Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Asly türkmenistanly, häzirki wagt Türkiýäniň adyndan çykyş edýän agyr atletikaçy Daniýar Ismaýilow Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpia oýunlarynda kümüş medaly almagy başardy.
Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Türkiýäniň Orsýet bilen gatnaşyklarynda “örän üýtgeşik bir döwre” başlaýandygyny we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň regional problemalary çözmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň (AMEA) A. A. Bakyhanowyň adyndaky Taryh institutynyñ ylmy geňeşiniñ karary bilen "Türkmen taýpalary" (Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriň taryhy hakda "Eýranyň Kembrij taryhyndan" goldanmalar) atly kitaby halk köpçüligine hödürlendi.
8-nji awgustda türkmen toparynyň düzüminden dzýudoçy Ruşana Nurjowowa aýallaryň arasynda 57 kilogram agrama çenli kategoriýada wengriýaly türgen Hedwig Karakas bilen güýç synap, 101-0 hasap bilen ýeňildi.
Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kwetta şäherindäki keselhananyň esasy girelgesine edilen janyndan geçeniň hüjüminde azyndan 30 adam öldi. Polisiýanyň aýtmagyna görä, 8-nji awgustda bolan partlamada başga-da onlarça adam ýaralandy.
Ýazyjy Joanne Rowlingiňň “Garri Potter” (Harry Potter) eseriniň nobatdaky sekizinji kitaby "Garri Potter and the Cursed Child", ýagny "Garri Potter we gargyşly çaga" ady bilen Britaniýada 31-nji iýulda satuwa çykaryldy.
Halkara sport sudy, Halkara Olimpia komitetiniň atletlere geçmişde doping ulanandygy üçin girizen gadaganlygynyň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdyp, gadaganlykdan çykmaga çalyşýan rus atletleriniň Rio oýunlaryna gatnaşmagyna ýol açdy.
Welsiň paýtagty Swanside doglan Amina Al-Jeffery 16 ýaşyndan bäri kakasy Mohammed Al-Jeffery tarapyndan urlup-ýenjilip, aç saklanýar. Britaniýanyň "The Sun" atly gazeti, Saud Arabystanynda "musulmançylyga ters" hereket etdi diýip, kakasy tarapyndan 4 ýyldan bäri kapasada saklanýan okuwçy gyzyň suratyny çap edipdir.
Jyhatçylaryň yzygiderli hüjümlerinden soň Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls metjitleriň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini gutarnykly gadagan etmäge taýýardygyny bildirdi.
Özbegistan, Gazagystan we beýleki awtoritar hökümetler Günbatar ýurtlarynyň hukuk organlary tarapyndan ulanylýan kiber-gurallary edindiler we bu gurallary dissidentleriň şahsy maglumatlaryna bikanun aralaşmak üçin ulanýarlar diýip, 2-nji awgustda media serişdesi habar berdi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 3-nji awgustda Waşingtonda Merkezi Aziýa döwletleriniň -Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşýar.
Tomsuň başlanmagy bilen has möhüm hadysalar sebäpli ýatdan çykan nebit – gaýtadan bahasynyň gaty aşak gaçmagy bilen ýene-de günüň esasy temasyna öwrüldi.
Owganystanyň paýtagty Kabulda daşary ýurt potratçylary tarapyndan ulanylýan myhmanhanada owgan güýçleri bilen “Talyban” hereketiniň arasyndaky çaknyşyklar düýn gije has möwjedi.
Paýtagt Ýerewanda, polisiýa stansiýasynyň içinde barrikada guran ýaragly adamlar, gapma-garşylygyň dowam etmegi bilen, polisiýa ofiserini öldürendiklerini ret edýärler.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze aýdym döretdi. Türkmen telewideniýesiniň anna güni beren maglumatyna görä, prezident «Kalbymda sen» atly aýdymyny «işläp tamamlapdyr».
"Reuters" habar gullugynyñ bildirmegine görä, iki sany nemes žurnalistiň kitap görnüşinde taýýarlan maglumatlary golaýda "Netflix" atly kinofilm kompaniýasy tarapyndan tanymal režissýor John Wells tarapyndan kino öwrüler.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Hillari Klintony prezidentlige aňrybaş mynasyp kandidat hökmünde häsiýetlendirip, Ak tam üçin bäsleşige çykýan respublikan kandidatynyň onuň “golaýyndanam geçmeýändigini” aýtdy.
Awstraliýanyň “Channel Nine” telekanalynyň alyp baryjysy Sonia Kruger musulmanlaryň Awstraliýa göçüp gelmegini togtatmak barasynda çagyryş edipdir.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama geçen hepde Demokratik partiýanyň elektron hatlarynyň esasy syzdyrylmasynyň arkasynda, Amerikan saýlawlaryna täsir ýetirmek maksady bilen, Orsýetiň duran bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar
Bu termometri maňlaýyňa golaý tutanyňda, gyzgynyň bolup-bolmandygyny anyklap bilersiň. Fransiýanyň firmalaryndan biri tene degmän işleýän elektron termometri satuwa çykardy. Bu enjam bilen bedeniň gyzgynyny ölçemek üçin, ony maňlaýyň töwereginde aýlamak ýeterlik boljak.
Ýene-de ýükle