Şu günler Gazagystanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki konsulhanasynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Ýagdaýlardan ýakyndan habarly çeşmelerimiz munuň sebäbini Gazagystana okamaga ýa-da zähmet migrasiýasyna gitmek isleýän türkmenistanlylaryň göz-görtele köpelendigi bilen düşündirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
“Nobatlar şu hepdäniň başyndan bäri has-da köpelip, bu ýerde günde onlarça adamy gorse bolýar. Adamlaryň sanynyň köpdügi zerarly käbirleri ençeme sagat garaşmaly bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýagdaýlardan ýakyndan habarly ygtybarly çeşmelerimiz uly nobatlaryň sebäbini şu günler Gazagystana okamaga ýa-da zähmet migrasiýasyna gitmek isleýän türkmenistanlylaryň göz-görtele köpelendigi bilen düşündirýär.
Degişli maglumat
Özbek ÝOJ-larynda okajak türkmenistanly 'köpelýär'“Diňe okamaga we işlemäge gidýän türkmenistanlylar däl, eýsem Gazagystana göçüp gitmek isleýän etniki gazaklaryň sany hem göz-görtele köpeldi. Umuman aýdanymyzda, şu ýyl Gazagystana işlemäge, okamaga gidýän türkmenistanlylaryň we göçüp gidýän etniki gazaklaryň sany, geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende, iki esse artdy” diýip, sebitdäki resmi edaralaryň birindäki ynamdar çeşmämiz aýtdy.
"Azyndan 15 müň dollar bermeseň..."
Nobatda duran türkmenistanlylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar Gazgystana okamaga we işlemäge gitmeginiň sebäbini “Türkmenistandan ykdysady durnuksyzlyk we işsizlik, şeýle-de ýurduň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ)para bermezden girip bolmazlygy” bilen düşündirýär.
“Häzir ýerli ÝOJ-lara resminama tabşyryp, synaga girip görmegiň hem many ýok. Sebäbi azyndan 15 müň dollar bermeseň, hiç bir ÝOJ okuwa kabul etmeýär. Şol sebäpli wagt ýitirmän, dessine gazak uniwersitetine okuw girdim. Gazagystanda ýokary okuw hem arzan düşýär, hem-de bu ýurtda işlemek mükinçiligi hem bar. Üstesine-de, Gazagystan hem demokratiýa, hem söz azatlygy taýdan bizden müň esse ösen” diýip, nobatdaky türkmenistanly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu waka, Azatlyk Radiosynyň Balkanyň we Lebap welaýatynyň ýokary okuw jaýlaryndaky ygtybarly ençeme çeşmesiniň şu ýyl ýurduň ÝOJ-laryna giriş synaglaryna dalaşgärleriň gatnaşygynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 50-70% pes bolandygyny aýdýan mahalyna gabat geldi.
Şeýle-de, çeşmelerimiz synaglarda para-berimiň saklanyp galandygyny, ÝOJ-lara girmek üçin soralýan paranyň 12 müň dollardan 20 müň dollara çenli ýetendigini hem bellediler.
Degişli maglumat
Okuw möwsüminiň başlanmagy bilen, Aşgabat aeroportunda ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar köpeldi“'Bolanok' diýlen düşündiriş bilen çäklenýän...”
Türkmen häkimiýetleriýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara okamaga, işlemäge ýa-da göçüp gitmegi barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini hem jogapsyz goýýarlar. Türkmen metbugaty hem bu barada aç-açan maglumat bermeýär.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň dürli sebitlerdäki habarçylar türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmegi barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Bu habarlaryň arasynda, Aşgabadyň aeroportundaky türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara okamaga ýa-da işlemäge barýan türkmenistanlylary uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar hem wagtal-wagtal gaýtalanýar.
Şeýle wakalar barada habarçylarymyz soňky gezek 20-nji awgustda maglumat berdiler. Şonda türkmenistanlylaryň ençemesi diňe “bolanok” diýlen düşündiriş bilen çäklenýän bu çäreleri “häkimiýetleriň öz jübülerini doldurmak we raýatlaryň daşary ýurtlara akymynyň öňüni almak tagallalary” atlandyrýar.
Daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň we Özbegistanyň resmi maglumatlarynda, bu döwletlerde okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan köplenç ilkinji orunlaryň birini eýeleýär.
Aşgabatda gazak ilçihanasy we konsullyk bölümi bar, Türkmenbaşy şäherinde hem Gazagystanyň konsulhanasy hereket edýär.
Degişli maglumat
Çeşmeler: Berk gözegçilikde geçirilen ÝOJ-lara giriş synaglaryna dalaşgärleriň gatnaşygy pes boldy, ‘para-berim’ saklandyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.