Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Dünýäniň 120-den gowrak tanymal ýazyjysy, film režissýorlary we suratkeşleri Müsüriň prezidentine hat üsti bilen ýetiren ýüzlenmesinde žurnalist Ahmet Najiniň azatlyga çykarylmagyny talap etdiler.
Ermenistanyň prezidenti german kanunçykaryjylaryna ýüzlenip, osmanly türkleriň ermenileri köpçülikleýin ýagdaýda gyrmagyny genosid hökmünde ykrar etjek parlament rezolýusiýasyny kabul etmeklerini sorady.
Şweýsariýanyň magaryf resmileriniň kabul eden kararyna görä, şweýsariýaly mugallymalar bilen elleşmekden saklanan musulman okuwçylaryň ene-atalary 5000 müň dollar jerime tölemeli bolarlar.
Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň günortasynda turan etniki çaknyşyklardan soňra 2010-njy ýylda tussag edilen syýasy aktiwist etnik özbek Azymjan Askarowyň öýüni konfiskasiýa etmek boýunça çäre görýärler.
“Euromonitor” atly barlag merkeziniň geçiren pikir soralyşygyna görä, Özbegistan dünýädäki iň çaýsöýer, ýagny çaýkeş ýurt diýlip yglan edildi.
Yragyň terrorçylyga garşy saýlama güýçleri, Fallujany YD toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrundaky operasiýa başlanaly bäri ilkinji gezek, şäheriň eteklerine ýerleşdirildi.
Eýranyň fewralda we aprelde geçirilen saýlawlaryndan soň düzülen täze parlamenti Tähranda bolan açylyş sessiýasynda kasam kabul etdi.
Yslamçy guramanyň erkekleriň aýallaryny «ýeňilräk urmagyna» rugsat berilmegi barada eden teklibi 27-nji maýda Pakistanda gahar bilen garşy alyndy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Talyban” hereketiniň owgan hökümeti bilen “ýakyn geljekde” ýaraşyk gepleşiklerine başlajaga meňzemeýändigini aýtdy.
"Arsenal" futbol klubunyň türk ýarymgoragçysy Mesut Özdil Ýewropa futbol bäsleşiginden öň dynç alşa çykyp, Mekgä zyýarata bardy.
Azerbaýjanyň Ýokary sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Hatyja Ysmaýylowanyň türmeden boşadylmagyny buýurdy, onuň 7 ½ ýyllyk türme möhleti gysgaldylyp, şertli 3 ½ ýyl tussaglyga getirildi.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko pilot Nadia Sawçenkony alyp gelýän uçaryň Kiýew aerportynda gonandygyny aýtdy.
"Lockheed Martin Corporation" atly goranyş senagatyna degişli firmanyň başlygynyň orunbasary Wanda Sigur Waşingtonda geçirilen "Humans to Mars" ýygnagynda ýaňky sözi aýtdy.
Orsýetiň söweş uçarlarynyň Siriýanyň iň uly şäheri bolan Halabyň (Alepponyň) gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky etraplaryna gidýän esasy ýolda agyr howa zarbalaryny urandygy aýdylýar.
Täjigistanyň Içeri işler ministrligi, geçen hepde polisiýa tarapyndan kowalanyp, gysga wagtlaýyn tussag edilen “Ýaş partiýanyň” agzalaryny gürrüňi edilýän zabun çemeleşme boýunça ministrlige arza bilen ýüzlenmegi sorady.
San-Fransiskoda käbir oteller otaglarynda myhman, üçeklerinde bolsa ary saklaýarlar. Elbetde, arylar – bal arysy.
Pentagon biraz öň «Talybanyň» lideri molla Athar Mansura garşy howa zarbasyny urandygyny aýtdy we ABŞ resmisi Mansur «öldürilene meňzeýär» diýdi.
Täjigistanda baş kanuna girizilýän düzedişler boýunça referendum geçirilýär, bu referendum arkaly prezident Emomali Rahmonyň häkimiýeti elinde saklamagynyň has-da berkidilmegine garaşylýar.
Oppozisiýanyň üýtgedilen ýer kanunyna garşy demonstrasiýa çagyrmagy bilen baglylykda, howpsuzlyk güýçleri Gazagystanyň dürli şäherlerinde ýüzlerçe demonstrasiýaçyny tussag etdi.
Halas edijiler "Müsür howaýollarynyň" 804-nji reýsiniň böleklerini, adam jesetleriniň galyndylaryny... toplaýar, uçar ýykylmazyndan öň onuň hajathanasynyň tüsseläp başlandygy çaklanylýar.
Ýene-de ýükle