Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa saparynyň dowamynda kansler Angela Merkel bilen duşuşdy we onuň biznes foruma gatnaşmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň Ministrler kabineti prezident Yslam Kerimowyň «medisina bejergisini almagy üçin» hassahana ýerleşdirilendigini habar berýär.
Kerri we Lawrow Jenewa duşuşygynda Siriýa hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gelmegi maksat edinýärler
Türkmenistanly 27 ýaşly Nazar Nyýazow böwregindäki näsazlygy operasiýa etmek üçin pul toplaýar.
Namangan etrabynyň Abadanlaşdyryş edarasynyň işgärleri Taşbulak şäheriniň köçelerini bezemek işlerini edýärkä, olaryň merdiwany elektrik geçirijisine degip, iki işçi şol ýerde ölýär. Beýleki bir işçini bolsa agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirýärler.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň durmuşy barasynda surata düşürilen "Reis" atly kinofilmiň gysgajyk mazmunly wideolary türk dilli internet ulgamlarynda ýaýradylmaga başlandy.
Gyrgyz häkimiýetleri dawaly serhet etrabynda özbek polisiýasy tarapyndan tutulan dört gyrgyz raýatynyň boşadylmagyny gazanmak üçin goňşy Özbegistanyň resmileri bilen gepleşik geçirilýändigini aýdýarlar.
Azyndan bir ýaragly adam Owganystandaky Amerikan uniwersitetiniň okuw jaýyna hüjüm etdi. Resmiler okuw jaýynda partlamanyň we ok atyşygyň bolandygyny we azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny habar berýärler.
Merkezi Italiýada güýçli ýer titremesi boldy we häkimiýetler azyndan 247 adamyň wepat bolandygyny, 368 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" atly jeňçi toparyň garşysyna alnyp barylýan söweşde, Amerika bilen Orsýet arasynda harby hyzmatdaşlyk barada barýan gepleşikler tamamlanyp gelýär.
Hytaý Türkmenistandan gaz importynyň möçberini artdyryp, ony ýylda 65 milliard kubometre ýetirmek isleýär, diýlip media maglumatlarynda habar berilýär.
Fransiýanyň Kann şäheriniň döwlet organlary ol ýerdäki plýažlarda burkinili suwda ýüzmegi gadagan etdiler. Burkini – musulman aýal-gyzlarynyň suwda ýüzende geýýän geými, ol bedeni depeden topuga çenli ýapýar.
Halkara Olipmiada komitetiniň başlygy Tomas Bah Günorta Amerikada ilkinji gezek geçen Olimpiada oýunlarynyň 16 günlük güýç synanyşkdan soňra resmi taýdan tamamlandygyny yglan etdi.
Argentinanyň kazyýeti, Federiko Garsia Lorka atly ispan şahyrynyň ölüm sebäbini derňemäge başlapdyr. Bu derňew işi Argentinanyň taryhy baýlyklary goramak bileleşiginiň tagallasy bilen ýola goýlupdyr.
Rio oýunlarynyň beýemçisi Brazil Germaniýany jerime urgularynda utup, özleriniň ilkinji olimpik altyn medalyny gazandy.
Owgan «Talybany» 20-nji awgustda hökümet güýçlerini welaýat paýtagtyna yza çekilmäge mejbur edip,demirgazyk-gündogardaky Gunduzyň strategiki etrabyny ele geçirdi.
Uzunlygy 92 metr bolan gibrid "Airlander 10" kysymly howa gämisi 15 minudyň dowamynda 600 metr belentlige göterilipdir. 6 kilometr belentlikden uçup bilýän howa gämisi, 80 tonna golaý ýük daşamaga we sagatda 150 kilometr çaltlykda uçmaga ukyplydyr.
Orsýet, Siriýanyň gabawdaky Halap, ýagny Aleppo şäherinde howadan edilen hüjümde ýaralanan oglanyň wideosy 18-nji awgustda Internetde peýda bolansoň, ok atyşygy bes etmek baradaky 48 sagatlyk arakesmä razylyk berdi.
Eýran resmileri rus uruş uçarlarynyň Eýranyň howa bazasyny ulanýandyklaryny boýun aldylar, emma olaryň bu ýeri diňe ýangyç guýmak üçin peýdalanýandyklaryny aýdyp, rus goşunlarynyň eýran topragynda ýerleşendigini ret etdiler.
Häzirki hasaplamalara görä, 2015-nji ýylyň ýanwarynda Siriýa/Yrak konfliktindäki daşary ýurtly söweşijileriň sany 20 700-den geçdi, bu 1980-nji ýyllarda owgan-sowet urşunda, musulmanlaryň agdyklyk edýän konflikt zonasynda Ikinji Jahan urşundan bäri mobilizlenen iň kän söweşijidir.
Ýene-de ýükle