Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 45 ýaşyny dolduran güni Aşgabatdaky käbir hususy dükanlarda ýeralma bilen düýp sogan öňki gün bilen deňeşdirilende üç esse arzan satylýar. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysynyň 22-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, satyjylar bir günlük arzanladyşy prezidentiň doglan güni bilen baglanyşdyryp, alyjylary "oňa minnetdar bolmaga" çagyrýarlar.
Habarçynyň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda bir kilogramy 12 manatdan satylan ýeralma ertesi gün 4 manatdan hödürlenýär. Düýp soganyň bir kilogramynyň bahasy bolsa 3 manatdan 1 manada düşürilipdir. Ýeralmanyň her alyja satylýan möçberi çäklendirilýär.
"Bu gün mähriban prezidentimiziň doglan güni. Şoňa minnetdar boluň. Hormatly prezidentimiziň doglan güni mynasybetli, mugtuň bäri ýany azyk harytlary satylýar" diýip, habarçy dükan satyjylarynyň alyjylara aýdýan sözlerini getirýär.
Degişli maglumat
Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýärOnuň aýtmagyna görä, alyjylaryň köpüsi bu sözleri eşitmediksiräp, arzan harytlary satyn alýar. Emma käbirleri şeýle sözlerden nägile bolup, hiç zat satyn alman çykyp gidýär. Habarçy olaryň käbiriniň "Gullyhandan sadaka diýsene" diýip kinaýaly seslenendigini aýdýar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli habarçynyň we maglumatda agzalýan ýaşaýjylaryň şahsyýeti aýan edilmeýär.
Bir günlük arzanladyş azyk gymmatçylygy we üpjünçilik kynçylyklary baradaky habarlaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Azatlyk 14-nji sentýabrda Ahal we Mary welaýatlarynda günebakar ýagynyň gytalandygyny habar berdi. Şonda Ahaldaky alyjylaryň sözlerine görä, bir litr ýagyň bahasy bir günüň dowamynda 20 manatdan 25 manada galypdyr.
Sosýal mediada gutlaglar ýaýradylýar
Bu aralykda, habarçynyň aýtmagyna görä, türkmen teleýaýlymlarynda we adatça döwletiň syýasatyny taryplap çykyş edýän ulanyjylaryň sosial media sahypalarynda prezidentiň doglan güni mynasybetli gutlaglar ýaýradylýar.
Degişli maglumat
Çeşmeler: Bloggerleriň ençemesine G.Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap, wideo çap etmek tabşyryldyDöwlet habarlar agentliginiň 22-nji sentýabrda çap eden gutlagynda öňki prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ogluny türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gutlaýar. Ol Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, "il-halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegini ähli zatdan ileri tutýarsyňyz" diýip ýazýar.
Arzan söwda baradaky maglumat paýtagtda gözegçiligiň güýçlendirilen wagtyna hem gabat gelýär. Habarçy welaýatlardan gelen işçi migrantlaryň we myhmanlaryň polisiýa tarapyndan Aşgabatdan çykarylýandygyny aýdýar. Munuň 23-nji sentýabrdaky Halk Maslahatynyň mejlisiniň we 27-nji sentýabrdaky Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyklar bilen baglydygy bellenilýär.
Türkmenistanda häkimiýet başyndaky ata-ogul Berdimuhamedowlaryň doglan günleriniň köpçülikleýin çäreler bilen bellenmegi we adamlaryň olara mejbury gatnaşdyrylmagy barada öň hem habar berlipdi.
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda, Serdar Berdimuhamedowyň 42 ýaşyny dolduran güni, Azatlygyň Türkmenabatdaky söhbetdeşi döwlet işgärleriniň şol günki konsertlere hökmany gatnaşdyrylýandygyny aýdypdy. Şol habarda käbir sebitleriň Toý mekanlarynda geçirilýän şahsy dabaralarda-da ilki bilen prezidenti we onuň kakasyny taryplaýan çykyşlary etmegiň tabşyrylandygy bellenipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.