Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabuldaky türkmen ilçihanasy türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy ret etdi (WIDEO)


3-nji ýanwarda türkmen-owgan serhedinde "Talyban" söweşijileri bilen türkmen serhetçileriniň arasynda bolan çaknyşykdan üç-dört gün ozal düşürilendigi aýdylýan wideoda serhediň Türkmenistan tarapynda duran bir harby tehnika görkezilýär.

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy resmi beýanat çap edip, türkmen-owgan serhedindäki çaknyşygy ret etdi.

Duşenbe güni Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary Garkyn etrabynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän araçäginde türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda çaknyşyk bolandygyny habar berdiler.

Bu habar soňra owgan mediasy tarapyndan tassyklanyldy. “TOLOnews” habar saýty ýerli “Talyban” häkimiýetlerine salgylanyp, türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda 3-nji ýanwarda bolan çaknyşyk barada habar berdi.

Russiýanyň “TASS” habar gullugyna görä, Jöwüzjan welaýatynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Hilal Balhi Owganystanyň “Haşt-e subh” gazetine beren interwýusynda türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy tassyklady.

“2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý boýunça barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy” diýip, Kabuldaky türkmen ilçihanasy sişenbe güni çap eden beýanatynda aýtdy.

Beýanat türkmen-owgan serhedini “dostluk serhedi” atlandyrdy.

Türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşykdan bir gün soňra, 4-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna Owganystanyň Garkyn etrabyndan gelip gowşan we çaknyşykdan 3-4 gün ozal düşürilendigi aýdylýan wideoda serhediň ugrunda patrullyk edýän “Talyban” söweşijilerini we tikenli sim çekilen serhediň türkmen tarapynda duran bir agyr harby tehnikany, ahmal BTR-i, şeýle-de, görnüşinden, Türkmenistanyň serhet postunda duran bir türkmen esgerini görmek bolýar. Wideoda görnüşinden, bir pursat, “Talyban” söweşijileri bilen türkmen serhetçisiniň “sözi azaşýar”.

“Talyban” söweşijileri türkmen-owgan serhediniň ugrunda patrullyk edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:50 0:00

Wideo: "Talyban" söweşijileri 3-nji ýanwarda türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşykdan 3-4 gün ozal serhediň ugrunda patrullyk edýär

“Mesele barmy?” diýip, görnüşinden, araçägiň türkmen tarapyndaky serhetçi “Talyban” söweşijileriniň yzyndan gygyrýar.

Söweşijiler ýerli-ýerde “mesele ýok, gürrüň ýok, bu gün siz bilen gürrüň ýok” diýşip gygyryşýarlar.

Munuň yz ýany, görnüşinden, türkmen serhetçisi serhet ýakada patrullyk edýän “Talyban” söweşijilerini başga tarapa öwrülmäge çagyrýar.

Bir “Talyban” söweşijisi bu seslenmä jogap edip, “şu ýerleri biziňki, biz öz öýümizde gezip ýörüs, aýlanjak däl” diýip, tikenli serhediň owgan tarapyndan türkmen serhetçisine jogap berýär.

Wideony ugradan ýerli ýaşaýjy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli öz adynyň aýdylmazlygyny haýyş etdi.

“Talybanyň” daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abdul Kahhar Balhi türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy 4-nji ýanwarda özüniň Twitter hasaby arkaly ret etdi.

Ýöne has ozal, 3-nji ýanwarda “Talybanyň” beýleki bir resmisi, Jöwüzjan welaýatynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Hilal Balhi çaknyşygy tassyklap, şeýle diýdi:

“Üç gün ozal Türkmenistanyň serhet gullugynyň işgärleri bir parahat ýaşaýjyny öldürdiler, beýlekisini ýençdiler. Wakanyň derňewi wagtynda, "Talyban" söweşijileri olaryň hereketine jogap hökmünde ok atdylar"

Garkyn etrabynda parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi öňe sürülýän maglumat, Azatlyk Radiosyna 29-njy dekabrda gelip gowuşdy. Şonda Azatlyk bu maglumaty beýleki çeşmeler arkaly tassykladyp bilmänsoň, çap etmekden saklandy.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň aýagyna çenli Owganystandan çekilýän mahaly, “Talyban” söweşijileri 14-nji awgustda Kabulda häkimiýeti ele geçirdi. Owganystanyň täze dolandyryjylary heniz dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan, galyberse-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmedi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi we Kabuldaky türkmen ilçihanasy Owganystan bilen bagly çap edýän seýrek beýanatlarynda “Talyban” sözüni agzamaýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozalky ýyllarda Owganystanyň Garkyn etrabynyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän bölegindäki “dawaly territoriýa” barada habar berdi. 2014-nji ýylyň güýzünde türkmen serhetçileri Garkyn etraby bilen araçäkleşýän türkmen çägini garym gazyp, tikenli sim çekip berkidip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG