Hazar deňziniň ýakasyndaky iri şäher Türkmenbaşyda ýaşaýjylaryň ençemesi bir hepdeden uzak wagtlap suwsuz galýar. Şäheriň ençeme bölegindäki ýaşaýyş jaýlarda hem agyz suwy, hem-de hojalyk zerurlyklary üçin suw bolman, ýaşaýjylar yssy howada agyr şertlerde gün görýärler.
Türkmenbaşy şäherinde agyz suwunyň kesilenine bir ýarym hepde boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 23-nji iýunda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 13-nji iýunda şäherde agyz suwy doly kesilipdir. Şonda adamlar bu problemanyň tiz çözülmegine we suwuň berlip başlanmagyna garaşypdyr. Her ýyl tomus güýçlenýän suw ýetmezçiligine öwrenişen ýaşaýjylar öz jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň şu gezek has-da uzaga çekendigini aýdyp aladalanýarlar.
"Bu problema her ýyl tomus gaýtalansa-da, uzagy bilen 1 hepdäniň dowamynda gaýtadan suw berilerdi, sagatlaýyn bolsa-da suw üpjünçiligi dikeldilerdi. Adamlary beýle uzak kösemezdiler" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat
Mary: baýramalyly zenanlar welaýat häkimliginde protest geçirip, tok ýetmezçiligini çözmegi talap etdilerHabarçymyzyň maglumatyna görä, ýerli häkimiýetler suw üpjünçiliginiň kesilmegini "tehniki näsazlyklar" bilen düşündiripdir we bu ýagdaýda şäheriň agyz suw üpjünçilik kärhanasy ýaşaýjylara ulagly suw paýlamagy ýola goýupdyr. Suw daşaýan ulaglar arkaly her adam başyna belli bir möçberde suw berilýär.
Suw paýy
Ýerli ýaşaýjylar suw paýlanmagyň häzirki tertibini "täzelik" diýip, atlandyrýarlar we mundan öň beýle ýagdaýyň bolmandygyny aýdýarlar.
"Türkmenbaşy şäheri döredileli bäri suwuň talonlar arkaly paýok görnüşli paýlanmagy täzelik. Biz muny taryhda ilkinji gezek şu aýda gördük. Indi suw daşaýan ulaglarda içmäge ýaramaýan suw hem paýlanýar. Şol suw her hojalyga hajathana we kir ýuwmak üçin 24 sagadyň dowamynda bir sapar 50 litrden berilýär. Bu, öý dolandyrýan edaralaryň ýörite kepilnamasy - talon esasynda berilýär" diýip, şäher ýaşaýjysy aýtdy.
Bu suw paýlanyşygy uly nobatlar bilen geçýär. Suw daşaýan ulaglaryň gelmegine garaşyp, öňünde çykyp duran köpsanly ýaşaýjylary we eli bedreli gelin-gyzlary şu günler şäheriň her ýerlerinde görmek bolýar.
"Uly nobatlar döreýär. Suw daşaýan ulag gelen wagtynda işde bolsaň nobatyň geçip, şol gün suwsuz galýaň" diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.
Başga bir ýaşaýjy 200 müň adamdan gowrak ilatly şäheriň häzirki ýagdaýyny "geçen asyryň" şertlerine meňzetdi: "Iri şäherleriň biri bolan Türkmenbaşyda henizem geçen asyrdaky durmuşy ýadyňa salýan ýagdaý. Köçäniň beýleki başyndan elleri bedreli suw daşaýan gelin-gyzlary görmek mümkin".
Yssy howaly çöllük ýurtda suwy arassalaýjy desgalaryň ençemesi guruldy. Şol iri desgalaryň biri deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşyda ýerleşýär. Emma ýerli bilermenler deňizden suw çekmek problemasynyň agyrlaşýandygyny we deňiz suwunyň derejesiniň peselmeginiň muňa sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
"Deňizden suw çekmek üçin indi deňiz suwy peseldi. Nasos turbalary deňze ýetmeýär. Indi şol turbalary uzaldyp, deňiz suwuny almaga derek, şäheriň suw üpjünçilik sistemasyndan her gün ýüzlerçe 20 tonnalyk suw daşaýjy ulaglarda Awaza suw daşaýarlar. Netijede şäherde suw ýetmezçilik edýär" diýip, ýerli hünärmen gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildiTürkmenbaşynyň alkymyndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagy bolup, bu ýerde kaşaň myhmanhanalar we kongres merkezleri ýerleşýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenbaşyda suw üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy we onuň sebäpleri barada şäher häkimliginden we suw üpjünçilik edaralaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Türkmenbaşydaky soňky ýiti agyz suw ýetmezçiliginiň arasynda Awazadaky myhmanhanalarda suwa düşülýän howuzlarda deňiz suwy däl-de, süýji suwuň ulanylýandygyny aýdýan çeşmeler hem bar.
Ünsi talap edýär
Bilermenler suw problemasyna uly üns berilmeginiň zerurdygyny aýdyp gelýärler. Ýurduň ilatly ýerlerinde ýyllarboýy agyz suwy yzygiderli kesilýär, içimlik suwuň hili ýaramazlygyna galýar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan dünýäde suwy bisarpa ulanýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw serişdelerine agram düşýändigini duýdurdy. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä resurslary instituty (World Resources Institute) 2019-njy ýyldaky hasabatynda Türkmenistany dünýäde suw serişdelerine agram düşýän 17 ýurduň hataryna goşdy.
Degişli maglumat
Suw we tok bökdençlikleriniň arasynda, Maryda çüwdürimler işledilmeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.