Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Iki şübheli tussag edildi


Gazak polisiýa ofiseri. 18-nji iýul, 2016 ý.
Gazak polisiýa ofiseri. 18-nji iýul, 2016 ý.

18-nji iýulda Gazagystanyň Almaty şäherinde gazak häkimiýetleri polisiýa merkezine edilen ýaragly hüjümde iki şübhelini tussag etdiler.

Bu hüjümde üç polisiýa ofiseri, parahat ilatdan dört adam öldi we başga-da azyndan sekiz adam ýaralandy.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň söwda merkezi bolan Almatyda terror howpunyň "gyzyl", ýagny iň ýokary hüşgärlik derejesini girizdi.

Ministrligiň beýannamasynda adamlara köçeler çykmazlyk, märekeli ýerlere barmakdan saklanmak, şeýle hem şübheli adamlar hakda polisiýa işgärlerini habarly etmek maslahat berilýär.

Gowuşýan habarlarda aýdylyşyna görä, ýerli wagt bilen sagat öýleden öň 11 töwereklerinde kimligi näbelli bir adam polisiýa merkezine hüjüm edip, azyndan üç polisiýa işgärini öldüripdir. Ençeme adam hem ýaralanypdyr.

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi polisiýa işgärlerinden üç, parahat ilatdan hem bir adamynyň ölendigini tassyklady.

Ýerli media Almatyda polisiýa merkezine, şeýle hem Milli howpsuzlyk komitetiniň bölümine hüjüm edilendigini habar berdi.

Ýerli medianyň bildirmegine görä, başga bir ýerde-de ok atyşyk bolupdyr. Ýöne bu barada entek doly maglumat ýok.

Hüjümçileriň azyndan biri ele salyndy. Polisiýanyň beýannamasynda ele salnanyň Gyzylorda welaýatynyň 27 ýaşly ýaşaýjysydygy aýdylýar. Ol ele salynmazdan öň bir awtoulag ogurlamaga synanyşypdyr. Netijede awtoulagyň eýesi ölüpdir.

Öten aý Aktepe şäherinde onlarça adam ýarag satylýan bir dükana hüjüm edeninden soňra "sary" hüşgärlik derejesi girizildi.

Syýasy ylymlaryň kandidaty Dosim Satpaýew Azatlyk Radiosynyň gazak gullugyna beren interwýusynda gazak hökümetiniň terror hüjümleriniň öňüni almak üçin ýeterlik çäre görmändigini, adamlaryň arasynda ýeterlik düşündiriş işleriniň alnyp barylmandygyny aýtdy.

Gazagystanda bolan hüjümden soňra goňşy Gyrgyzystan bu ýurt bilen aralykdaky serhedinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi. Ýöne ýurduň serhet gulluklarynyň bildirmegine görä, serhedi ýapmak plany ýok.

Gazak häkimiýetleri yslamçy terrorçylykdan ýurda abanmagy mümkin howplar barada ozaldan duýduryş berip gelýärler. Ýöne prezident Nursoltan Nazarbaýewiň howpsuzlyk güýçleriniň berk kontrollygyndaky ýurtda, regionyň beýleki ýurtlaryna goranyşda, yslam ekstremizmi o diýen ýokary däl.

XS
SM
MD
LG