Serhetabatda Owganystan bilen araçäkde gulluk edýän esgerler ýarag ýetmezçiliginden we serhet geçelgeleriniň goragsyzlygyndan şikaýat edýär.
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Owganystan bilen araçäkde gulluk edýän harbylaryň we esgerleriň birnäçesiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, serhet zolagyndaky howpsuzlyk şertleri örän gowşapdyr.
Anonimlik şertinde habarlaşan harby gullukçylaryň sözlerine görä, serhet araçägi Owganystan tarapyndan häli-şindi bozulýar. "Gelýän adamlar serhet arasyndaky demir setkalary üzüp, Türkmenistanyň çägine arkaýyn geçýärler" diýip, harbylaryň biri gürrüň berdi.
Degişli maglumat
“Talyban” söweşijileri owgan çäginde türkmen esgeriniň guşagyny tapandyklaryny aýdýarÝene bir çeşme Serhetabat bilen Owganystanyň araçägindäki çetki nokatlarda bolan ýagdaý barada gürrüň berdi.
Ýakynda harby gullukdan gelen esger Owganystan tarapyndan gelýän adamlaryň Türkmenistanyň çägindäki hoz agaçlarynyň miwelerini ýygnamagy şeýle hem serhet gullugyndaky esgerlere getirilýän çörek we iýmit önümlerini alyp gitmegi ýaly ýagdaýlara şaýat bolandygyny aýtdy.
“Ol ýerde serhet bar diýilse-de, käbir ýerlerde ýagdaý örän gowşak. Owganystan tarapyndaky adamlar setkany üzüp, biziň tarapa geçýärler. Käwagt hoz ýygnap gidýärler, käwagt bolsa esgerlere getirilen çörekleri, iýmitleri alyp gidýärler. Munuň öňüni almaga bolsa biziň mümkinçiligimiz ýok diýen ýaly” diýip, esger gürrüň berdi.
'Esgerler ýaragsyz bolýar'
Çeşmeleriň ýene biri has howply ýagdaý barada gürrüň berdi. Esger gijeki nobatçylyk wagtynda bolan wakany şeýle beýan etdi:
“Bir gün gije eli awtomatly sekiz adam serhet araçägini bozup, biziň tarapymyza geçdi. Biz şol wagt narýadda durduk. Emma biziň elimizde hatda awtomat hem ýokdy, diňe dürre bardy. Olaryň biri esgerleriň biriniň maňlaýyna awtomat diredi. Soňra ambarymyza girip, sekiz halta çöregi alyp gitdiler” diýip, ýaňy-ýakynda gullukdan gelen esger Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, serhetde gulluk edýän esgerleriň ählisi ýaragly bolmaýar. Ýarag ähli esgerlere berilmeýär, käbir ýagdaýlarda ýarag berlen hem bolsa, onuň içinde ok bolmaýar.
“Esgerlere käwagt awtomat berilýär, ýöne içinde ok bolmaýar. Käbir postlarda bolsa diňe dubinka bilen narýada çykarylýar. Şeýle ýagdaýda eli ýaragly adamlaryň öňünde esger näme edip biler?” diýip, esger aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň harby wekillerinden resmi görnüşde teswir almaga synanyşdy. Emma milli goşunyň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Serhetabat serhet birikmesiniň Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetleşýän sebitinde ýerleşýän möhüm harby düzümdigi we bu goşun bölüminiň ýurduň iň günorta çägini goramakda we serhet howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigi resmi habarlarda bellenýär.
Mundan öň Azatlygyň habarçylary owganlaryň Türkmenistanyň serhet ýaka sebitlerine "bikanun ýagdaýda bökdençsiz girip çykýandygyny" birnäçe gezek habar beripdi. Türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasyndaky çaknyşyklar we türkmen esgerleriniň ölümi bilen bagly ýagdaýlar hem mälim bolupdy.
Ofiser ýetmezçiligi
Serhet gullugyndaky başga bir çeşmäniň sözlerine görä, soňky ýyllarda Serhetabatdaky käbir harby bölümlerde kadrlar ýetmezçiliginiň güýçlenendigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ofiserleriň bir bölegi gullukdan gitmegiň ýa-da başga ýere geçmegiň aladasyny edýär. Bu bolsa serhet postlarynyň gündelik işine we gözegçilige täsir edýär.
Degişli maglumat
Kabuldaky türkmen ilçihanasy türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy ret etdi (WIDEO)“Çastymyzda ofiser hem az. Köpüsi bu ýerde galmak islemeýär. Barysy işden gitmegiň, başga ýere geçmegiň aladasynda. Esgerler bolsa köplenç özbaşyna galýar” diýip, serhet bölüminde gulluk edýän çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky çeşmeleriniň howpsuzlygy bilen bagly aladalar sebäpli olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.
Bu ýagdaýlar harbylaryň ýaragly güýçleriň düzüminden köpçülikleýin çykýandygy baradaky habarlaryň arasynda ýüze çykdy. Harby gullukçylaryň birnäçesiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olaryň meýletin işden çykmagyna ofiserleriň iş şertleriniň gözgynydygy, aýlyklarynyň hatda jaý kireýlerini tölemäge-de ýetmeýändigini sebäp bolýar.
Türkmen resmileriniň bu ýagdaýy açyk agzamaýan wagtynda ofiserleriň işden çykmagyna dürli päsgelçilikleriň döredilmegi, harby edaralarda işlän we işden çykan raýatlaryň sebäbi düşündirilmezden ýurduň daşyna goýberilmezligi we biometriki pasportlarynyň ellerinden alynmagygy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Degişli maglumat
Aşgabadyň harby keselhanasyna Serhetabatdan esger getirildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.