Azatlygyň habarçylary 2025-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda ýyl başyndan 10% göterim artdyrylan pensiýalaryň ýaşulularyň durmuşyny ýeňletmändigini habar berdiler.
Nebitçilik pudagyndaky döwlet kärhanasynda 20 ýyllap sürüji bolup işlän balkanly ýaşulynyň pensiýasy 2025-nji ýylyň başynda 10% köpeldilip, 417 manat boldy. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşulynyň sözlerine görä, 2017-njy ýylda pensiýa çykan erkegiň pensiýasy 8 ýylda 289 manatdan 417 manada çenli ýokarlanypdyr.
Türkmen metbugaty şol wagt ýurtda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat, resmi kurs boýunça 157 amerikan dollary, döwlet kömek puluny hasaplamak üçin - 520 manat, ýagny resmi kurs boýunça 148 amerikan dollary möçberindäki serişdeleri agzapdy. Şol bir wagtda, habarly çeşmeler iş ýüzünde resmi taýdan minimal diýlip kesgitlenen pensiýany alyp bilmeýän pensionerleriň sanynyň kändigini aýdýarlar.
"2024-nji ýylda aýda 200 manat çemesi pensiýa alan pensionerleriň 2025-njy ýyldaky pensiýasy 220 manat boldy"" diýip, habarçymyz ýazdy.
Bu resmi kurs boýunça 62,8 amerikan dollary bolup, gara bazaryň şol wagtky kursunda 11 dollardan geçmeýärdi.
'Ýöntem' propaganda 'tersine işleýär'
2025-nji ýylyň ýanwarynda köpelen pensiýasynyň hiç zada ýetmeýändigini aýdan ýaşulular öz pensiýalarynyň 2026-njy ýylda 10% hem köpelmejekdigini bildiler.
Degişli maglumat 'Ene-ata garyp çagalaryna ýük bolýar', garrylar öýüne düşýärAzatlygyň habarçylary 9-njy ýanwarda türkmen häkimiýetleriniň başga pikirlilere we hökümet tankytçylaryna garşy 1991-nji ýyldan bäri ulanyp gelen ‘watan dönügi’, ‘haýyn’, ‘agzybirligi bozjak bolýanlar’ diýen ýaly tagmalarynyň indi o diýen netije bermeýändigini habar berdiler. Ýerli synçy bolsa, habarçymyz bilen söhbetdeşlikde döwletiň başga pikirlilere garşy ulanan 'delilsiz', 'ýöntem propagandasynyň' soňky wagtlarda tersine işleýän bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
Sosial torlaryň türkmen dilli segmentlerini ýakyndan yzarlaýan synçy täze ýylyň ilkinji hepdesindäki onlaýn çekişmeleri baradaky pikirini paýlaşyp, 2025-nji ýylyň “häkimiýetleriň ýurtdaky islendik kemçiligi köpçülikde aýtmak - bu Watana dönüklik etmek" görnüşindäki propagandasynyň türkmen internet ulanyjylarynyň ýiti tankydyna duçar bolmagy bilen başlandygyny” aýtdy.
Azatlygyň habarçylarynyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan raýatlarynyň sözlerine görä, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň sosial torlarda täze ýylyň ilkinji günlerinde geçiren göni ýaýlymdaky diskussiýalary türkmen jemgyýetindäki özara pikir alyşmalara ‘gowy täsir ýetirýär’.
Aýdylmagyna görä, sosial mediadaky diskussiýalara ýurt içinden gatnaşýan raýatlaryň içinde, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, pikirlerini aç-açan, ýuwmarlaman aýtmaga çalyşýan adamlar görnetin köpelýär.
Özbegistana gitmegiň görgüsi 'kiçiräk'
Azatlygyň habarçylary ýanwar aýynyň ortasynda daşary ýurtlardan iş gözleýän türkmenistanlylaryň öňünde täze bir mümkinçiligiň dörändigini habar berdiler.
"Raýatlar täze mümkinçilikleri we ýurtlary saýlaýarlar. Häzirki wagt goňşy Özbegistan türkmenistanlylar üçin iş migrasiýasynyň meşhur ugruna öwrüldi'' diýip, habarçymyz 16-njy ýanwarda ýazdy.
"Özbegistan diýlende garyp ýurt göz öňümize gelýärdi. Paýtagt Daşkentde türkmen aşpezlerine we gurluşyk ussalaryna 1500 dollara çenli aýlyk töleýärler, iň ýönekeý gap-çanak ýuwuja 600 dollar aýlyk töleýärler" diýip, Özbegistanda işleýän balkanly zenan gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ahally we balkanly zenanlaryň gürrüň bermegine görä, türkmenistanlylar üçin Özbegistana barmak beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende biraz aňsat.
"Özbegistana gitmek Türkiýä, Orsýete we Dubaýa gitmek ýaly uly görgi däl. Biz Özbegistana multi-wiza alyp 6 aýyň dowamynda erkin gelip-gidip bilýäris we jemi 6 aý üçin töleg 250 dollar bolýar. Goňşuçylyk we dil tarapdan ýakynlyk, iş bilen üpjünçilik türkmenistanlylaryň köpçülik bolup özbek döwletine zähmet migrasiýasyna gidip başlamagyna sebäp bolýar" diýip, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan zenanlar aýtdylar. Bu bir tarapdan gowy habar bolsa, ikinji tarapdan, türkmen eneleriniň çagalaryny taşlap, daşary ýurtlara gitmeginiň köpelmese, azalmaýandygyny tassyklaýar.
Azatlyk ýylyň dowamynda türkmen aýallarynyň iş, gazanç kynçylyklarynyň maşgalalara, çagalara ýetirýän täsirleri barada ençeme gepleşik taýýarlady.
Emma häkimiýetler, şol sanda türkmen syýasatyna täzelikde gelen Oguljahan Atabaýewa [prezident Berdimuhamedowyň aýal dogany] ýurtda çagalar meselesiniň döwletiň ileri tutýan meseleleriniň biridigini aýdyp, sosial media arkaly pikirini, ýagdaýyny aýdýan adamlaryň sözlerine açyk reaksiýa bildirmedi.
Ýolagçylyk, ulag kynçylyklary 'saklanyp galdy'
2025-nji ýylyň ýanwarynda türkmenistanlylaryň uçar mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi hem dowam etdi. “Türkmen Howaýollary” Aşgabat bilen Mosk
Degişli maglumat Arkadagda guruljak 'akylly' menzil ilatyň demirýol derdini gozgaýarwanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň togtadylan möhletini mart aýyna çenli uzaltdy diýip, INTERFAX.RU 31-nji ýanwarda habar berdi. Bu gatnawlar Azerbaýjanyň Russiýa gatnaýan ýolagçy uçary heläkçilige uçranyndan soň togtadylypdy.
Awiakompaniýa rus neşirine "Moskwa gatnawlarynyň fewral aýynda togtadylandygyny" aýtdy, ýöne uçuşlaryň togtadylmagynyň sebäbini düşündirmedi.
“Türkmen Howaýollary” Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky uçar gatnawlaryny 2024-nji ýylyň aýagynda togtadypdy.
Şonda uçar gatnawlarynyň 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli bolmajakdygy aýdylypdy, ýöne bu karara gelinmeginiň hiç bir sebäbi görkezilmändi.
Azatlyk ýylyň dowamynda ýurduň ilatynyň ýolagçylyk meselesinde çekýän kynçylyklaryna hem birnäçe gezek ýüzlendi, ýöne degişli resmilerden hiç bir reaksiýa bolmady.
Aşgabatda 9-njy fewraldan 10-njy fewrala geçilýän gije ýagan gar Türkmenistanyň elektrik, gaz üpjünçiligi meselesindäki meseleleriniň hem çözülmän galýandygyny görkezdi, habarçylarymyz tok, gaz üpjünçiligi kesildi diýip habar berdiler.
"Güýçli ýagan gar köçeleri we agaçlary örtdi. Häzir gar biraz eredi. Bagtymyza howa aşa sowamady we doňaklyk bolmady" diýip, habarçymyz 10-njy fewralda, irden aýtdy.
“Gar ýagmady, ýöne -18 gradusa golaý sowuk howa saklanyp galýar, Boldumsaz, Ruhybelent, S.Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda ilatyň tebigy gaz we suw üpjünçilik meselesi agyrlaşdy, 6-njy gün mekdeplere okuwçylaryň tas 70 göterimi gelmedi, çagalar sowuk klaslarda sowuklamak islemeýärler” diýip, Daşoguzdaky habarçymyz ýerli çeşmä salgylanyp habar berdi.
Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde 24-25-nji fewralda ýagan garyň döreden kynçylyklary barada hem döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylmaýan maglumatlary gijikdirmän habar berdiler.
Aşgabatdan we Awazadan gelip gowşan suratlarda gar bilen örtülen agaçlary, binalary we düz meýdanlary synlap gözüň dokunsa, Mary welaýatynyň obalarynda gardan soň emele gelen batgalygyň ýerli ýaşaýjylara döreden kynçylyklary uly soraglady döredýärdi. Balkanly sürüjiler bolsa, sürçek ýollarda agyr synaglara sezewar bolandyklaryny gürrüň berdiler.
“Oba ýerlerinde ygally howadan soňra, ýollar palçyga bulaşdy. Şäher ýerlerinde hem batga bolup ýatan ýerler köp. Köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerine suw syzdy. Mary şäheriniň protokol köçelerinde jemagat hojalygynyň işgärleri çygly howada köçeleri arassalamak bilen meşgul boldular” diýip, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary aýtdy.
Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde garyň galyňlygy 10 santimetre çenli baryp ýetdi.
“Köpden bäri gar ýagmansoň, sürçek ýollarda ulag dolandyrmakdan eli çykyşan sürüjiler birbada başagaý boldy. Şonuň üçin, käbir ulaglar ýol hadysalaryna uçrady ” diýip, Balkan welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Un, çörek, et meseleleri 'has çylşyrymlaşdy'
Habarçylarymyz ýurtdaky un meselesiniň öňkülerine garanda has çylşyrymlaşýandygyny habar berdiler.
“...Häzir bar unumyzy tygşytlamaly bolýarys” diýip, üç çaganyň enesi, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy, 38 ýaşly zenan 24-nji fewralda Azatlyga aýtdy.
Degişli maglumat Arzan etiň 'gymmat kyssasy': Prezident çöken maldarçylygy dikeldip bilermi?Şeýle-de, ol äriniň iş gözleginde Türkiýä gidendigini, iki ýyl bäri ondan habar alyp bilmän, çagalary we garry enesi bilen ýalňyz galandygyny gürrüň berdi.
Marydaky habarçymyz şonda Tagtabazar etrabynda dörän un gytçylygy, ýaşaýjylaryň galaba köplüginiň hususy dükanlarda satylýan uny satyp alyp bilmeýändigini habar beripdi..
her ýyl bugdaý ekýän we azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan hökümet bu habarlara hiç bir düşündiriş bermedi.
Şeýle-de Azatlyk fewral aýynda ýurtdaky öý, jaý meselelerine, 'gizlin öýsüzligiň jebrini çekýän raýatlara, 'ýaşuly' biznesi ýa-da arkasyz telekeçileriň, ýokary wezipeli hossary wezipesinden aýrylan telekeçileriň kynçylyklaryna, iş ýerleriniň köpelmegine däl, azalmagyna getirýän nogsanlyklara hem ünsi çekdi.
Habarlarymyzdan görnüşi ýaly, 2025-nji ýyl ýurtda et önümleriniň iň gymmatlan ýyly hökmünde taryha girdi.
Azatlygyň habarçylary eýýäm mart aýynda, balyga bol Balkan sebitiniň merkezinde deňiz we derýa balyklarynyň bahalarynyň gitdigiçe gymmatlaýandygyny habar berdiler.
“Deňiz balyklaryndan kefal balygynyň bir kilogramynyň bahasy 60 manatdan 90 manada, gara balyk 150 manatdan 220 manada gymmatlady, bekre balygy 500 manatdan 800 manada çenli bahalanýar” diýip, bazarlardaky alyjylar aýtdy.
Şeýlelikde, balygyň ortaça bahasy adaty aýlar bilen deňeşdirilende, Oraza aýynda 53 göterim, takmynan 1,5 esse çemesi ýokarlanyp ilat arasynda bildirilýän aladalaryň öňküsinden hem ýokalanandygy habar berildi.
Mart aýynyň ortalarynda gelip gowşan maglumatlara görä, sebit merkezinde eýýäm şol wagt bir kilogram jylka sygyr etiniň bahasy 90-110 manat aralygynda bahalansa, süňkli sygyr etiniň bir kilesi 70 manat bahalandy.
Synçylar şonda et nyrhlarynyň tutuş ýurt boýunça rekord derejelere ýetendigini bellediler.
Martyň başlarynda ýurduň gündogar Lebap welaýatynda etiň bahasy 80-82 manada çenli ýokarlanan bolsa, Mary welaýatynda, şol wagtlar bir kilogram et 65 manat töwereklerinde bahalanýardy.
Orsýetden import edilýän bugdaý üç esse köpeldi
Azatlygyň habarçylary mallaryň arasynda ýaýraýan keselçilikler, derman-däri, ot-iým meselesindäki kynçylyklar barada yzygiderli habar berýärler we, et nyrhlarynyň dowamly we aşa ýokarlanmagy, synçylaryň pikirine görä, diňe Oraza aýynda ýokarlanan talaplar bilen düşündirilip bilinmez.
Sebäbi, habarçylarymyzyň beren maglumatlaryndan görnüşine görä, azyk üpjünçiligi meselesi Oraza aýyndan öň hem gowy däldi we barha ýaramazlaşýardy.
Mysal üçin, Azatlygyň habarçylary fewral aýynyň ilkinji hepdesinde Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde käbir azyk önümleriniň bahalarynyň 200 %-e çenli gymmatlandygyny habar berdiler. Şonda käbir gök-bakja önümleri iki esse çemesi gymmatlan bolsa, ozal 60-65 manatdan bahalanan etiň bahasy 70-75 manada çykypdy. Bu bahalar soňy bilen has-da ýokarlandy.
Rus metbugatynyň habarlaryna görä, Türkmenistan 2025-nji ýylda Orsýetden import edýän bugdaýyny üç esse köpeltdi we, sebitlerde ýüze çykan ýerli un gytçylyklary hökümetiň azyk howpsuzlygy barada eden beýanatlaryny ýene-de uly sorag astyna saldy.
Degişli maglumat Türkmenistanda boýun alynmaýan garyplygyň çagalara berýän 'şarpyk terbiýesi'Balkanabatdaky habarçymyz fewralyň ortalarynda ýerli unuň gytçylygynyň emele gelendigini habar berse, Marydaky habarçymyz şşol aýyň ahyrlarynda Tagtabazar etrabynda ýerli unuň 50 kilogramynyň bahasynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykyp, 650 manada çenli gymmatlandygyny ýazdy.
Maglumat üçin aýtsak, köplenç 50 kilogramlyk haltalarda satylýan unuň bahasy 2024-nji ýylyň ilkinji aýlarynda 250 manatdan bahalanýardy we bu baha belli bir möhlete çenli saklanyp galypdy.
Türkmenistan, ýylyň 11 aýyna degişli habarlara görä, Orsýetden import edýän guş etini 2,1 esse, günebakar ýagyny 1,5 esse we süýt-gatyk önümlerini 1,4 esse köpeltdi.
Emma muňa garamazdan, döwlet dükanlarynda satylýan günebakar ýagynyň bahasy hem gymmatlamagyny dowam etdirdi.
Türkmenistandaky aýlyklaryň, kömek pullarynyň möçberi nazarda tutulanda, azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagy ilat üçin 2025-nji ýylyň iň aladaly meseleleriniň biri boldy, goly ýuka maşgalalar çagalarynyň geljegini gaty alada edýär diýip, synçylar aýtdy.
Ýatlatsak, Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1410 manat möçberinde kesgitlendi, şeýle-de pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplamagyň binýatlyk ululygy 550 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamagyň binýatlyk möçberi bolsa, 520 manat hökmünde kesgitlendi.
Suw meselesi ýitileşýär, häkimiýetler 'çäresiz'
Azatlyk, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam daýhanlaryň ekerançylyk suwy, ilatyň agyz suwy we beýleki zerurlyklary barada dowamly habar bermäge çalyşdy. Pagtaçylyk senagaty bilen baglylykda dörän suw bisarpaçylygy, ýerleriň şorladylmagy, hasyllylygyň dowamly pese gaçmagy we daýhançylykdan gidýän adamlaryň köpelmegi bilen, ýylyň soňky aýlarynda habarçylarymyz ýaplarda ýerleri suwarmaga däl, mallary suwa ýakmak üçin hem suw tapylmaýandygyny habar berdiler.
Aprel aýynyň ortalarynda habarçylarymyz ýurduň esasy akabasyndan, Amyderýadan gelýän suwuň düýpli azalandygyny habar berdiler. Çeşmeler şol mahal bahar paslynda adatça bol gelýän suwuň bu ýyl düýpli kemelmegini goňşy Owganystanda alnyp barylýan suw işleri bilen baglanyşdyrdylar.
Şeýle-de, Owganystandan gelýän suwuň derejesiniň tas iki esse peselendigi, suw meselesiniň Mary we Lebap welaýatlarynda has köp duýulýandygy, suwsuz galan kenarlaryň opurylýandygy, ekerançylyk ýerlerini basýan çäge akymynyň güýçlenmegi bilen, öň yza itilen çolleşmäniň täzeden hüjüme geçýändigi habar berildi.
Emma türkmen hökümeti we türkmen metbugaty bu habarlara hiç bir reaksiýa bildirmedi.
Maglumat üçin aýtsak, Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýa akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi we bu desganyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanjagyny aýtdy.
Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine wehim saljakdygyny duýdurdylar.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň suw üpjünçiliginiň 95 göterimi Amyderýa bagly bolup, bu suw akabasynyň takmynan 1000 kilometre barabar bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Degişli maglumat Öňki häkimiň yzyna getirilmegi Mary ilatynda 'nägilelik döretdi'Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlarda ýaýbaňlandyrylan pagtaçylyk bilen baglylykda, sebitdäki suw meseleleri öňräkden bäri uly alada bolup durýar we, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2024-nji ýylyň 7-nji martynda “Talyban” dolandyryjylaryna serhetüsti derýalardan suw almak işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurdygyny ýatlatdy.
Ýerli synçylaryň köpüsi Owganystanda gurulýan täze suw desgasynyň ozal Türkmenistanda, Garagum kanaly gurlanda goýberilen ýalňyşlygy gaýtalaýandygyny aýdyp, suw meselesindäki jogapkärçiligiň sebit ýurtlarynyň ählisinde ýokarlandyrylmalydygy bilen ylalaşýar.
Azatlygyň guraýan söhbetdeşliklerinde öňräkden bäri aýdylyp gelýän pikirlere garamazdan, türkmen häkimiýetleri suw tygşytlamak, ýagyş-ýagmyr suwlaryny toplamak we rejeli ulanmak tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna zerur bolan serişdeleri goýbermedi, ikinji, üçünji derejeli gurluşyklara milliardlarça dollar harçlady diýip, ozalky suw inženeri Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ekerançylyk ýerleriniň 'hatardan çykmagy' dowam etdi
Maý aýynyň başynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bilen gürleşen hünärmenler, daýhanlar sebitde “hatardan çykýan” ekerançylyk ýerleriniň barha köpelýändigini aýtdylar.
9-njy maýda gelip gowşan maglumatda Daşoguz sebitiniň demirgazyk-günbatar etraplarynda ýiti suw ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygy, Akdepe, Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň ekin meýdanlaryna ekerançylyk “suwunyň tasdan berilmändigi” aýdyldy.
“Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda, beýleki etraplarymyzda, ýeriň ýagdaýyna laýyklykda, gyş suwy we tarp şor ýuwuş suwy aýratynlykda berilmeli” diýip, daşoguzly agronom (ady redaksiýada bar) Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Hünärmeniň düşündirmegine görä, Türkmenistanyň günorta, günbatar sebitlerindäki ekerançylyk ýerlerinden tapawutlylykda, demirgazyk sebitde ýerasty suw 50, 100 metr çuňlukda däl-de, 4-5 metr çuňlukda ýerleşýär.
“Daşoguz şertlerinde ýeriň şoruny aýyrmak ýa-da azaltmak diňe ýuwuş suwunyň tutulmagyna bagly. Ýuwuş suwy berilmedik ýerde, Ahal, Mary welaýatlaryndakydan tapawutlylykda, gögeriş alyp bolmaýar” diýip, ýerli agronom aýtdy.
Degişli maglumat Hazar deňzinde, Amyderýada suw çekilmesi dowam edýär, prezident yz-yzyna maslahat geçirýärSuw meseleleriniň gapdalyndan, Azatlyk pagtaçylykda ýylyň-ýylyna gaýtalanýan we hasyllylygyň ýokarlanmagyna ýol bermeýän geleňsizliklere hem, ýerli hünärmenleriň ýurt içinde açyk, döwlet metbugatynda aýdyp bilmeýän pikirleri esasynda, ünsi çekmegini dowam etdirdi.
Daşoguzly agronomyň öňden aýdylyp gelýän pikirleri tassyklap aýtmagyna görä, oba hojalygyndaky mesele diňe suwda, ýylyň gurak gelmeginde ýa beýlekilerde hem däl.
Ilat iş bilýän adamlaryň işledilmegini isleýär
Daşoguzdaky söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, iş bilýän adamlar ýolbaşçy bellense, häzirki ýagdaý döremeli däl.
Türkmenistanda soňky onýyllyklarda uly kadr geldi-geçerligi döredi we, 2025-nji ýyl Mary sebitinde ozal iş başarmazlykda aýyplanan häkimiň yzyna, öňki wezipesine dolanmagy bilen taryha girdi.
“Soňky welaýat häkimleri beýle-de dursun, etrap häkimleri hem halk bilen duşuşmaýar, oba hojalyk işleriniň ýagdaýyny görmäge gelmeýär“ diýip, daşoguzly daýhanlaryň biri hatardan çykýan ýerleriň ýyl-ýyldan köpelmegini Berdimuhamedowla döwründe wezipä bellenýän emeldarlaryň iş bilmezligi bilen baglanyşdyrdy.
Emma muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň oba hoajalyk syýasaty üýtgewsizligine galdy we oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer (Taňryguly Atahallyýw) 8-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde, öňki wise-premýerleriň aýdyşy ýaly, “suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli çäreleriň görülýändigini”, TDH-nyň habaryna görä, umumy bir jümlede tassyklamak bilen çäklendi.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň mejbury zähmet, oba hojalyk işgärleriniň iş, gazanç şertleri meselesi hem saklanyp galdy we, käbir synçylar bu 'derdiň' has agyrlaşýandygyny, netijede, bu ýyl ýetişdirilen pagta hasylynyň ýüzlerçe gektar ýerde noýabryň aýagynda, dekabryň başynda hem, mugt işçi güýjüne garaşýan hususy telekeçileriň serişde tygşytlamagy zerarly, ýygylman galandygyny aýtdylar.
Şeýlelikde, oba hojalygyndaky iş, töleg şertleri, möwsümleýin işler üçin zerur bolan el güýjüniň ýetmezçiliginiň dowam etmegine sebäp boldy.
Balkandaky habarçymyz býujet edaralarynyň işgärleriniň tölegsiz ýekeleme, otag işlerine çekilendigini habar berse, Marydaky habarçymyz Ýolöten etrabyndaky potratçy daýhanlaryň gowaça meýdanlaryny otar ýaly otagçy tapmakda kynçylyk çekendiklerini habar berdi.
Meýdan işlerinde el güýjüniň ýetmezçiligi 'güýçlendi'
Meýdan işleri üçin zerur bolan el güýjüniň ýetmezçiligi daşary ýurtlara gidýän we yzyna gelmek islemeýän adamlaryň barha köpelmegi bilen düşündirilýär.
“Häzir potratymyzy otatmak üçin işçi, daýhan gözleýäris, ýöne tapyp bilmeýäris. Geçen ýyl potratymyzy otap, ýekeleme işlerine kömekleşen adamlaryň aglaba köp bölegi daşary ýurtlara, Türkiýa, Russiýa işlemäge gidipdir, galanlary yssy howada, günüň aşagynda işlemäge ýaranok” diýip, ýolötenli kärendeçi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli synçylar, içerki we daşarky zähmet migrantlary adamlaryň meýdan işleşmeginden daşlaşmagyny esasan tölenýän zähmet hakynyň gaty az bolmagy bilen düşündirýärler.
“...daýhanlaryň gadyry bolmansoň, pul az berlip, hatda bokurdagyna ýetmänsoň, daşary ýurda çykýanlaryň sany günsaýyn artýar. Köp daýhany kesel aldy. Adamlaryň onkologiýa we beýleki näsaglyklar, adaty dümew üçin hem hassahana baryp, bejergi almaga pullary bolmaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daýhan aýtdy.
Degişli maglumat Ýerli hünärmenler hökümeti 'unudylan' suw meselesine gyssagly 'baş galdyrmaga' çagyrýarlarOnuň sözlerine görä, daşary ýurtlara giden adamlar, Türkmenistanda edýän işiniň dörtden birini edende hem, 6-7 esse köp hak alýandyklaryny aýdýarlar.
Kärendeçiler diňe gowaça meýdanlarynda däl, bugdaý ekilen ýerlerde hem el güýjüniň ýetmeýändigini, haşal otuň bugdaýdan kändigini gürrüň berdiler.
Şol bir wagtda, kärendeçileriň hem ala tutulýandygy, öňki ýyllardan gelýän deňsizligiň saklanyp galýandygy habar berildi.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, häkimlik işgärleriniň potrat ýerine mekgejöwen, ýorunja, arpa, dary we beýleki ekinler ekilýär, gowaça ekilmeli 10 gektar ýeriň 5 gektaryna gowaça, galan 5 gektaryna başga zat ekselerem, olara zat diýilmeýär. "...ýurtda deňlik, adalat bolmasa, daýhançylyk kärimi taşlap, daşary ýurtlara gitmek hyýalymyň gün-günden artýandygyny aýtmak isleýärin” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi hossarsyz kärendeçileriň öz ýerinde, ekin gyrasynda iki düýp kädi hem ekip bilmeýändigini gürrüň berdi.
'Çekirtge bolçulygy'
Bu ýyl Türkmenistanda bir bolçulyk hakynda gürrüň etmeli bolsa, synçylaryň biriniň sözleri bilen aýtsak, howanyň gyzyp başlamagy bilen, 'çekirtge bolçulygynyň' bolandygyny aýtmaly.
Azatlygyň habarçylary çekirtgeleriň diňe ekinleri, gögerip oturan baglary gemrip oňmaýandygyny, öýlerinde, awtoulaglarynyň içinde oturan adamlary hem ‘gaty bimaza edýändigini” habar berdiler.
Eýýäm maý aýynda uly alada döreden çekirtge 'ýörişi', iýun aýynda has giň gerime eýe boldy.
“Çekirtge gitdigiçe köpelýär, käbir ýerlerde barmak basmaga boş ýer tapyp bolmaýar. Bu ýagdaý şu ýyl Türkmenistanda hasylyň bolmajagyny aňladýar. ...galla hasylynyň meýdanda ýygnalman galan bölegi çekirtgelere şam bolýar, ýetişip gelýän gowaçalary hem çekirtge iýýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi iýun aýynyň aýagynda aýtdy.
“Türkmenistanyň ilatyna azyk ýetmezçiligi howpy abanýar. ...teleýaýlymlarda boş gürrüň edip, ‘bol hasyl alyndy’ diýip, halky aldanyň bilen, näçe kän halwa diýeniň bilen, halkyň agzy süýjänok” diýip, ýerli ýaşaýjy häkimiýetleri geleňsizlikde aýyplady.
Ilat arasyndaky çekirtge aladasynyň barha güýçlenýän wagty türkmen metbugaty ýurduň gallaçy daýhanlarynyň 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnandygyny habar berdi.
Şonuň bilen bir wagtda, habarçylarymyz ýurtdaky maliýe, manat meseleleriniň saklanyp galýandygyny, lebapda pensionerleriň pensiýalarynyň gijikdirilýändigini, Balkanda 2000 tonnadan gowrak pile tabşyran daýhanlaryň pulunyň tölenmeýändigini habar berdiler.
Parahorlugyň 'berk pozisiýasy'
Durmuş reallyklary bilen metbugatda aýdylýan zatlaryň arasyndaky uly tapawudyň agramy bu ýylam esasan az gazançly maşgalalaryň, olaryň çagalarynyň egninden basdy; okuw jaýlary parahorluk meselesinde öz pozisiýasyny berk saklaýar diýip, çeşmelerimiz ýurduň iş esasy meseleleriniň biriniň bu ýylam çözülmän galandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Türkmenistan rus ununy import etmekde ýokarky üçlüge girdi"...lukmançylyk uniwersitetiniň obşiý leçebny ugry boýunça stipendiýaly okuwa girmek üçin 30 müň amerikan dollary mukdarynda para soralýar we ol ýerler eýýäm aprel we maý aýlarynda pully adamlar tarapyndan satyn alyndy" diýip, aşgabatly çeşme habarçymyza aýtdy.
Habarçylarymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, medisina ugry boýunça tölegli fakultete soralýan para 10-15 müň dollar möçberinde.
Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetinde stipendiýaly okamak üçin paranyň mukdary fakultete görä, 25-30 mün amerikan dollaryna ýetýär, tölegli fakultetlere girmek üçin 10 müň amerikan dollary möçberinde para soralýar.
Orta hünär mekdeplerinde hem para soralýar diýip, ýagdaýdan habarly hünärmenler häkimiýetleriň bilimdäki, hakyky ýokary hünärli adamlary ýetişdirmek meselesindäki düwünleri çözmek meselesiniň golaýyna hem barmaýandyklaryny öňe sürdüler.
"Mugallymçylyk boýunça uçilişede 7-10 müň aralygynda amerikan dollary soralýar, medisina ugry boýunça orta hünär mekdebinde 7 we 11 müň dollar aralygynda, ýagny şepagat uýasy bolmak üçin 7 müň dollar, çaga dogurmaga kömek edýän akuşer käri üçin 11 müň amerikan dollary soralýar" diýip, habarly çeşme aýtdy.
Bilimdäki paranyň yza çekilmezliginiň arasynda, mugallym ýetmezçiliginiň, harby gullukçy, hukuk goraýjy işgär ýetmezçiliginiň gitdigiçe ýitileşýändigi, türkmen goşunyndaky ofiserleriň köpçülikleýin işden çykmaga ýykgyn edýändigi habar berildi. Emma türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş bermediler.
Uly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende bilim reformasyny wada beren hem bolsa, ýagdaý gowulyga tarap üýtgemedi, kiçi Berdimuhamedow bu meseleler bilen düýpden gyzyklanmaýana meňzeýär diýip, ýerli synçy aýtdy.
Ýas habarlary 'köpeldi''
Ýaşaýjylaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmazlygy bilen, goly ýuka maşgalalaryň barha köpelmeginiň arasynda, ýaňy orta mekdebi tamamlan, goşun gullugyndan dolanyp gelen ýaşlaryň öňünde keserýän kynçylyklar çuňlaşýar, agyr zähmet, gazanç ýetmezligi bilen baglylykda döreýän beden, ruhy saglyk meseleleri ýas habarlarynyň köpelmegine getirýär diýip, çeşmeler tomsuň yssysynda güýçden gaçan adamlaryň has ejizleýändigini habar berdiler.
Türkmenistan ýurtdaky keselçilik, ölüm habarlaryny ýaşyryn saklaýar. Emma çeşmeler häkimiýetleriň emele gelen ýagdaýdan özleriçe çykalga tapmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Hökümet dilegçilik problemasyny agzamaýar, polisiýa hor adamlary urýarŞeýle çykalga gözlegleriniň arasynda, iýun aýynyň aýagynda balkanly zenanlaryň uçdantutma ginekologiýa barlagyndan geçmäge mejbur edilýändigi habar berildi.
Azatlygyň medisina edaralaryndaky çeşmeleri bu barlagyň jynsy taýdan geçýän ýokanç keselleri anyklamak üçin geçirilýändigini aýtdylar.
Balkanabat şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilýän medisina barlagyna 18 we 45 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlar çekilýär diýip, hünärmen anyklaşdyrdy.
"Aýallary uçdantutma gan we mazok barlaglaryndan geçmäge mejbur edýärler. Gan barlagy gönüden-göni welaýatyň SPID merkezi üçin alynýar. Ähli ýaşaýjylar öz kwartallaryna degişli saglyk öýlerine baryp, gan we mazok analizini tabşyrmaly" diýip, balkanabatly medisina işgäri Azatlyga anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, çeşmeler bu ýyl weziplei erkekleriň, pully adamlaryň aýal-gyzlaryň düşen kyn ýagdaýlaryndan, sosial goragsyzlygyndan peýdalanjak bolmaklarynyň has köpelendigini habar berdiler.
Bu habarlar Türkmenistanda oglanlaryň, ýaş ýigitleriň ýetmezçiliginiň dowamly ýitileşýändigi baradaky maglumatlar bilen utgaşdy.
Habarçylarymyz gyz-gelinleriň erkek ýetmezçiliginden uly alada galýandygyny habar berdiler. Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe gyzyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý gyzlaryň käbiriniň öz janyna kast etmegine hem sebäp bolýar.
Azatlygyň Marydaky çeşmeleriniň fewral aýynda beren habarlaryna görä, sebitde öz janyna kast edýän adamlaryň sany görnetin köpeldi.
"Bir geňeşlikde 5-6 sany pata bar bolsa, şonuň 4-si öz janyna kast eden adamlaryňky" diýip, çeşme aýtdy. Ol mollalaryň bu ýagdaýy “yzyna gara düşdi” diýip düşündirýändigini belledi.
Adamlaryň öz janyna kast etmeginiň sebäpleri dürli-dürli, emma janyndan geçenleriň ýakynlarynyň we tanyşlarynyň beren gürrüňlerinden merhumlaryň agyr maddy kynçylyklary başdan geçirendigi belli bolýar diýip, synçylar aýdýar.
Bu kynçylyklaryň hemmesi birleşip, ýurtda köp aýallylygyň adaty zada öwrülmegine, zenan maşgalalaryň agyr kemsidilmegine getirýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
Gymmatbaha gurluşyklar dowam etdirildi
Türkmenistan, ykdysady kynçylyklaryň has çuňlaşmagynyň arasynda, bu ýylam ikinji, üçünji derejeli diýilýän gurluşyklara ummasyz döwlet serişdesini harçlamagyny dowam etdirdi diýip, synçylar aýdýarlar.
Şonuň bilen bir wagtda, gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmetiň üstesine, gurluşyk meýdançalarynda hem mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygy, daşary ýurtlara gidip bilmän, ýurt içinde eklenç etmäge çalyşýan işçileriň 'agyr ezilýändigi' habar berildi.
Azatlygyň habarçysy iýul aýynda Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda işleýän içerki migrantlaryň, aşa yssy howa zerarly, gijelerine, giç sagat 23:30-da işe başlap, ir sagat 8:30-a çenli, gijeki iş tertibinde, agyr şertlerde işleýändiklerini, olaryň alýan aýlyk haklarynyň, dollaryň gara bazar kursunda hasaplananda, 200-250 amerikan dollaryndan geçmeýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Arkadagda gurulýan metjit üçin býujet işgärlerinden pul talap edilýärAýdylmagyna görä, Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda işleýän işçileriň aglaba köplügi beýleki welaýatlardan gelen migrant işçiler bolup, olar kynlyk bilen tapan işlerini ýitirmezlik üçin her hili agyr şertlerde işlemäge kaýyl bolýarlar.
Azatlyk Radiosy awgustyň birinji hepdesinde Ahal welaýatynyň möhüm merkezlerinde, Arkadag we Änew şäherlerinde tireparaz we ýerliçil çemeleşmelerden ejir çekýän içerki migrantlaryň, beýleki welaýatlardan gelen gurluşyk işçileriniň ýüzbe-ýüz galýan problemalary barada habar berdi.
Şonda içerki migrantlar özleriniň gelip çykan welaýatlary bilen baglylykda öz şahsyýetleriniň, at-abraýlarynyň kemsidilýändigini, ýa-da özleriniň äsgerilmeýändigini aýtdylar.
'Tireparazlyk', 'ýerliçillik' aladalary
Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri günorta sebitlerde hatda hukuk goraýjy işgärleriň özleriniň hem tireparazlygy we ýerliçilligi öňe sürýän halatlarynyň bolýandygyny, häkimiýet wekilleriniň bu meseledäki pozisiýalarynyň jemgyýetde asudalyga wehim salýandygyny öňe sürdüler
“...Häkimiýet we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri welaýatlardan gelen işçilere paýyş sözleri aýdyp, olary tireparaz äheňli kemsitmelere sezewar edýärler” diýip, günorta sebitde zähmet çekýän maryly gurluşykçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýerli synçylar şeýle hadysalary göz öňünde tutup, tireparaz meýillere diňe bir sosial ulgamlarda däl, eýsem ilat arasynda, ýokary okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde, harby bölümlerde we beýleki edaralarda hem giňden duş gelmegiň mümkindigini aýtdylar.
Içerki migrantlaryň ezilmeginde gurulýan binalaryň biri hem Arkadag şäherindäki uly metjit bolup, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar “häzirki ykdysady kynçylyk ýagdaýynda, her annada jemagat bolup okalýan jumga namazyna gatnaşýanlaryň sany on adama hem ýetmeýän şäherinde'' beýle uly binanyň gurulmagyny sorag astyna aldylar we "köp adamyň metjit gurmaga çykarylýan pullara razy däldigini" aýtdylar.
Maglumat üçin aýtsak, öň sebitlerde we Aşgabatda, şol sanda Owganystanda uly metjit gurduran türkmen hökümeti bu ýyl Azerbaýjanda bir metjit gurdurjakdygyny yglan etdi.
Şol bir wagtda, Türkmenistanda dindarlaryň ýanalmagy dowam edýär. ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy komissiýasy (USCIRF) 2025-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistany ýene-de “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirildi.
Sakgal gözegçiligi 'güýçlendi'
Iýul aýynda habarçylarymyz ýurtda sakgal gözegçiliginiň güýçlenendigini habar berdiler.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen erkekleriň tassyklamagyna görä, Ahal welaýatynda ýaşy elliden aşakda bolan adamlara sakgal goýbermek dilden berilýän görkezme esasynda gadagan edilýär.
Şeýle-de, internet arkaly daşary ýurtly mollalaryň wagyz-nesihat edýän wideolaryny paýlaşýanlaryň soraga çagyrylýandygy, goňşy döwletleriň din wekilleriniň wagyzlaryny diňlemegiň we paýlaşmagyň gadagan edilýändigi habar berilýär.
Emma muňa garamazdan, Aşgabat din wekillerini döwlet propagandasy, şol sanda ýurtdan gidýänleri saklamak üçin ulanmagyny dowam etdirýär.
Aprel aýynda çeşmeler MHM-niň mollalary şugulçylyga çekip, olardan başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýändigini habar berdiler, iýul aýynda mollalaryň ilaty ýurtda saklamak agitasiýasyna çekilendigi habar berildi.
Emma bu agitasiýa, mollalaryň ýurtdaky agyr meseleleri ret etmek synanyşyklary, synçylaryň aýtmagyna görä, adamlaryň arasynda zähmet migrasiýasy, daşary ýurtlardaky iş, durmuş şertleri, Türkmenistanda emele gelen agyr ýagdaý baradaky pikir alyşmalaryň has güýçlenmegine sebäp boldy.
“Öňler her gün iýjek çöregimiz gaýgy boldy, häzir biziň çagalarymyzyň ýüzi täzelendi, ...biziň iýjek çöregimizi, iýýän towuk budumyzy satyn almaga şolar pul ugradýar, olar daşary döwletlere çykmadyk bolsalar, Türkmenistanda jenaýatçy bolup, türmä basylardy” diýip, birnäçe garyndaşy, tanşy daşary ýurtda işleýän zenan maşgala Azatlyga aýtdy.
Degişli maglumat Mollalar “keselçiligiň, ölüm-ýitimiň köpelendigini” aýdyp, sadaka bermek üçin hojalyklardan pul ýygnaýarTürkmen häkimiýetleri, işsizligiň derejesini, ýylda jenaýat edip, türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sanyny, aýrylyşýan jübütleriň, ýetim galýan çagalaryň sanyny ýaşyryşy ýaly, daşary ýurtlara işlemäge giden raýatlarynyň sanyny hem gizläp saklaýar.
Iş umydyny Russiýa baglaýan 'köpeldi'
Ýurtdaky agyr şertler adamlaryň bu ýyl hem daşary ýurtlardan gazanç gözlemäge ýykgyn etmegini saklap galana meňzeýär.
Awgust aýynda çeşmeler ozal esasan Türkiýä giden türkmenistanlylaryň indi umytlaryny Russiýa baglamagynyň güýçlenýändigini habar berdiler.
Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň konsullyk hyzmatlaryna bolan talaby artýar, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky wekilhanalarynda nobatlar döreýär, ýüz tutýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen raýatlygyndan çykmak isleýänler hem az däl diýip, çeşme aýtdy.
Nobata duranlaryň 70%-den gowragynyň milleti türkmen diýip, çeşmeler aýtdy. Anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanlylaryň tassyklamagyna görä, adamlaryň türkmen raýatlygyndan çykmagy olara Aşgabada baranlarynda edilýän bikanun basyşlar bilen bagly.
"Türkmenistanyň içinde türkmen raýatlygyndan çykjak bolsaň, azyndan iki ýyllap garaşmaly bolýar we ýurduň daşyna çykyp bolmaýar. Sebäbi türkmen raýaty şol döwürde ýurtdan goýberilmeýär. Türkmenistanyň prezidenti raýatlykdan çykmak baradaky karara ýylda bir gezek gol çekýär" diýip, Russiýada ýaşaýan türkmenistanly aýtdy.
Şol bir wagtda, Moskwadaky türkmen ilçihanasynda nobata duran adamlar daşary ýurtda-da türkmen raýatlygyndan çykmak işiniň uzaga çekýändigini, on ýyl bäri raýatlykdan çykyp bilmeýän türkmenleriň hem bardygyny gürrüň berdiler.
Rus häkimiýetlerine salgylanyp çap edilen media maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan Russiýa 26 000-den gowrak syýahatçy barypdyr.
Şeýle syýahatçylyk bilen baglylykda, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna goşulan türkmenistanlylar barada çykan habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri şu ýyl Russiýa gidýän türkmenleri ýoldan saklamak tagallalaryny güýçlendirýär diýip, ýylyň dowamynda gowşan maglumatlarda aýdyldy.
Degişli maglumat Rus urşy bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenistan öňki harbylaryň ýoluny ýapýarUkrain hökümetiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň awgust aýynda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, 2025-nji ýylyň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty rus goşuny tarapyndan hakyna tutuldy. Ondan öň ruslaryň tarapynda söweşýän 170 türkmen raýaty barada maglumat çap edilipdi.
Başga pikirlileriň yzarlanmagy dowam etdi
2025-nji ýyl, Alişer Sahatow, Abdylla Orusow ýaly daşary ýurtda ýaşaýan aktiwistleriň häkimiýetler tarapyndan saklanmagy we 'ýitirim bolmagy' bilen, türkmen hökümetiniň öz tankytçylaryny yzarlamak ýörelgesinden, ýagny, raýatlara kanunda kepillendirilen hukuklaryny peýdalanmaga ýol bermezlik praktikasyndan el çekmeýändigini ýene bir gezek tassyk etdi.
Türkmen raýatlarynyň ençemesi, hökümet tankytçylygy bilen baglylykda, 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy.
Şeýle-de, häkimiýetler bu ýyl syýasy sebäpler esasynda berlen jeza möhletini tamamlan Myrat Düşemowa täze, galplaşdyrylan iş boýunça goşmaça ýyl kesdiler, öňki žurnalist, gaplaşdyrylan jenaýat işi boýunça türme möhletini tamamlan Nurgeldi Halykowyň daşary ýurda çykmagynyň öňüni aldylar diýip, hukuk goraýjylar habar berdi.
Uzak ýyllardan bäri ilatyň internet ulanmak, özbaşdak habar almak mümkinçiliklerini çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistan bu ýyl emeli aňdan peýdalanyp başlan ýaşlardan alada galdy.
Çeşmeleriň awgust aýynda beren habaryna görä, ýurduň Ahal we Lebap welaýatlarynyň howpsuzlyk işgärleri ChatGPT we DeepSeek ýaly platformalaryň ýurtda garaşsyz maglumat elýeterliligini köpeltmeginden howatyr edýärler.
“Milli howpsuzlyk ministrligine görä, şeýle platformalar Türkmenistanda alnyp barylýan resmi propagandanyň täsirini gowşadýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, türkmen ýaşlarynyň öz daşary ýurtlardaky deň-duşlary bilen aýakdaş gitmäge çalyşýandygy Nepal protestleriniň fonunda has görnetin ýüze çykdy.
Degişli maglumat Adam hukuklary guramalary Türkmenistany raýat jemgyýeti aktiwistlerini azat etmäge çagyrýarHäkimiýetleriň raýat azatlyklaryny dowamly çäklendirmeginiň arasynda, Türkmenistanda ‘köşk bagşysy’ hökmünde tanalýan Jemal Saparowanyň türkmen prezidentine täç geýdirip, ony ömürlik şa etmek barada eden çagyryşyny sosial mediada diňlän türkmenistanlylar hem, öňki ýyllardan tapawutlylykda, öz syýasy garaýyşlaryny has açyk aýtmaga synandylar.
Olaryň käbiri özüni demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýip atlandyrýan ýurtda orta asyrlardaky dolandyryş usulyna geçilmegi barada edilen çagyryşy ‘ýokardan berlen’ görkezme hasaplasa, beýlekileri bu ‘ýaranjaň bagşylaryň öz inisiatiwasy’ diýen pikiri öňe sürdi.
Ýerden bir garyş ýokardaky 'ýaşaýyş'
Sosial mediada köp pikir alyşma döreden ýagdaýlaryň ýene biri bolsa, aýdymçy Maral Durdyýewanyň "ýerden bir garyş ýokarda, uçup ýöreýän' aýdymçylar barada öňe süren pikiri boldy.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, sosial mediada orta atylýan ol ýa-da beýleki pikirler esasynda döreýän çekişmeler bir tarapdan söz, metbugat azatlygynyň berk çäklendirilen ýurdunda ýaşaýan adamlaryň öz söz, pikir beýan etmek azatlyklaryny ulanmak isleginiň barha güýçlenýändigini görkezse, ikinji tarapdan türkmenleriň bu meselede entek öwrenmeli zatlarynyň kändigini yşarat edýär.
Ýerli ýaşaýjylar we synçylar sosial mediada ýigrenç, agzalaçylyk, bölüjilik meýilli çykyşlaryň gaýtalanmagynyň dowam etmeginden, bu hili wideolaryň gaharly ýa-da nägile seslenmeleri döredip, pikir alyşýanlaryň we görüjileriň ünsüni, energiýasyny adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan has möhüm meselelerinden başga ýana sowmagyndan alada bildirýärler diýip, Azatlygyň habarçysy oktýabr aýynda habar berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen synçylar milletparazlyk, tireparazlyk äheňinde çykyş edýän blogçylaryň görüjilerde gahar-gazap döredýändigini we umuman tankyt edilýändigini, emma bu hili hereketlere töwerekleýin, çuňňur baha berilmeýändigini aýdýarlar.
Eýsem, türkmenistanda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan has möhüm meseleleri haýsylar.
Synçylar we çeşmeler 'has möhüm meseleleriň“ biriniň ýurtdaky suw meselesidigini aýdýarlar.
"Meteožurnal" neşiri noýabrda, gurakçylyk sebäpli, Etrek derýasyndan joşan suwlary ýygnaýan Mämmetköl we Delili suw howdanlarynyň tas gurandygyny habar berdi.
Bu suw howdanlary 1964-nji we 1970-nji ýyllarda ulanmaga berlipdir.
Hünärmenler häkimiýetleriň öňki ýyllarda gurlan suw desgalaryny ýerlikli ulanyp bilmändigini we olaryň kem-kemden ýitirilmegine sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.
Türkmen metbugaty ýurtdaky gurakçylyk, suw ýetmezligi sebäpli döreýän meseleler barada ilata habar, maglumat bermegi zerur hasaplamaýar ýa-da žurnalistler döwlet senzurasy sebäpli dymmaly bolýar.
Şäher içinde aýlanyp, dilegçilik edýän çaga 'köpeldi'
Şeýle-de, ýurtdaky açlyk, mätäçlik meseleleriniň barha köp çagany köçelerde dilegçilik etmäge mejbur edýändigi habar berilýär.
“Çagalar şäher içinde aýlanyp, dilegçilik edýärler. Olar esasan çörek soraýarlar, şäheriň musurlaryny dörüp, içinden iýer ýaly zat gözleýärler. Indi bu gamgyn ýagdaýy günde görse bolýar. Kiçijik, 5-6 ýaşly çagalaryň elini serip, ‘iýmäge çörek beräýiň?’ diýip, dilegçilik etmegi gözüňe ýaş getirýär” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen zenan aýtdy.
Azatlygyň habarçylary, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam ýurtdaky dilegçilige ýakyndan syn etdiler.
5-6 ýaşly çagalaryň elini serip, ‘iýmäge çörek beräýiň?’ diýip, dilegçilik etmegi gözüňe ýaş getirýär
"Dilegçilik edýän adamlar, şol sanda çagalar ähli ýerde göze ilýär” diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylary awgust aýynda polisiýa işgärleriniň olara ýowuz daraşýandygyny habar berdi.
Türkmenabatly ýaşaýjy 6-njy awgustda 3-nji kwartalyň duralgasynda dilegçilik edýän ýaşulyny bir polisiýa işgäriniň urup, ýakasyndan tutup, süýräp maşyna mündürjek bolýan pursadyna şaýat bolandygyny gürrüň berdi.
Habarçymyz öň Türkmenabadyň “Gök” we “Ikinji daýhan” bazarlarynyň öňünde köpelýän dilegçiler barada hem habar beripdi.
“Garrylar, çagalar el serişip ýörler. Alkogolik diýseň, arakhor däl, narkoman diýseň, narkoman däl, gürleşende salyhatly gürleşýärler. Dükana girip, bir çörek ýa-da bir lotok ýumurtga alyp berseň hem razy bolýarlar” diýip, Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy habarçymyza polisiýanyň dilegçi çagalary ýençmekden hem gaýtmaýandygyny gürrüň berdi.
Şeýle-de, habarçylarymyz awgust aýynda Ahal welaýatynyň etrap bazaryndaky dilegçi çagalaryň köpelendigini habar berdiler.
"Meniň ejem syrkaw, ýaranok. Men her gün derman satyn alýaryn, çörek satyn alýaryn. Öýde ejem düşekden zordan aýak ýoluna turup bilýär, şol sebäpden öýde nahar bişenok, men dilegçilik edip, gowy gazansam, onda diňe bir çörek däl, ýagly çörek hem alýaryn we ejem bilen iýýärin, kä günler diňe suw bilen gury çörek iýýäris" diýip, bir çaga Azatlygyň habarçysyna ýagdaýyny gürrüň berdi.
"Men ilki moýkada awtoulag ýuwmak üçin iş sorap bardym, emma niräk barsam 'ýaşyň kiçi, saňa iş ýok', 'häzir uly adamlaram işsiz' diýip jogap berdiler. Mende ýekeje çykalga - dilegçilik etmek galdy'' diýip, ýene bir çaga öz ýagdaýyny düşündirdi.
Ol habarçymyzyň okuwy baradaky soragyna jogap berip, bu ýyl mekdebe barmajakdygyny, sebäbi geýmäge eşiginiň, okuw esbaplarynyň ýokdugyny aýtdy, ''mekdebe barsam, ilki bilen mugallymlar üstümden gülerler, soň synpdaşlarym" diýdi.
Geň galdyran jerime 'täzeligi'
Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagynyň arasynda, aýlyklaryň hiç hili köpeldilmezliginiň üstesine, bu ýylyň iň bir geň 'täzelikleriniň' biri sürüjilere salynýan jerimeleriň aşa, görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandyrylmagy boldy.
Köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin salynýan jerimeleriň mukdarynyň dekabryň başynda 50%-den 300%-e çenli ýokarlanmagy resmi taýdan adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirilse, köp adam bu çäräni energiýa serişdelerini eksport edýän döwletiň gaznasyny ‘garyp düşen halkyň hasabyna doldurmak synanyşygy’ hökmünde häsiýetlendirdi.
Degişli maglumat Ýokarlanan jerimeler adamlaryň 'iki aýagyny bir gonja sokýar' - Çeşmeler“Jerimeler eýýämden ilata agyr täsirini ýetirýär. Säginmegi gadagan edýän znaklary öň ýok, asla bolmadyk ýerlerinde hem goýýarlar. Döwlet edaralarynyň öňünde, banklaryň golaýlarynda, hassahanalaryň öňlerinde säginmek ýa-da saklanmak, az salym durmak düýbünden gadagan edildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Ýurtdaky has möhüm meseleleriň biri bolsa, bilim pudagyndaky korrupsiýadan başga, durmuşyň tas ähli pudagyna çuň ornaşýan parahorluk bilen bagly diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berdi.
Daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylar dekabr aýynda ýurduň howa menzilinde ýolagçylaryň goşlaryny barlaýan esgerleriň hem adamlary para bermäge mejbur edýändigini aýtdylar.
Azatlyk bu hili maglumatlary mundan öň hem alypdy, emma ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bu aýdylýan parahorlugyň möçberlerini, şeýle-de, bu mesele bilen bagly jogapkärçilige çekilen işgärleriň bolup-bolmandygyny resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýar.
Aşgabat şäherinden Kazana uçan daşoguzly zenan Azatlygyň habarçysyna öz başdan geçiren wakasyny gürrüň berdi. Onuň tassyklamagyna görä, para bermekden boýun gaçyrandygy sebäpli, ony pasport barlanylýan ýeriň golaýynda bir kabinete salyp, birnäçe işgär bolup gorkuzypdyrlar we 250 dollar puluny alypdyrlar.
Dekabr aýynyň başynda Aşgabatdan Moskwa uçan lebaply ýaşaýjy hem halkara howa menzilinde ‘adat bolandygy’ aýdylýan parahorlugy tassyk etdi.
“Esger meniň öňümdäki talypdan 200 manat sorady. Ýokardaky kameralara garamazdan, esger diýen puluny çekinmän aldy. Maňa gezek gelende ‘200 manat berseňiz, goşlaryňyzy barlajak däl’ diýdi. Men oňa ‘Manadym ýok, rublym bar diýsem’, ‘Rubl hem bolýar, gelneje’ diýip, esger güldi. Sag-aman ýurtdan çyksam bolýar diýip, 1000 rubl berdim. Yzymdan gelýän aýal esger bilen dawalaşdy, ony sakladylar we başga bir kabinete alyp gitdiler. Ol aýaly men soň uçarda görmedim” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.