Türkmenistanda ABŞ dollarynyň gara bazardaky aluw-satuw bahasy durnuksyz bolup, arzanlamagyny dowam etdirýär. Aşgabatda walýutanyň gara bazar söwdagärleri dollar satmakdan saklanýarlar.
Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öň ýanyndaky bu durnuksyzlyk, köp ýaşaýjyda howatyrlanmalary döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 16-njy sentýabrda Aşgabatdan, Balkan we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Şu gün paýtagtyň bazarlarynda 1 dollary 16 manat 50 teňňeden satyn alýarlar. Söwdagärler dollaryň 17 manat 50 teňňeden satylýandygyny aýdýarlar. Ýöne dollar satýan söwdagär ýok” diýip, 16-njy sentýabrda paýtagtyň birnäçe bazaryna aýlanyp gören habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Merkezi banky indi 12 ýyla golaý wagt bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat töwereginde saklaýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, onda 1 dollar ençeme ýyl bäri 20 manat töwereginde bahalanýardy. Ýöne şu aýyň başynda onuň aluw-satuw bahasy birden, duýdansyz peselip başlady.
Degişli maglumat
Türkmenistanda dollaryň gara bazar nyrhy 'peseldi', harytlar 'arzanlamady'"Dollar satmakdan saklanýarlar"
Paýtagtdaky habarçymyz dollar juda zerur gerek bolan ýagdaýynda, adamlaryň öz tanyş satyjylaryna ýüzlenýändigini, olaryň 1 dollary 18 manatdan satýandygyny hem aýtdy.
“Ýöne bu satyjylar hem köp möçberde dollar satmaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Walýutanyň aluw-satuw bahasyndaky durnuksyzlyk paýtagtlylaryň köpüsini ellerinde bar bolan ABŞ dollaryny satmakdan hem saklaýar.
“Adamlar Halk maslahatyndan soň üýtgeşiklige garaşýarlar we ellerinde ygtybarly walýuta bolan ABŞ dollaryny saklamagy makul hasaplaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Emeli arzanladyş, syýasy oýun we aladalar...”
Balkandaky habarçymyz hem, ilat arasynda Halk maslahatynyň mejlisinde “ykdysady reformalaryň boljakdygy we şunuň bilen bagly dollaryň emeli usulda arzanladylýandygy” barada gürrüňleriň ýaýraýandygyny aýdýar.
“Ýapyk Türkmenistanda azyk, hojalyk harytlarynyň, çöregiň we dermanlaryň bahasy gymmatlaýar, emma hökümet tarapyndan emeli usulda dollaryň bahasy arzanladylýar. Adamlar munuň hökümetiň syýasy oýnundan başga zat däldigini aýdýarlar, ýöne maslahata alada bilen garaşýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge we 27-nji sentýabrynda ýurt garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar.
Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň giňemegi, etiň, çöregiň we beýleki gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň ep-esli artmagy bilen, bu mejlisiň ilat arasynda eýýämden “howsalaly we nägilelik gürrüňlerini” köpeldip başlandygy barada habarçylarymyz awgust aýynyň başyndan bäri habar berip gelýärler.
Degişli maglumat
Manadyň 'durnukly hümmeti' halky mätäç saklamagyň guralyna öwrüldi - ÇeşmelerABŞ dollarynyň gara bazardaky aluw-satuw bahasy Balkanda we Lebapda hem durnuksyz bolmagynda galýar. Soňky bir hepdäniň dowamynda Balkanda dollar tapgyrlaýyn esasda 15% arzanlap, 1 dollaryň bahasy 20 manatdan 17 manada düşdi.
Lebapda bolsa, dollaryň gara bazar nyrhy 15-nji sentýabrda, günüň dowamynda birnäçe gezek üýtgedi. Ýerli çeşmeler dollaryň satyn alyş nyrhynyň bir günüň içinde 17 manatdan 17 manat 90 teňňä çenli aralykda üýtgäp durandygyny aýtdylar.
“14-nji sentýabrda dollar gara bazarda 18 manat 50 teňňeden satyn alyndy. Emma bir gün soň onuň nyrhy pese gaçyp, birnäçe sagadyň dowamynda gaýta-gaýta üýtgedi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Maşgala girdejisi daşary ýurtlardan gelýän...
Çeşmelerimiziň sözlerine görä, dollaryň nyrhy şeýle bir çalt üýtgedi welin, günüň käbir pursatlarynda söwdagärleriň özleri-de haýsy nyrhdan dollar satyn almalydygyny bilmän galdylar.
“Irden aýdylan baha günortana çenli eýýäm köneldi. Bir günüň dowamynda dollaryň nyrhynyň beýle ýygy üýtgeýşini öň görmändik” diýip, Lebapdaky çeşmeleriň biri aýtdy.
Habarçylarymyz dollaryň gara bazardaky bahasynyň peselmeginiň, hususan-da, maşgala girdejisi daşary ýurtlardan gelýän hojalyklara oňaýsyz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.
“Köp hojalyk daşary ýurtda işleýän maşgala agzasynyň iberýän dollarynyň hasabyna gün görýär. Göz öňüne getiriň, dollaryň bahasy diňe soňky bir hepdede 15% arzanlady. Bu olaryň girdejileriniň 15% azalandygyny aňladýar. Ýöne azyk we senagat harytlary bolsa, günsaýyn diýen ýaly gymmatlaýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Degişli maglumat
Maryly ene-atalar Aşgabada baryp, okuw töleglerini geçirmek meselesiniň çözülmegini talap etdi, ýöne...Türkmenistandaky maşgalalaryna pul iberýän migrantlar...
Dollaryň gara bazardaky bahasynyň birden pese gaçmagy daşary ýurtlarda işleýän we Türkmenistandaky maşgalalaryna pul iberýän migrantlaryň arasynda hem gyzgalaňly pikir alyşmalara sebäp boldy.
Bu baradaky habarlar türkmen migrantlarynyň sosial torlardaky toparlarynda we çatlarynda çalt ýaýrady.
Teswirleriň köpüsinde diňe dollaryň nyrhynyň üýtgemegine däl, eýsem munuň import harytlarynyň bahalaryna, maşgalalaryň girdejilerine we daşary ýurtlardan iberilýän puluň hümmetine nähili täsir etjekdigi barada alada bildirilýär.
“Dollaryň bahasyny düşürip, harytlaryň bahalaryny galdyryp, halky doly derejede gula öwürmekçi. Biz daşary ýurtda indi öz maşgalamyz üçin işlemän, ýurduň baýlyklaryny wampir ýaly sorup oturan açgözleriň garnyny doýurmak üçin işlemelimi?” diýip, migrantlaryň çatlarynyň birinde ýazylan teswirde aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri walýutanyň gara bazaryndaky ýagdaýlar, şol sanda dollaryň resmi däl hümmetindäki üýtgeşmeler we bularyň sebäpleri, raýatlaryň düşýän kyn ýagdaýlary barada aç-açan gürrüň gozgap, habar bermeýärler.
Azatlyk dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda bank ýolbaşçylaryndan resmi düşündiriş hem alyp bilmeýär.
Türkmenistanda bikanun walýuta söwdasy gadagan bolsa-da, ýurtda dollaryň gara bazary indi 12 ýyla golaý wagt bäri aç-açan hereket edýär. Häkimiýetler gara bazar söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirse-de, aradan birnäçe gün geçensoň, ýurduň bazarlarynda walýutanyň resmi däl söwdasy ýene aç-açan dowam edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.