Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"Master of None" komediýa serialynyň režissýory we onuň tanymal baş gahrymany, 33 ýaşly Aziz Ansari geçen hepde New Ýork Times gazetinde bir makala bilen çykyş edip, syýasatçylaryň musulmanlara garşy tutumlarynyň hut özüne we maşgalasyna oňaýsyz täsir ýetirýändigini nygtady.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi, Holokost gyrgynçylygyndan aman galan Eli Wizel 87 ýaşynda aradan çykdy diýip, Ysraýylyň Ýad Waşem muzeýi 2-nji iýulda habar berdi.
Günbatar habar çeşmeleriniň bir türk resmisine salgylanyp beren maglumatyna görä, 28-nji iýunda Stambulyň Atatürk aeroportuna hüjüm edenleriň arasynda Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Orsýetiň raýatlary bar.
ÝB liderleri Britaniýa geçen hepde bileleşigi terk etmek kararyna geleninden soň tapgyr ikinji gün Bileleşigi berkitmek we Angliýanyň çykyşynyň esaslaryny taýýarlamak barada maslahat etdiler.
2015-nji ýyldan bäri Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen işleşýän Saparmämmet Nepesgulyýew öz düşüren suratlary we gysga wideomateriallary arkaly diňleýjileri ýerli ilatyň durmuşyndan senzurasyz habarlar we maglumatlar bilen üpjün edip geldi.
Stambulyň “Atatürk” adyndaky halkara aeroportynda partlama boldy. Türkiýäniň iň uly aeroportynda ýüze çykan hadysada 41 adamyň ölendigi, 239 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.
NATO ýaranlygyndaky döwletleri goramak boýunça geljek hepde geçjek möhüm sammitiň öňýanynda, Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi Moskwanyň NATO-nyň maksatlary baradaky aladalaryny köşeşdirmäge synanyşdy.
Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden çykmak barada ses bereli bäri ýurduň maliýe ministri bazarlary köşeşdirmäge synanyşýar. Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bolsa "Breksitiň" ýetirmegi mümkin zyýanlaryny çäklendirmek barada elden gelenini edýärler.
Kadyrow fondy siriýaly garyp-gasarlara 120 tonna nahar paýlamakçy. Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň kakasy Ahmet Kadyrowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy oraza aýynda Siriýanyň dürli ýerinde 120 tonna nahar paýlamagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlaryna sapar edýär.
Britaniýa özüniň taryhy referendumynda Ýewropa Birleşiginiň düzüminden çykmak barada ses berdi diýip, britan mediasy maglumat berýär.
ABŞ Kongresiniň aşaky öýüniň respublikanlary 23-nji iýunda demokratlaryň başlan 16 sagatlyk oturma protestlerini 5-nji iýula çenli arakesme etmek bilen soňlamaga çalyşdylar.
23-nji iýunda Beýik Britaniýada ses berijiler “ýurt Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde saklanyp galmalymy ýa-da ýok?” diýen sorag boýunça geçirilýän referendumda ses berýärler.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier «Ýewropanyň täze bölünişikler töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny» duýdurdy.
Kazanyň federal uniwersitetiniň studenti özbegistanly Sabina Musaýewa "2016-njy ýylyň gözellik dür dänesi" atly bäsleşikde birinji orny aldy. Bu bäsleşige Orsýetden gatnaşan Anjelina Gurnabowa bolsa onuň yz ýanyndaky orny eýeledi.
Google gözleg hyzmatyndan söz ýa-da ses arkaly edilen gözlegleriň netijelerini görmäge mümkinçilik döredýän "Google Trends" ulgamynyň görkezijilerine görä, Orlandoda bolan hüjümden soň ol ýerde musulmanlara garşy edilýän gözlegleriň sany hasam ýokarlandy.
Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Ukrainadaky hereketleri sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary ýene alty aý uzaltmak barada ylalaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasy Yrakda gumanitar pajyganyň gitdigiçe artýandygyny, kömekçi guramalaryň işgärleriniň Fallujadan gaçyp çykýan parahat ilata ýeterlik ýardam bermekde kynçylyk çekýändigini aýdýar.
Kabulda “Talyban” jeňçileriniň amala aşyran bomba hüjüminde nepally howpsuzlyk işgärleriniň 14-si öldürildi.
Özbegistanyň Buhara şäherinde "Buhara" we "Nawbahrom" futbol toparlarynyň arasynda bolan dostluk duşuşygyna stadionda tomaşa etmäge sakgally adamlary goýbermändirler.
Ýene-de ýükle