Synçylar öňki prezidentiň 'režim geljegini alada edýändigini' aýdýarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde, Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, okuw sapagyny geçdi. Bu sapak ilat arasynda dürli pikirleri we soraglary döretdi. Synçylaryň käbiri öňki prezidentiň beren sapagyny ‘propaganda sapagy’ atlandyryp, onuň ‘türkmen režiminiň öz gelejegine bolan ynamynyň belli bir derejede sarsyp başlandygyny görkezendigini’ öňe sürdi.

Öňki prezidentiň sebäbini anyk düşündirmezden beren sapagyna durmuş reallyklary barada oňaýsyz sorag bermejek adamlar, jemgyýetde gowy orun eýeleýän emeldarlar, şol sanda mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşdy diýip, çeşme habar berýär. Şu aralykda sosial ulgamda käbir raýatlaryň, Nyýazow döwründe bolşy ýaly, uly Berdimuhamedowyň elini ogşaýandygy göründi.

Režim 'üzňeligi saklap galmak maksadyny görkezýär’

Sebitlerdäki we paýtagtdaky habarçylarymyz bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň, ýaşlaryň, intellektuallaryň we synçylaryň pikirlerine görä, uly Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaýdan we Orsýetden ykdysady we belli bir derejede syýasy garaşlylygy kemeltmegi, Hazar deňziniň üstünden Ýewropa gaz geçirmegi, TOPH gaz geçirijisi bilen Hindistana we Pakistana gaz geçirmegi maksat edinýändigini belläp, häzirki status kwony, ýagny on ýyllyklaryň dowamynda üýtgemän gelýän diýdimzorlugy, ýapyklygy we üzňeligi saklap galmak maksadyny ‘aýan etdi’.

Degişli maglumat

Ýurduň açylmagy, ulag gatnawlary, wiza hakynda 'gürrüň edýän köpelýär'


Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, türkmen dolandyryjylary häzirki galagoply geosyýasy we ykdysady ýagdaýda hem uzaga çeken ýapyklyk we üzňelik syýasatyndan el çekmegiň pikirini etmeýär.

"Arkadagyň bu çykyşy häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda türkmen häkimiýetleriniň ykdysady meselede gürrüňe we, belli bir derejede, Berdimuhamedowlara makul bolan işlerde gatnaşyga taýýardygyny, emma ol gatnaşygyň özeninde hiç hili institusional, ýagny berk kanuny we halkara hukuk binýadynyň bolmaly däldigini, diňe ýurt ýolbaşçylarynyň göwnüne ýol tapylmalydygy baradaky garaýyşlaryny görkezýär” diýip, uly Berdimuhamedowyň çykyşyny ykdysady, syýasy we sosial tarapdan seljeren ykdysatçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, režim hakyky etsem-goýsamlaryny göni däl-de, gytaklaýyn äşgär edýär.

Bu ýagdaý, anonimlik şertinde gürleşen maryly ykdysatçynyň ynanjyna görä, türkmen režiminiň hatda ykdysady ulgamda-da hiç hili açyklyga we halkara hukuk kadalaryny berjaý etmeklige taýýar däldigini aňladýar.

Gaz söwdasy meseleleri 'hukuk kepilliklerini talap edýär'

Hazar deňziniň üsti bilen Günbatar ýurtlaryna ýa-da TOPH gaz geçirijisi bilen Hindistana we Pakistana gaz ibermek meseleleri türkmen tarapyndan anyklygy, maglumat we ykdysady açyklygy we, minimal derejede bolsa-da, kanuny we hukuk kepilliklerini talap edýär diýip, ykdysatçy aýtdy.

Sosial taýdan sanly ulgam, emeli aň we şunuň ýaly häzirki zaman taglymatlaryny agzamagy gowy görýän Berdimuhamedow, şol bir wagtda özüniň diýdimzor internet senzurasyny berkidip, ýaşlary türkmençilige çagyrmak bilen, olaryň dünýägaraýyşlaryny çäklendirmek, režime gerek bolan pikir darlygyny saklamak tagallasyny edýär.

Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, öňki prezident durmuş reallyklaryny dolulygyna inkär edip, internetden gorkýandygyny tassyklaýar.

“Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir” diýip, Berdimuhamedow sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, ‘öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak’ meselesini gozgaýar we ýaşlaryň öňündäki jogapkärçiligi ýatladýar.

Degişli maglumat

Liderler ölenden soň, awtoritar düzgünde näme ýüze çykýar?


Ýerli taryhçynyň pikirine görä, 2-nji sentýabrda bildirilen aladalar we "akylly jemgyýet " gurmak teklibi köplere mundan takyk 25 ýyl ozal, 2001-nji ýylyň sentýabrynda, birinji prezident Nyýazowyň “Ruhnama” kitabynyň propaganda meýdançasyna çykarylan pursadyny ýatlatdy.

Berdimuhamedowlar 'giçki Nyýazow döwrüni' gaýtalaýarmy?

"Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, Berdimuhamedow paradoksal halda giçki Nyýazowyň döwründäki "adalatly we parasatly baştutan", "türkmençiligiň beýik bilermeni" obrazlaryny gaýtalamakçy bolýana meňzeýär. Onuň pensiýalar we aýlyk haklary meselesinde geçen ýyl etdiren teklibi hem režimiň giçki Nyýazowyň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklaryna uçrandygyny yşarat edýär. Aýdylyşy ýaly, taryh birinji gezek tragediýa hökmünde, ikinji gezek fars hökmünde gaýtalanýar. Giçki Nyýazowyň döwrüni gaýtalamak režim üçin diňe uly ile gülki bolmagy we halkda döreýän närazylygyň öňünde çäresiz galmagy aňladýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen taryhçy aýtdy.

Uly Berdimuhamedowyň birden, gyssanan ýaly bolup beren propaganda sapagy, aşgabatly intelligensiýa wekiliniň pikirine görä, ýaşlaryň we ilatyň ünsüni ýetip gelýän Halk maslahatyndan we onda kabul edilmegine garaşylýan negatiw çözgütlerden sowmak maksadyndan ugur alnyp taýýarlandy.

"Bu bir üns sowmak oýny. Sebäbi, adamlaryň aglabasy häzir ýetip gelýän Halk maslahatynyň mejlisinde ediljek teklipleriň halka nähili zarba urjakdygy barada pikirlenýär we oturan-turan ýerlerinde öz oý-pikirlerini paýlaşýarlar. Şol sebäpli, ilatyň nägileligini we tankydy reaksiýasyny başga bir tarapa öwürmek üçin, Halk maslahatynyň başlygy boş propaganda sapagyny geçirmekden başga çykalga tapyp bilmändir" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň, ýaşlaryň birnäçesi uly Berdimuhamedowyň çykyşyny diňlemändigini, türkmen häkimiýetlerinden hiç hili oňyn özgerişlige garaşmaýandygyny aýtdy.

'Dogruçyllyk baradaky gürrüňe geň galdym'

Bu çykyşy diňlän magaryf işgäri onda ýagşylyk, dogruçyllyk barada edilen gürrüňlere geň galandygyny belledi.

"Arkadag öz nutugynda ýagşylyk barada, dogruçyllyk, geçirimlilik barada köp durup geçdi. Ýöne şol ýagşylygyň ilki özüniň saklap duran diýdimzor režiminde ýoklugyny mert bolup, ynsaply we wyždanly milli lider hökmünde boýun alyp bilenok. Ýagşylygy bar hökümet pensionerleriň ujypsyzja pensiýasyna göz dikdirmezdi, raýatlary açlyk, garyplyk, çäre we pagta gulçulygynda saklamazdy” diýip, paýtagtly magaryf işgäri aýtdy.

Degişli maglumat

Alaçsyzlyk medeniýeti: "Arkaç" operasy ýurtdan aýrylanlaryň agyr ykbalyna ‘ünsi çekýär’


Onuň sözlerine görä, ýaşlara bilimli bolmagy ündeýän milli lider olaryň daşary ýurt ÝOJ-laryna okuwa girmegine berk çäklendirme girizýär, olaryň ene-atalaryndan aljak pullaryny gysgaldýar, dünýä göz edip, internet we aragatnaşyk mümkinçiliklerini kemeldýär.

3-nji sentýabrda, sapakdan bir gün soň, Bilim ministrliginde bu sapagyň ähmiýetine bagyşlanyp geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar, TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedowyň okuw sapagynyň tutuş jemgyýetde ‘uly ruhubelentlik we joşgun döredendigini buýsanç bilen bellediler’.

Şu aralykda, 6-njy sentýabrda Serdar Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgy çap edildi. Bu goşguda, belki-de türkmenistanlylaryň häzirki durmuş-ýaşaýyşlary nazarda tutulyp, “Halkyň göwni bolup gülleýär zaman” diýilýär.

Emma Azatlyk Halk maslahatynyň web sahypasynda görkezilen aragatnaşyk belgilerini ulanyp, Halk maslahatynyň nobatdaky maslahatynda kabul ediljek kararlar barada edilýän aladalar, Berdimuhamedowyň beren sapagynyň ýerli synçylarda döreden pikirleri we soraglary barada resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.