Russiýada gyrgyn keseliniň güman edilýän ýagdaýynyň arasynda, Türkmenistan gümrük nokadynda berk karantin düzgünlerini girizdi

Türkmenistanyň gümrük geçelgeleriniň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýtynyň çägindäki – Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky – Garabogaz (ozalky Bekdaş) gümrük nokadynda koronawirus döwründäki ýaly berk karantin düzgünleri girizildi. Gümrük nokadyndan geçýän käbir ýolagçylar Bekdaş karantin zonasyna ýerleşdirilip başlandy.

Türkmen häkimiýetleri bu barada resmi düşündiriş bermeýän mahaly, gümrük nokadyndaky biri-birinden habarsyz çeşmelerimiz munuň Russiýada öýken gyrgynynyň güman edilýän ýagdaýy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Gümrükhanalarda ähli düzgünler kowid-19 döwründäki ýaly edildi. Maska dakynmak, beden gyzgynyny ölçemek ýaly berk düzgünler girizildi. Bu düzgünler diňe gümrük nokadyndan geçýän ýolagçylara, syýahatçylara degişli bolman, eýsem bu ýerdäki gümrük we migrasiýa işgärleriniň ählisine hem degişli” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, çeşmelerimiz şu günler gümrük nokadynda Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ak halat geýip, maska dakynan işgärleriniň, şol sanda lukmanlarynyň sanynyň köpelendigini hem aýtdylar.

Degişli maglumat

ABŞ Russiýada gyrgyn keseliniň güman edilýän ýagdaýyna gözegçilik edýär. Saparlary çäklendirmek çagyryşlary artýar

“Olar dürli bakteriýalara garşy ýörite himiki serişdeler bilen gümrükhanany zyýansyzlandyrmak işlerini geçirýärler. Şeýle-de, olar bu serişdeleri gümrük nokadyndan geçýän ulaglaryň we adamlaryň üstüne hem sepip başladylar” diýip, ýene bir çeşmämiz belledi.

"Käbir ýolagçylar karantin zonasyna ýerleşdirilýär"

Çeşmelerimiz häzirki wagtda welaýatda geçýän halkara çäreler sebäpli, howpsuzlyk maksadynda diýlip, bu gümrük nokadynda iş tertibiniň hem çäklendirilendigini, diňe wizasy dolup ýurda dolanýanlaryň ýa-da ýurtdan gidýänleriň geçmegine rugsat berilýändigini hem aýtdylar.

“6-10-njy oktýabr aralygynda türkmen-gazak serhet geçelgesinden geçýänleriň sany çäkli bolsa-da, olaryň arasynda beden temperaturasy aşa ýokary bolup, şübheli hasaplanylýan ýolagçylarda çuňlaşdyrylan medisina barlaglary, analizleri geçirilýär we Bekdaş karantin zonasyna ýerleşdirilip başlandy” diýip, çeşmämiz belledi.

Bellesek, 8-nji oktýabrda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär.

Ýerli häkimiýetleri gürrüňi edilýän berk karantin çäreleri we olaryň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu barada welaýat häkimliginiň we Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň resmi web sahypalarynda hem hiç bir maglumat göze ilmeýär.

Azatlyk bu barada agzalýan edaralardan, şeýle-de Garabogaz gümrük nokadyndan resmi teswir almaga hem synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy oktýabrda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýöne çeşmelerimiz munuň Russiýada öýken gyrgynynyň güman edilýän ýagdaýy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda bu keselçiligiň bardygy doly tassyk edilmese-de, häkimiýetler Awazadaky çäreler geçenden soň, Türkmenistan biýunça berk karantin düzgünlerini girizmäge taýýarlyk görýärler.

“Hatda daşary ýurtlar bilen uçar gatnawlarynyň hem çäklendirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada gürrüňler bar. Çäklendirmeleriň diňe Gazagystan we Russiýa döwletleriniň çäginden gelýän we bu ýurtlara gidýän raýatlara, ýolagçylara degişli boljakdygy aýdylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Gyrgyn keseliniň güman edilýän ýagdaýy

Russiýada öýken gyrgynynyň güman edilýän ýagdaýy baradaky habarlar Sibiriň Irkutsk sebitinde laboratoriýa işgäriniň aradan çykmagyndan soň peýda bolup başlady.

Sibiriň garaşsyz “Lýudi Baýkala” (“Baýkalyň adamlary”) neşiriniň habar bermegine görä, Gyrgyna garşy göreş institutynyň 28 ýaşly laboranty Darýa Şipilowa 25-nji sentýabrda institutda işleýän mahaly öýken gyrgynyny döredýän bakteriýalar saklanýan synag çüýşesini tötänleýin döwüpdir. Habara görä, ol soňra agyr keselläp, 2-nji oktýabrda aradan çykypdyr.

Rus häkimiýetleri wakanyň şeýle bolandygyny açyk tassyklamadylar.
Russiýada sarp edijileriň hukuklaryna we ilatyň saglygyna gözegçilik edýän “Rospotrebnadzor” gullugy Şipilowa “sebäbi näbelli pnewmoniýa” diagnozynyň goýlandygyny aýtdy. Gulluk onuň işiniň häsiýeti sebäpli goşmaça barlaglaryň geçirilendigini, emma şol barlaglarda onuň işi bilen bagly mikroorganizmleriň ýüze çykarylmandygyny mälim etdi.

Degişli maglumat

Awazada GDA sammiti geçýär

Şol bir wagtda, häkimiýetler ätiýaçlyk çärelerini girizdiler. Şipilowa bilen aragatnaşykda bolan bolmagy mümkin 200 töweregi adam lukmançylyk gözegçiligine alyndy ýa-da beýlekilerden aýry saklanýar. Sebitdäki hassahanalarda hem çäklendirmeler girizildi.

Bu çäreler dürli çaklamalaryň ýaýramagyna sebäp boldy. Rus resmileri ilkibaşda gyrgyn barada açyk aýtmakdan saklandylar. “Rospotrebnadzor” Irkutskde we onuň golaýyndaky Şelehow şäherinde epidemiologik ýagdaýy “durnukly” diýip häsiýetlendirdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda öňüni alyş çäreleri

Bu habarlaryň fonunda, ABŞ-nyň käbir syýasy wekilleri Russiýa bilen aradaky gatnawlary giňden çäklendirmäge çagyrdylar.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu habarlar barada dymýan mahaly, Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan serhet geçelgelerinde öňüni alyş çärelerini we sanitariýa hem-de karantin gözegçiligini güýçlendirdiler.

“Häzirki wagtda ýagdaý Russiýa Federasiýasynyň ygtyýarly edaralarynyň we Bütindünýä Saglyk guramasynyň resmi maglumatlary esasynda yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Hususan-da, diagnozyň laboratoriýa tassyklamasy, infeksiýanyň ýaýramagynyň mümkin çeşmeleri we ýollary, hassanyň hereketleri we olaryň aragatnaşykda bolan adamlary baradaky maglumatlar seljerilýär” diýip, Özbegistanyň Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy we jemgyýetçilik saglygy komiteti 3-nji oktýabrda aýtdy.

Çäreler infeksiýalaryň mümkin bolan importynyň we mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilendir diýlip, özbek komitetiniň beýanatynda bellenýär.

Öýken gyrgyny näme?

Gyrgyn keseline adatça ýabany gemrijileriň we büreleriň arasynda ýaýraýan 'Yersinia pestis' bakteriýasy sebäp bolýar. Keseliň öýken görnüşi öýkenlere täsir edýär we ýakyn aragatnaşyk wagtynda dem alyş ýollaryndan bölünip çykýan damjalar arkaly adamdan adama geçip bilýär.

Kesel çalt agyrlaşyp biler. Emma bejergä haýal etmän başlansa, häzirki zaman antibiotikleri örän täsirli bolup biler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.