Türkmen jemgyýetinde 'üzňelikden durmuş reallyklaryna dolanmaga' isleg artýar

Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny berk gözegçilikde saklaýan we ykdysady problemalary agzamaýan hökümet şu ýyl döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belledi.

Türkmenistanda geçen hepde geçirilen GDA sammiti ýurda regional we halkara derejesinde ünsi çekdi. Emma bu syýasy waka ýurduň içinde hem ünssüz galmady. Türkmen ýolbaşçylary şeýle duşuşyklar bilen ýurduň halkara derejesindäki ähmiýetiniň artýandygyny yglan edýärkä, adaty raýatlar ýurduň içindäki şertler: daşky dünýäden üzňelik, berk gözegçilik, syýasy-ykdysady durgunlylyk we ilatyň sosial goragsyzlygy ýaly problemalar barada pikir alyşýarlar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar bu wakanyň öz durmuşyna ýene bir gezek göz aýlamaga itergi berendigini gürrüň berdiler.

"Geçirilen sammitiň fonunda türkmen jemgyýetçiligi Berdimuhamedowlardan açyklygy, dünýädäki we Eýrandaky harby gapma-garşylyklary göz öňünde tutup, goňşy Merkezi Aziýa döwletleri bilen hakyky we ysnyşykly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmagy isleýärler" diýip, türkmenistanly intelligensiýa wekili aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Eýranda bir ýyla golaý wagtlap syýasy prosesler we ýurduň daşyndaky halkara dartgynlylygy barada şu çaka çenli açyk resmi reaksiýa bildirmän gelýärler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolup, öz pikirini paýlaşmak islänleriň arasynda pedagoglaryň, ýagny paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda işleýän mugallymlaryň, studentleriň, syýasy we ykdysady synçylaryň, şeýle-de telekeçileriň we resmileriň birnäçesi bar. Olar paýtagtyň ylym ojaklarynda ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyga we açyklyga, akademiki erkinlige bolan teşneligiň soňky geçirilen sammitleriň fonunda has artandygyny bellediler we "türkmen häkimiýetleriniň ahyrsoňy onlarça ýyla çeken üzňelikden durmuş reallyklaryna dolanyp gelmegi möhüm" diýen pikiri orta atdylar.

Degişli maglumat

Awazada Hazaryň suwunyň azalmagy boýunça bilelikdäki komissiýa döretmek ylalaşyldy

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi 9-njy oktýabrda Awazada Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga guramanyň agzalary Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Ermenistanyň ýolbaşçylary we myhman hökmünde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian hem gatnaşdy. Eýranyň daşyndaky halkara dartgynlylygyň we Russiýa bilen Ermenistanyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň fonunda geçirilen sammitiň çäginde käbirler ýurt liderleriniň arasynda iki we üç taraplaýyň duşuşyklar hem geçirildi.

Aşgabatly synçy halkara gatnaşyklarynyň möhüm platformasyna öwrülmäge synanyşýan ýurduň öz içerki syýasy durgunlylygynyň uly kontrast döredýändigini belledi: "Eýýäm 21-nji asyryň ikinji çärýegi dowam edýär, emma türkmen häkimiýetleri häli-şindi 1999-njy ýyldan bäri üýtgewsiz gelýän berk wiza düzgünini, daşarky dünýä bilen hakyky ykdysady, ynsanperwer we medeni gatnaşyklary çäkli ýagdaýda saklamagy dowam etdirýärler. Bu bolsa häzirki döwrüň çylşyrymly geosyýasy we ykdysady reallyklaryna düýpden gabat gelmeýär".

Aşgabatly professor özgerişlikleriň zerurlygyny "Gurbanguly Berdimuhamedowyň boýun alasy gelmese, prezident Serdar Berdimuhamedowyň boýun almagy hökman" diýip, "Onuň syýasy erk tapmakdan başga çykalgasy galmady " diýen pikirini beýan etdi.

Habarçymyza interwýu beren taryhçy bolsa, häzirki wagtda bolup geçýän wakalary "türkmen döwletiniň taryhyndaky öwrüm nokady " diýip atlandyrdy. Ol garaşsyzlygynyň 35-nji ýyllyk döwründe halkara proseslerinden çetde durmagy saýlan ýurduň öz içerki ýagdaýyna hem başgaça çemeleşmäge zerurlygyň dörändigini, jemgyýetiň barha güýçlenýän reaksiýasynyň muny subut edýändigini belledi.

'Adaty raýatlar problemalary barha köp dile getirýär'

"Sebäbi, görşümiz ýaly, mundan beýläk türkmen häkimiýetleri bolup geçýän halkara geosyýasy wakalary inkär edip bilmeýär, hut şonuň ýaly ýurt içindäki ykdysady, syýasy we sosial kynçylyklary hem her näçe islemese-de, inkär edip bilmeýär" diýip, taryhçy belleýär. "[Türkmen häkimiýetleri] halkara meseleleri tas ähli geçirilýän sammitlerde we duşuşyklarda dile getirseler, ýurt içindäki meseleleri indi diňe bir halkara hukuk toparlary ýa-da BMG, ÝHHG däl, eýsem adaty raýatlar hem dile getirýärler".

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerli häkimiýetleriň eden-etdiligi, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň, ýerli ýolbaşçylaryň korrupsion we bikanun hereketleri, onýyllyklaryň dowamynda çözülmän gelýän infrastruktura we jemagat hojalygy meseleleri ýaly temalar barada ilat arasynda, şeýle-de ýurtdaky berk internet senzurasyna garamazdan, sosial ulgamlarda giňden pikir alşylýar. Maglumatlar, wideo şekiller we ýüzlenmeler çap edilip durýar.

Mundan başga-da, raýatlar özleriniň raýat hukuklary boýunça ýeke we köpçülikleýin görnüşde Adalatçynyň diwanyna, şeýle hem etrap, şäher, welaýat we ýokary kazyýete arz-şikaýatlar bilen yzygiderli ýüz tutýarlar.

"Bularyň ählisi hem häkimiýetlere taryhy nukdaýnazardan uly bir yşarat bolup durýar: ýa-ha ýokardan, gözegçilikli bolsa-da, ýöne real we netijeli anyk reformalary we açyklygy amala aşyryp başlamaly ýa-da hereketsizlik we repressiýa gurallary bilen dolulygyna türkmen režiminiň gelejeginiň gümürtikligini çüýlemeli" diýip, taryhçy alym pikir edýär.

Ol "başga ýol ýok, häkimiýetler islese-islemese, taryhyň çarhyny togtadyp bilmeýärler" diýip pikir edýär.

'Türkmenistanda 2026-njy ýyla gelip, ilatyň uly bölegini eýýäm 1999-njy ýyldan soňky döwürde doglan ýaşlar tutýar. Ol ýaşlaryň has uly ýaşly bölegi 2010-2013-nji ýyllardaky "internet maýylganlygy" ýyllarynda kemala geldiler, sebäbi şol gysga wagtyň dowamynda ýurt içinde mail agent, odnoklassniki, Twitter, Facebook ýaly sosial ulgamlar birneme ganymat işleýärdi we ýaşlaryň köpüsi şol ulgamlardaky diskussiýalara, pikir alyşmalara öwrenişipdi" diýip, taryhçy, mundan başga-da, şol ýyllar türkmen ýaşlarynyň meşhur internet pikir alyşma messenjerleriniň bolandygyny, belledi: "Meşhur internet platformalarda türkmen ýaşlary edep, terbiýe, tire-taýpa gatnaşyklary, korrupsiýa, edebiýat, tehnologiýalar temalarynda pikir alşyp bilýärdiler".

Degişli maglumat

Awazada Hazaryň suwunyň azalmagy boýunça bilelikdäki komissiýa döretmek ylalaşyldy

Taryhçy alym şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen ýurtda berk internet senzurasy girizilip, pikir alyşmalaryň "tas ýok derejesine" getirilendigini, emma dolulygyna ýok edip bilmändigini belläp, 2020-nji ýylyň koronawirus pandemiýasynyň we Lebap,Mary welaýatlaryna inen güýçli tupanyň agyr netijeleriniň ýurt daşyndaky türkmen diasporasynda uly protest we nägilelik döredendigini, ýurt içinde hem kem-kemden erkin pikir alyşmalary, raýat raýdaşlygyny güýçlendirendigini ýatlady.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli telekeçiler, anonim şertde gürleşen aragatnaşyk, demir ýol, howa ýollary, maliýe ulgamlaryndaky emeldarlar hem ýurt ýolbaşçylarynyň soňky wagtda kabul eden kararlarynyň we gol çeken şertnamalarynyň özgerişlikleri we açyklygy talap edýändigini belledi:

"Soňky wagtlarda bolup geçen wakalary Halk Maslahatynyň mejlisinde adam hukuklary boýunça meýilnamanyň kabul edilmegi, sammitleriň netijesinde ulag we aragatnaşygy ösdürmek çözgütleri, 1-nji oktýabrdan elektron wiza düzgüniniň girizilmegi, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda gol çekilen Merkezi Aziýada 21-nji asyrda dostluk we hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky şertnama resmi derejede goşulmagy Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen iş ýüzünde aç-açan we ysnyşykly hyzmatdaşlyga geçmeginiň zerurdygyny talap edýär".

Halkara hyzmatdaşlygy üçin zerur şertler we ýapyklyk

Synçylaryň pikirine görä, "galagoply halkara geosyýasy ýagdaýynda" goňşy döwletler bilen çynlakaý hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin wagt ýitirmezlik örän möhüm bolup durýar.

"Şu gün hakyky dostlugy saýlamak ertir mejbury ýapyklykda we ýekelikde galmakdan has göwnejaý we derwaýys" diýip, ýerli demir ýol emeldary anonimlik şertinde gürrüň berip, häkimiýetleri goňşy döwletler bilen otly gatnawlaryny gaýtadan dikeltmäge we ýük gatnawyny ýeňilleşdirmäge çagyrdy.

Degişli maglumat

Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleri duşuşdy, bilelikdäki beýannama kabul edildi

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan paýtagtly syýasy synçy hem soňky günlerde bolup geçen sammitleriň netijelerini sentýabrda bolup geçen Halk Maslahatynyň netijeleri we beýleki kararlar bilen şeýle baglanyşdyrdy: "Göräýmäge bu wakalar aýry-aýry görünmekleri mümkin. Emma iş ýüzünde soňky bir ýylyň dowamynda bolup geçen wakalarda belli bir trend barada uly seresaplylyk bilen aýtmak mümkin diýdi.

"Geçen ýylyň aýagynda "Daşoguz-Şawat" serhetýaka söwda zolagy işe girizildi, şol wagtda hem prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýyldaky Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda kabul edilen şertnama gol çekdi" diýip, synçy munuň bilen türkmen häkimiýetleriniň migrasiýa, wiza, ulag, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarda, milli azlyklar meselelerinde öz üstüne ençeme borçlary almagyny aňladýandygyny belledi.

Halkara we regional hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýändigini yglan edip, şertnamalara gol çekýän ýurt sebitiň ähli ýurtlary bilen wiza režimi saklanyp galýar. Goňşy Özbegistan we Gazagystan bilen ýeňilleşdirilen wiza düzgüni ilatyň diňe çäkli bölegine degişli bolup, iş ýüzünde raýatlar dürli kynçylyklara duçar bolýar.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri sebitiň transport merkezine öwrülmek islegini yglan edýärkä, ýurduň serhet geçelgeleri, şol sanda Eýran bilen serhetleri ýygy-ýygydan ýapylýar, netijede sebit ýurtlaryna ýük daşaýan ulaglar Türkmenistanyň giňişliginden geçip bilmän ençeme günläp, käte hepdeläp durmaly bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.