Türkmenistanyň serhet ýakasyndaky sebitlerinde howada tüsse we ümür emele gelýär. Eýran bilen serhetdeş etraplaryň ýaşaýjylary munuň sebäplerini eýran tarapynyň atýan raketalaryndan görýärler. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan düşündirilmeýän bu ýagdaý ilatda howatyrlanma artdyrýar.
"Türkmenistanyň Kaka we Sarahs, Bereket, Magtymguly, we Esenguly etraplary Eýranyň alkymynda ýerleşýändigi sebäpli ok-därileriň ysy we howada dürli ýaramaz täsirler duýulýar" diýip, ýerli çeşmeleriň biri 2-nji aprelde habar berdi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we Balkan welaýatynyň serhetýaka etraplarynda ýaşaýan çeşmeleriň sözlerine görä, howada tüsse häli-şindi peýda bolýar, şeýle-de turşulykly ýagyn ýagyp, ümür döreýär.
'Turşulykly ümür döredi'
"Näsag adamlaryň bu kislotaly ýagmyrdan soň saglygy ýaramazlaşdy. Ilat ýaramaz howany, Eýranda atylýan raketalardan we ýaragly ammarlara edilen hüjümlerde ýok edilen ýaraglardan görýärler. Adamlar hatda radiasiýanyň, himiki zäherli gazlaryň howa aralaşan bolmagyny çak edip, howatyr edýärler" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Türkmenistan Eýrandan ýurda 200 adam girdi diýýär, prezident Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdiHowpsuzlyk sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, adaty bolmadyk bu ümürli-çigly howa iki hepdeden gowrak wagt bäri saklanýar.
"Türkmenistanyň sebitlerinde hamana howada kislota meňzeş ümürli agyr çygly howa tas 2,5 hepde saklanýar" diýip, balkany çeşme aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar häkimiýetlerden we döwlet metbugatyndan bu ýagdaý degişli habaryň we resmi düşündirişiň bolmazlygy ilat arasynda dürli çaklamalary döredýär we aladalanmalary güýçlendirýär diýýärler.
Balkanly ýaşaýjy Eýran bilen serhetdeş etraplarda howa şertleriniň ýaramazlaşmagynyň sebäpleri eýran tarapynyň atýan raketalaryndan görülýär diýýär:
"Eýrandan Ysraýyl tarapa atylan raketalardan çykýan hapa gazlar, tüsseler Türkmenistanyň Esenguly, Bereket, Garrygala etraplaryna golaý serhet ýakalarynda ýaramaz howa durumyny emele getirdi".
Bu ýagdaý ABŞ-nyň we Ysraýylyň howa güýçleriniň Eýranyň harby we ýangyç desgalaryny nyşana alyp, uly nebit-himiýa desgalaryndaky ýangynlaryň yz ýanyna gabat geldi. Türkmenistanyň Eýran bilen serhetdeş sebitlerindäki bu ýagdaý barada türkmen häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bolmady.
'Ilat näme etjegini bilmeýär'
Serhet ýakasyndaky etraplaryň ýaşaýjylary häkimiýetlere şikaýat etmäge we hatda ýüzlenmäge-de gorkýandygyny aýdýarlar. "Biz näme bolsa-da, çydap ýaşamaly bolýarys" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Magtymguly, Esenguly etraplarynda maddy mümkinçiligi bolan maşgalalar ýurduň gündogaryna we demirgazygyna Lebap we Daşoguz welaýatlaryna göçüp başladylar.
Balkanly ýaşaýjy Eýranda uruş başlanaly bäri, öz etrabynda durmuşyň dartgynly bolandygyny gürrüň berýär: "Adamlar bomba seslerini eşidýärler. Esengulynyň adamlary Eýrandaky harby obýektleriň ýerleşýän ýerlerden 50-100 kilometr aralykda ýaşaýarlar. Eýranyň Ysraýyla atýan raketalar tas golaýyňda ýaly görünýär, sesleri hem eşidilýär".
Degişli maglumat
Türkmen Gümrük gullugy eýran serhedi barada beýanat ýaýratdy, Meredow Hameneýiň ölümine gynanç bildirdiEýrandaky ýagdaý türkmen resmileriniň çykyşlarynda we döwlet mediasynda seýrek agzalýar.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda eýran nyşanalaryna garşy zarba urup başlamagyndan soň, Türkmenistan resmi ýagdaýda yglan etmezden günorta goňşusy bilen aradaky serhet geçelgelerini ýapdy.
4-nji martda Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ we Ysraýyl zarbalarynyň netijesinde syýasy lider Aýatolla Ali Hameneýiniň ölmegi bilen baglylykda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Türkmenistanyň halkynyň adyndan gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji martda Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy. Bu barada türkmen mediasynda habar berildi.
Türkmen häkimiýetleri Eýrandan çykjak adamlar üçin serhet geçelgeleriniň işiniň dikeldendigini yglan etdi.
'Serhetden geçmek isleýän köp'
4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adamyň girendigini, olaryň 16 ýurda degişlidigini habar berdi. Olaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmady.
Emma serhet golaýyndaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary Eýran tarapyndan serhetden geçmäge mümkinçilik gözleýän adamlaryň köpdügini, emma serhetçileriň olaryň geçirmeýändigini aýdýarlar.
"Her gün eýranly adamlar türkmen-eýran deňiz geçelge gümrük nokadyna gelip, Türkmenistandan wagtlaýyn uruş gutarýança gaçybatalga soraýarlar. Türkmen tarapy olara geçmäge rugsat bermeýär" diýip, balkanly çeşme aýdýar. Şeýle-de, çeşme Türkmenistana diňe ýük ulaglaryna geçmäge rugsat berýändigini, onuň hem diňe çäkli görnüşde amala aşyrylýandygyny belläp, syýahat wizasy bolan adamlaryň serhetden geçmegine rugsat berilmeýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy ýurduň Eýran bilen arasyndaky “Sarahs”, “Artyk”, “Howdan” we “Altyn Asyr” gümrük nokatlaryndan ulaglaryň we ýükleriň geçirilmeginiň kadaly dowam edýändigini, olaryň ulag geçirijilik mümkinçiligine görä, doly kuwwatynda işleýändigini 5-nji martda habar beripdi.
Türkmenistanyň Eýran bilen umumy serhedi 1148 kilometrden ybarat bolup, paýtagt Aşgabat serhetden 24 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Degişli maglumat
Eýran urşy Merkezi Aziýa ykdysady tolkun atýar, esasy täsiri Türkmenistana düşýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.