Türkiýäniň Stambul şäherinde ýakynda ýagan güýçli ýagşyň yz ýanynda gelen sil suwlarynda Türkmenistanyň bir raýaty heläk boldy. Türk metbugat serişdeleri sil heläkçiliginde dereksiz ýiten türkmen raýatynyň jesediniň Haliçde, ýagny Marmara deňzine açylýan Bosfor bogazynyň başlanýan bölegindäki deňiz suwlarynda tapylandygy habar berýärler.
“Jesediň 30 ýaşly Türkmenistan raýaty Myrat Babajanowyňkydygy anyklandy. Munuň netijesinde, suw joşmasyndan ölenleriň sany 5-e ýetdi we dereksiz ýiten ýene 2 adamy gözlemek işleri dowam edýär” diýip, “Sondakika.com” neşiriniň habarynda bellenilýär.
Degişli maglumat
Balkanda biometriki pasport üçin arzalaryň kabul edilmegi 'wagtlaýyn çäklendirildi'Stambulda 14-nji oktýabrda öýlän ýagyp başlan güýçli ýagyşdan soň, agşamara şähere güýçli sil suwlary geldi. Tebigy hadysada birnäçe adam dereksiz ýitip, binalaryň, dükanlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaglaryň onlarçasyna ýiti zyýan ýetdi.
Türk mediasy Babajanowyň Stambulyň Saryýer Aýazaga sebitinde has güýçli ýagan ýagyşdan soň gelen sil heläkçiliginde ýitirim bolandygyny we wakadan dört gün soň, 18-nji oktýabrda Haliçde, deňiz suwlarynda tapylandygyny habar berýär.
Türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy şäherleriniň biri bolan Stambuldaky sil heläkçiliklerinde ejir çekenleriň arasynda başga türkmenistanlylaryň bolup-bolmandygyny anyklamak başartmady.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsulhanasy bilen habarlaşyp, teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi. Redaksiýamyzyň 23-nji oktýabrda konsulhananyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň web sahypasynda hem türkmen hökümetiniň wekilleriniň Aşgabat, Baku we Jakarta ýaly şäherlerde geçiren duşuşyklary barada habarlar çap edilse-de, konsulhananyň ýerleşýän şäherinde bolan we adam pidalaryna getiren tebigy hadysa barada kelam agyz maglumat berilmeýär. Şeýle-de, onda sil heläkçiliginde wepat bolan türkmen raýaty barada hem hiç hili maglumat göze ilmeýär.
Türkmenistanda 10 ýyl çemesi wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we gymmatçylygyň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasy üçin iň meşhur ýurtlaryň başynda gelýär.
Degişli maglumat
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýarTürkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä zähmet migrasiýasyna, ýaşamaga we okamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany çap etmeýärler.
Türk Migrasiýa gullugynyň şu ýylyň awgust aýynda çap eden maglumatlaryna görä, ýaşamak üçin zerur bolan umumy ýaşaýyş rugsatnamasy esasynda Türkiýede ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda birinji orny Türkmenistanyň raýatlary eýeleýär. Ondan soň degişlilikde Azerbaýjan, Siriýa, Russiýa we Eýran gelýär.
Soňky sanlara laýyklykda, Türkiýede ýaşamaga resmi rugsady bolan türkmen raýatlarynyň sany 198 müň 386 adama barabardyr.
Türkiýede talyp ýaşaýyş rugsatnamasy bilen ýaşaýan daşary ýurtlularyň arasynda hem Türkmenistan birinji orny eýeleýär. Türk migrasiýasy ýurtda 57 müň 482 türkmen talybynyň bilim alýandygyny mälim etdi. Şeýle-de, Türkiýede gysga möhletli we maşgala sebäpli ýaşamak rugsatnamasyny alan türkmenistanlylaryň sany 48 müň 994 adama deňdir.
Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bu ýurtda näresmi görnüşde ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň bu görkezilýän sanlardan hem köpdügini aýdyp, ençeme ýüz müň adama barabardygyny belleýärler.
Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat ne ýurduň içinde, ne-de daşary döwletlerde bolýan tebigy hadysalar we olaryň türkmenistanlylara ýetirýän täsirleri barada maglumat berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.