýatlar Orsýete gidip, rus goşunyna hakyna tutulmagy "ýeke-täk eklenç" diýip açyk aýdýarlar. Bu aralykda hossarlary Orsýete gidip, şertnama baglaşan maşgalalar hem bar.

"Meniň adamym we oglum Russiýa döwletine üç aýlyk wiza düzedip gidenine iki ýyl boldy. Olar ilki gaçyp-gizlenip işlediler, soň oglum jaň edip, 'kakam kontrakta gol çekdi, urşa gatnaşmakçy bolýar, ýanynda ýene 15 türkmen bar' diýdi. Indi oglumdanam, adamymdanam habar ýok" diýip, zenan maşgala gürrüň berdi. "Häzir olar dirimi onam bilemzok" diýip, ol sözüne goşdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanlylaryň ýene biri häzir iş gözleginde Türkmenistandan çykan adamlar yzlaryna dolanasy gelmeýär, diýip gürrüň berdi: "Türkmenistana baryp işsiz aç ölenimden, garnym dok öleýin diýip, urşa gitmegi saýlaýarlar".

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky wagtda Orsýete iş üçin gidip, soňra hossarlary bilen habarlaşmaýan adamlaryň sany duýarlykly artýar diýýärler. Olaryň sözlerine görä, çagalary, maşgalasy bilen habarlaşman ýiten adamlar "häzirki gün uruşdadyr" diýen pikirler il içinde ornaşýar.

Degişli maglumat

Ukrain ýesirligine düşen türkmen raýatynyň wideosy türkmen jemgyýetinde seslenme döretdi

"Olaryň hossarlary yzynda patasyny almalymy, almaly dälmi ony hem bilmän, diridir ine basym jaň eder diýip garaşýarlar" diýip, habarçy käbirleriň ýitim bolmagyna bir ýa-da iki ýyl bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň hökümet resmileri we döwlet mediasy türkmen raýatlarynyň Ukrainadaky urşa gatnaşmagyna, ýesir düşmegine ýa-da ýitirim bolmagyna degişli meseläni şu çaka çenli açyk agzamady. Ukrain hökümeti we guramalary tarapyndan çap edilen sanlar barada resmi teswir bermedi. Resmi Aşgabat Ukrainada 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri dowam edýän ganly uruş barada hem resmi pozisiýasyny yglan etmedi. Bu ýagdaý döwlet metbugatynda hem habar berilmeýär.

Şol bir wagtda, türkmen raýatlarynyň Ukrainada söweşýändigi barada media habarlarynyň arasynda Orsýete gitmekçi bolýan türkmenistanlylaryň ýurtdan çykmagy kynlaşdyrylýar, raýatlar sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürilýär. Öňki ofiserleriň biometriki pasportlary ellerinden alynýar. Olara köplenç munuň sebäbi düşündirilmeýär, emma käbir halatlarda olara Orsýetiň Ukraina garşy urşuna gatnaşmazlyk tabşyrylýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi öz raýatlarynyň urşa gatnaşmak üçin hakyna tutulandygy üçin ýedi ýyldan on ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Eger esgeriň uruş döwründe azyndan bir adamy öldürendigi subut edilse, jeza onuň emlägini konfiskasiýa etmek bilen 10 ýyldan 25 ýyla çenli tussaglygy göz öňünde tutýar.

"Ýaşamak isleýärin" proýektiniň awtorlary Merkezi Aziýadaky garyplygy, işsizligi we rus propagandasyny merkezi aziýalylary Ukrainadaky söweşe goşulmaga iterýän esasy sebäpleriň arasynda görkezýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlyklaryna garamazdan, ýurtdaky pes aýlyk haklarynyň we ýokary işsizligiň ýerli ilaty Orsýete gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigi bellenýär.

Degişli maglumat

Çeşmeler: MHM ukrain güýçlerine meýletin pul kömegini beren raýatlary anyklamak çärelerini güýçlendirdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.