Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Müsüriň harby güýçleri "Müsür howaýollarynyň" ýitirim bolan ýolagçy uçarynyň, 804-nji reýsiň bölekleriniň Ortaýer deňzinden tapylandygyny aýdýar.
Orsýetiň deputatlary milli gwardiýa döretmek ideýasyna deslapky tassyklamany berdiler, olaryň käbiri Kreml mümkin bolan gozgalaňlara garşy täze güýje mätäç diýdi.
Fransiýada 69-njy Halkara "Cannes", ýagny Kann kinofilm festiwaly dowam edýär. Bu ýyl festiwal Woody Alleniň "Cafe Socıety" atly kinofilmi bilen açyldy.
Gazak häkimiýetleri bütin Gazagystan ýer protestinden öň raýat aktiwistlerini we dawaly ýer kanunyna garşy geçiriljek miting barada habar beren adamlary tussag etmegi ýygjamlatdy.
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň prezidentleri separatistik Daglyk-Garabag regionynda atyşyklary bes etmek we konflikti parahatçylykly ýollar bilen çözmek baradaky borçnamalaryny täzelediler.
”Waşington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, suduň kararynda 37 ýaşly Gill Parker Paýn diýen amerikalynyň bir musulman aýalyň öz dini ynanjyny erkin berjaý etmek hukugyny bozanlykda günäkärläp, oňa bu sebäpden 100 müň dollar jerime garaşýandygy aýan edilýär.
Ukrainaly 32 ýaşly aýdymçynyň Krym tatarlarynyň Ikinji jahan urşunda Sowet häkimiýetleri tarapyndan köpçülikleýin sürgün edilmegi baradaky aýdymy bilen Ýewrowideniýe ýaryşynda ýeňiji bolmagyny orslar ýaryşyň düzgüniniň bozulmagy, syýasy tarapgöýlük diýip atlandyrdylar.
Eýran bu ýyl öz raýatlarynyň haç zyýaraty üçin Saud Arabystanyna gitmejekdigini mälim etdi. Habarçylaryň ýazmagyna görä, geçen ýylky haç zyýaratynda 2426 adamyň heläk bolan pajygasyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barha dartgynlaşmagyny dowam edýär.
Krymly tatar Jamala, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda bolan uly jemlemede sudýalardan we tutuş Ýewropa boýunça ses beren teletomaşaçylardan 534 utuk alanyndan soň, ýeňiji diýlip jar edildi.
Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary üç syýasatçyny, şol sanda ozalky ministri döwlet agdarylyşygyny planlaşdyrmak aýyplamasy bilen tussag edendiklerini aýtdylar.
Britaniýanyň ppremýer-ministri Deýwid Kameronyň täze planyna görä, ozalky Sowet Soýuzyndan bolan elita wekilleri Britaniýada edinen emläkleri sebäpli has kän derňewine sezewar bolar.
Bangladeşde, 1971-nji ýylda Pakistan bilen aradaky bolan garaşsyzlyk ugrundaky uruşda gyrgynçylyk etmekde we beýleki käbir jenaýatlarda aýyplanyp, Motiur Rahman Nyzamy ölüm jezasyna höküm edildi.
Rus häkimiýetleri çuň mazmunly habar-maglumatlary bilen ýurduň biznes we syýasy elitasynyň edýän işleriniň perdesini syran media toparynyň garşysyna jenaýat işini açdylar.
Tomus mekdepler ýapylyp, çagalar boş bolsalar-da, olara suwda ýüzmek, bazarlarda aýlaň-çaýlaň etmek, ýerli metjitlerde namaz okamak ýok.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 12-nji maýda, eger olar Eýran bilen biznes etseler, ABŞ-nyň öňlerinde durmajagyna ynandyrmak üçin, Londondaky esasy bankirler bilen duşuşar.
Öten güýz Owganystanyň Gunduz şäherinde bolan güýçli söweşlere goşulan amerikan ýaragly güýçleriniň bir keselhanany ýalňyşlyk bilen bombalamagy ol ýerde dörän garjaşyklyk we aljyraňňylyk netijesinde bolupdyr.
Azerbaýjanyň katolik ybadathanasynyň wekili Wladimir Feketäniň pikiriçe, papanyň gomoseksuallar bilen baglanyşykly çykyşy buthananyň bar bolan ýörelgesi babatdaky garaýşyň üýtgändigini aňlatmaýar.
Ýewrowizionyň konsertlerinde "görkezilmegi gadagan edilen baýdaklaryň" sanawynyň arasynda Bask, Krym, Donetsk halk respublikasy we "YD-niň” baýdaklary hem bar.
Gazagystanyň polisiýasy Almatyda hökümetiň ekerançylyk ýerlerini uly möçberde hususyýetçilige bermegine garşy çagyryş etmekçi bolan protestçileriň ýigrimiden gowragyny tussag etdi.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew döwletiň eýeçiligindäki ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak baradaky jedelli plany yza süýşürdi. Plan bilen baglanyşykly ministrlikler bolsa iş başyndan çekilme we käýinçlere uçradylar.
Ýene-de ýükle