Türkmen häkimiýetleri ilatyň Eýran baradaky pikir alyşmalaryny "çäklendirmäge synanyşýar"

"Resmiler ‘belki uruş gutarar, belki şonda kartoşka ýene arzan bolar' diýýärler" (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň arasynda goňşy Eýranda barýan uruş boýunça pikir alyşmalary çäklendirmäge, şeýle-de bu ýurduň öldürilen syýasy we ruhy lideri barada negatiw pikirleriň öňüni alyp, özleriniň öňe sürýän oňaýly garaýyşlaryny ilerletmäge synanyşýar.

Soňky birnäçe gün bäri Balkanda häkimligiň, kanun goraýjy we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň ýolbaşçylygyndaky şeýle mazmunly ýygnaklar býujçetçiler, okuwçy-talyplar, harbylar dagy bilen geçirilýär.

Mundan başga, resmiler ýurduň günorta goňşusy bilen serhetleriň ýapylmagy netijesinde azyk we hojalyk harytlaryň bahalarynyň ýiti ýokarlanmagy bilen bagly artýan howatyrlary-da, ‘gaýrat ediň, ähli zat gowy bolar’ diýen mazmunly gürrüňler bilen gowşatmaga çalyşýar.

“Ysraýylyň we ABŞ-nyň Eýrana edýän hüjümleri bilen bagly wideolar [sosial mediada] öňünizden çyksa olara laýk goýmaň, teswir ýazmaň, umuman, asla tomaşa etmäň” diýip, anonim gürleşen söhbetdeşimiz 2-nji martda Balkanabatdaky şeýle ýygnaga gatnaşan resmileriň biriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Türkmenistanyň döwletiň berk gözegçiligindäki mediasy Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň 28-nji fewralda goňşy Eýrana uran howa zarbalary we munuň bilen bagly ýagdaýlary asla beýan etmeýärler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2-nji martda metbugat serişdeleri üçin maglumat çap edip, soňky ýagdaýlar bilen baglylykda “aladalanma” bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Eýrana 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl güýçleri tarapyndan urlan zarbalar we şondan bäri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolup geçýän wakalar agzalmady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasyndan diňe ozalky prezident, häzirki Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitdäki soňky ýagdaýlara gytaklaýyn degip, 2-nji martda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna syýasy lider Aýatolla Hameneýiň, ABŞ we Ysraýyl zarbalary wagtynda öldürilmegi bilen baglylykda gynanç hatyny iberdi. Habarda goňşy ýurduň lideriniň "biwagt aradan çykandygy" ýaňzydylyp, beýleki jikme-jiklikler agzalmady.

"Arkadagyň ýakyn dosty"

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň Eýrandaky ýagdaýlar bilen baglylykda söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň arasyndaky pikirler dürli-dürli bolup, bu habara begenýänler hem, alada edýänler hem bar.

Pikirini aýdan adamlar golaýda Eýranda bolan protestler wagtynda, eýran ýolbaşçylarynyň buýrugy esasynda, müňlerçe adamyň öldürilendigine ünsi çekip, bu ýagdaýyň özlerinde ‘eýran diktatory Aýatolla Hameniýä bolan ýigrenji güýçlendirendigini, häzirki internet döwründe beýle jenaýatlary gizlemegiň mümkin däldigini’ belläpdiler.

Anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşaýjynyň ynanjyna görä, Eýranda "tizräk täze, halk bähbidin öz bähbidinden ileri hasaplaýan hökümet gurulsa, hem Eýrana, hem goňşularyna bähbitli bolardy".

Türkmen häkimiýetleri ilatyň mejbury gatnaşdyrylýan ýygnaklarynda bu mazmunly gürrüňleriň hem ‘kabul ederliksizdigini’ beýan edipdir.

Degişli maglumat Uly Berdimuhamedow Eýranyň prezidentine gynanç bildirdi

“Resmileriň biri: ‘Eýranyň öldürilen lideri Ali Hameneýiň ölümine begenmäň, ol Arkadagymyzyň ýakyn dostudy, oňat goňşuçylyk we söwda gatnaşygymyz bardy’ diýdi. Soňra-da türkmenleriň arasynda Amerikany goldap teswir ýazýanlaryň köp göze ilýändigini, beýtmeli däldigini aýtdy. Ol Amerikanyň bize ýakyn däldigini, iň soňunda ýene-de goňşymyz bilen galmaly boljakdygymyzy aýtdy” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Resmileriň ýene biri sosial media ulanjylarynyň käbiriniň goňşy Eýranyň asmanyndaky raketalary wideo alyp paýlaşýandygyny, munuň gadagandygyny duýdurypdyr. Ol jikme-jiklikleri getirmän, munuň ‘döwletiň bähbitlerine ters gelýändigini’, şeýle raýatlaryň käbiriniň ‘ýüze çykarylandygyny we MHM edaralarynda olar bilen düşündiriş işleriniň geçirilýändigini’ aýdypdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Eýran bilen serhet geçelgelerini ýapmagy netijesinde, ýurduň bazarlarynda ozal Eýrandan köpçülikleýin getirilen azyk we senagat önümleriniň bahalary hem dowamly artýar. Ýurduň tas ähli künjegindäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz nyrhalaryň birnäçe günüň dowamynda telim esse galandygyny, adamlaryň ýagdaýlaryň ‘has-da ýaramazlaşmagyndan’ alada galýandyklaryny belleýärler.

Degişli maglumat Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapdy, ýurtda azyk bahalary galýar

“Eýran serhedinden gelmeli ýükleriň saklanmagy sebäpli, bahalar dowamly galýar. Meselem halkyñ halap alýan eýran kartoşkasy 7 manatdan 10-a çykdy. Süyji kökeleriñ hersi 10 manat gymmatlady, eýran sary ýagynyň 5 litri ozal 150 manat bolan bolsa, edil şu günki günde 200 manada bardy. Himiýa, arassaçylyk serişdeleriñ hem ählisiniñ nyrhlary 5 manada golaý ýokarlandy. Telekeçiler we söwdagärler eýran harytlaryny lomaý satmagyny bes etdiler” diýip, ahally ýaşaýjylaryň biri 4-nji martda öz sebitindäki ýagdaýlary beýan etdi.

“Ýygnakda resmiler barha aladalanýan adamlary köşeşdirmäge synanyşdylar. Olar häzir azyk boýunça Gazagystan we Russiýa bilen gepleşikleriň geçirilýändigini, belki Azerbaýjandan hem ýagyň gelmeginiň mümkindigini aýtdylar. Anyk hiç zat ýok. ‘Belki uruş gutarar, belki şonda kartoşka ýene arzan bolar. Gaýrat ediň, ähli zat gowy bolar' diýýärler” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Tranzit geçelgesi

Bu aralykda, Türkmenistan Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz tranzitini üpjün etmek üçin serhetlerini açdy diýip, 3-nji martda News Central Asia portaly habar berdi. Maglumata görä, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň goldawy bilen Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Günorta Koreýanyň diplomatik wekilhanalary öz ýurtlarynyň raýatlaryny çykarmak boýunça işleri geçirdiler.

Mundan öň, Türkmenistanyň Eýrandan çykjak adamlar üçin ýene-de dört serhet geçelgesiniň işini dikeldendigi barada habar çykdy.

Şeýlelikde, öň işläp duran "Sarahs" geçelgesinden başga "Artyk - Lütfabad", "Howdan -Bajgyran", "Akýaýla - Inçeburun", "Altyn Asyr - Inçeburun" serhet geçelgeleri Eýrandan çykmak mümkinçiligini berer.

Türkmenistan Eýranda galan öz raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagy barada hiç resmi maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.