Türkmenistanyň orta bilim berýän edaralarynda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýurduň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde mekdebe barman, sapak döwründe dürli işlerde işleýän okuwçylar göz-görtele köpeldi. Bilim işgärleriniň ençemesi olaryň sanynyň ýüzlerçedigini aýdýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy sentýabrda maglumat berdiler.
“Diňe etrapdyr obalaryň mekdeplerinde däl, eýsem şäherlerdäki mekdeplerde hem sapak döwri gazanç edýän okuwçylar köpeldi. Olar esasanam 10-11-12-nji klaslarda okaýan oglan-gyzlar” diýip, mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.
Mekdep mugallymlarynyň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, mundan iki ýa üç ýyl ozal her mekdepde sapaga gelmeýän okuwçylaryň sany 3-5 okuwçy bolan bolsa, häzir olaryň sany 50 okuwça golaýlaýar.
Degişli maglumat
Maryda mekdebe barman, oba hojalyk işlerinde işleýän okuwçylar göz-görtele köpeldi“Diňe biziň etrabymyzdaky mekdeplerde sapaga gelmeýän okuwçylaryň umumy sany ýüzlerçe bolup, olaryň arasynda kitap almaga hem gelmedik okuwçylar bar” diýip, ýene bir mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlykda gürrüňi edilýän etrap we mekdepler barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
"Okuw esbaplaryny we hojalyga gerek zatlary almak üçin..."
Bu okuwçylar oba-hojalyk we gurluşyk işlerinde işleýärler. Olary esasanam pagta meýdanlarynda görse bolýar. Käbir okuwçylar bolsa, goýun-geçileriň ýüňüni gyrkmak işlerine gatnaşýarlar.
Bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümi we dowarlaryň, ýagny ownuk mallaryň, şol sanda goýun-geçileriň ýüňüni gyrkmak boýunça güýzki möwsüm dowam edýär.
Oba hojalyk işlerinde işleýän okuwçylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçylarymyza aýtmagyna görä, olar okuw esbaplaryny we hojalyklaryna gerek zatlary satyn almak üçin sapak döwri işlemäge mejbur bolýarlar.
“Eýýäm sentýabryň birinden okuwçylara pul diýlip başlanýar. Mysal üçin, okuwçylar depderleriň, gündelikleriň daşlary üçin niýetlenen kagyzlary 3-4 manatdan satyn almaga mejbur edilýärler. Klas žurnaly üçin hem, her okuwçy 5 manat bermeli. Doska üçin mel, marker, salfetka satyn almak hem okuwçylaryň boýnuna dakylýar we her okuwçydan 5 manat ýygnalýar. Maşgalamyzda bu pullary tölemäge ýagdaý ýok. Sebäbi hojalygymyzda gündelik iýjek çöregimiz hem uly gaýgy” diýip, balkanly bir okuwçy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanda sadaka baran onlarça adam palaw üstünde ýakalaşdyÝurduň günorta sebitlerindäki mekdepleriň ençemesinde mugallymlaryň käbirleri işlemäge gidýän ýokary synp okuwçylaryndan 2-3 sapagy okamagy talap edýärler. Okuwçylaryň sözlerine görä, bu talaby berjaý edenleriň şol güni beýleki sapaklara gelmändigi hasaba alynmaýar.
“Ýöne okuwçylar munuň öwezine mugallymlaryň içjek kofesini we çekjek çilimlerini satyn alyp bermeli bolýarlar. Mugallymlar mekdebe barlagçylar geljek mahaly, bu okuwçylary mekdebe çagyrýarlar we okuwçylaryň gatnaşygy gowy diýip görkezýärler. Gelýän barlagçylaryň öňünden duýduryp gelmegi, mugallymlaryň şeýle ‘oýny oýnamagyna’ esas berýär” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
"Jogapkärçiligi öz üstünden aýyrmaga çalyşýarlar"
Bilim işgäriniň sözlerine görä, käbir mugallymlar bolsa, okuwçylaryň mekdebe gelmeýändigi barada ýerli polisiýa edarasyna habar berýärler. Mugallymlar munuň bilen, jogapkärçiligi öz üstünden aýyrmaga çalyşýarlar.
“Polisiýa bölümine çagyrylan ene-atalar ‘eklenjiň kyndygyny, ulurak okuwçylar öýe pul getirmäge kömek etmese bolmaýandygyny’ aýdýarlar. Polisiýa işgärleriniň arasynda düşünýänler hem bar. Olar ene-atalara ‘başardygyňyzdan çagalaryňyzy okuw wagty işe ugratmajak boluň’ diýýärler. Olaryň käbirleri bolsa, ene-atalardan çagalaryny işe ugratmajakdyklary barada dil haty alyp galýarlar. Şeýle-de, polisiýa çagyrylan ene-atalaryň ählisinden ‘polisiýanyň we mugallymlaryň okuw wagtynda işe giden çagalara jogapkärçilik çekmeýändigi’ barada hem arza alýarlar” diýip, bilim işgäri belledi.
Degişli maglumat
Ahalda sapak wagtynda dürli işlerde işleýän okuwçylar göz-görtele köpelýärAzatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda ýurduň Bilim ministrliginden we ýerli bilim bölümlerinden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynda ýurtda orta bilim hökmany hasaplanýar. Emma soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, okuw esbaplaryny satyn almakda kynçylyk çekýän ýa-da çagalarynyň gazanjyna mätäç bolýan hojalyklaryň barha köp göze ilýändigi barada habarçylarymyz maglumat berip gelýärler.
Munuň bilen bir wagtda sapak döwründe, şeýle-de dynç günlerinde, tomusky, ýazky, gyşky, güýzki dynç alyşlarynda awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda, restoranlarda, bazarlarda we beýleki ýerlerde işleýän çagalar göz-görtele köpelýär.
Şu ýyl habarçylarymyz Lebapda bir çaganyň okuw esbaplary we egin-eşikleri üçin azyndan 2 müň manat, Balkanda bolsa 3 müň manat gerek bolýandygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.