Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Terrorçylykly hüjümler köpelýär. Yslam dini tankyda köp sezewar bolýar. Prezidentlik saýlawyna dalaşgär respublikaçy Donald Tramp musulman bosgunlaryň ýurda gelmegine gadaganlyk girizmek isleýär.
Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň Siriýa boýunça Orsýet bilen harby hyzmatdaşlyk we maglumat alyp-çalyşmak plany hakda awgust aýynyň başlarynda maglumat bermegi umyt edýändigini aýtdy.
Germaniýa öz-özünden hereket edýän awtoulaglara gara guta meňzeş özünde maglumat jemleýän bir ýazgy enjamynyň goýulmagy barada oýlanýar. Bu enjam ulaglaryň heläkçilik ýagdaýlarynyň öwrenilmegine hem goldaw berer.
Germaniýanyň Bawariýa welaýatynyň ýokary derejeli polisiýa işgäri Ansbah şäherinde bir festiwalyň golaýynda özüni partladyp, on iki adamyny ýaralan siriýalyny bu işe itereniň yslam ekstremizmidigine ynanýandygyny aýdýar. Hüjümçi Germaniýa başpena sorap gelipdir. 25-nji iýulda Bawariýanyň içeri işler ministri Ýoahim Herman Germaniýanyň "dpa" habar gullugyna : "Gynansakda, meniň pikirimçe, munuň janyndan geçen yslamçynyň hüjümi bolmagy gaty ähtimal" diýdi.
Yragyň owalky prezidenti Saddam Hüseýiniň ýazan powesti dekabr aýynda Beýik Britaniýada çap ediler. Mundan owal Ýaponiýa, Türkiýe ýaly käbir ýurtlarda neşir edilen powestiň iňlis dilindäki terjimesi ilkinji gezek çapdan çykar.
Owganystanyň Hazara azlygynyň müňlerçe wekili Kabulda toplanyp, gurulmagy planlaşdyrylýan gymmatbaha elektrik geçirijisiniň ugrunyň üýtgedilmegini talap edýän wagtynda partladylan goşa bombanyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy. Bu toparyň «Amak» habar gullugy iki sany YD söweşijisiniň protestçileriň arasynda özüni partladandygyny aýtdy.
Germaniýanyň polisiýasy Mýunhen hüjüminde güman edilýän adamyň öýünde geçirilen barlagdan soň, onuň «Yslam döwleti» jeňçi topary bilen baglanyşygyny görkezýän «deliliň ýokdugyny», emma Norwegiýada köpçülikleýin gyrgynçylyk eden Anders Behring Breiwik bilen «görnetin baglanyşyk» alamatlarynyň bardygyny aýtdy. Güman edilýän hüjümçi, eýran asylly germaniýaly bilen, bu hydysada 10 adam öldi.
Germaniýanyň günortasyndaky Mýunhen şäherindäki bir söwda merkezinde ýüze çykan ok atyşykda 9 adam öldürildi. Bu barada Germaniýanyň polisiýasy maglumat berýär. 22-nji iýulda Olympia Einkaufszentrum söwda merkezinde ýüze çykan ok atyşlykdan soň, sebite Germaniýanyň ýörite güýçleri çekildi.
Donald Tramp (Donald Trump) Respublikan partiýa tarapyndan Birleşen Ştatlaryň prezidentligine dalaşgär bolmagy resmi taýdan kabul etdi. Eger ol Ak tama saýlansa, onda “globalizm däl-de, amerikanizm” diýip atlandyran ýörelgesine ymtyljakdygyny wada berdi.
21-nji iýulda Türkiýede ýurt boýunça üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý güýje girdi. Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu hereketiň hökmany zerurdygyny aýdyp, onuň kanunyň hökmürowanlygyny we raýatlaryň esasy azatlyklaryny depelemeýändigini belledi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ilat arasynda "şorty", ýagny kelte balak geýmek bolýarmy ýa-da ýok diýen jedeliň tutaşmagyna getiren gadagançylyk kanunlary kabul edildi.
Tanymal belarus žurnalisti Pawel Şeremet 20-nji iýulda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde öldürildi. Bu waka žurnalistiň sürüp barýan ulagy partladylan mahaly boldy.
Ors futbolynda on töweregi doping wakasynyň Moskwa tarapyndan bassyr-ýussur edilen şular ýaly ýüzlerçe wakalara degişlidigi 18-nji iýulda ýüze çykanda Halkara futbol federasiýasy FIFA bu babatda "gerekli çäreleriň" görüljekdigini wada etdi.
Şwesiýanyň raýaty Çary Annamyradow Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Asly türkmenistanly Annamyradowyň Belarusyň kanun goraýjy organlaryna tabşyrylandygyny habar berildi.
Musulman ýurtlardan Ýewropa baran migrantlar we bosgunlar sebitde migrasiýa, ýagny bu ýurtlara göçüp gelmek babatynda jedelleşikleriň döremegine sebäp bolýarlar.
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi ýatyryldy, şeýle-de prezidentiň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň işi bes edildi. Ýurduň nebit iki iri döwlet edarasynyň ýapylmagy barada halkara bilermenleri nähili pikirde?
Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda polisiýanyň edarasyny zabt eden oppozisiýa topar bilen ilteşikli ýaragly adamlar zamun alan ýedi adamdan iki sanysyny goýberdiler.
Türk häkimiýetleri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, 8 müňe golaý polisiýa ofiseriniň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy diýip, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi aýdýar.
18-nji iýulda Gazagystanyň söwda paýtagty Almatyda ýaragly adamlaryň polisiýa merkezine hüjüm edip, azyndan üç polisiýa işgärini we başga-da birnäçesini ýaralandygy habar berlenden soň, häkimiýetler “gyzyl” duýduryş çykaryp, ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga çagyrdylar.
Türk resmileri 15-nji iýulda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gatnaşandygy ýa-da ony goldandygy aýdylýan adamlary tussag etmegi dowam etdirýärler.
Ýene-de ýükle