Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Saýlama güýçler Fallujany gabaýar


Yragyň saýlama güýçleri Falluja ýakynlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Yragyň saýlama güýçleri Falluja ýakynlady

Yragyň terrorçylyga garşy saýlama güýçleri, Fallujany «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrundaky operasiýa başlanaly bäri ilkinji gezek, şäheriň eteklerine ýerleşdirildi.

Yrak güýçleri 28-nji maýda Fallujadan 16 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýänAl-Karmah şäherinde YD jeňçileri bilen atyşyga girdiler.

Terrora garşy güýçler Yragyň iň gowy tälim berlen we iň köp söweş synagyndan geçen goşunlary bolup, 28-nji maýda şäheriň töweregindäki pozisiýalary eýelediler.

Emma 2014-nji ýyldan bäri «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň elinde bolan Fallujany yzyna almak ugrundaky hüjümiň anyk haçan ediljegi belli bolman galýar.

Yrak güýçleri, şol sanda Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy milisiýasy 22-nji maýda başlanan operasiýadan bäri paýtagt Bagdatdan 70 km çemesi uzaklykda ýerleşýän Fallujanyň töweregindäki birnäçe ýeri öz kontrolyna geçirdi.

ABŞ-nyň harbylary Fallujada 50 müň çemesi asuda adamyň çykyp bilmän galandygyny, olara ýokardan taşlanan listowkalar arkaly YD-nyň bolýan ýerlerinden gaçarak durmagyň, şeýle-de üçeklerini ak matalar bilen örtmegiň maslahat berlendigini aýtdylar.

Mosuly yzyna almaga taýýarlyk

Yragyň kürt peşmerge güýçleri, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalaryna daýanyp, Mosulyň gündogarynda «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň kontrollygyndaky ýerleri yzyna almak üçin uly hüjüme başladylar.

"Peşmerge ýolbaşçylygyndaky gury ýer hüjümi, halkara koalisiýasynyň uruş uçarlarynyň goldamagynda, daň atmazyndan öň başlandy» diýip, Kürdüstan region howpsuzlyk geňeşiniň 29-njy maýdaky beýanatynda aýdylýar.

Bu operasiýa 5500 çemesi peşmerge esgeri gatnaşýar we olar Mosulyň gündogaryndaky Haziri, YD-nyň kontrolynda galýan birnäçe obany yzyna almakçy bolýarlar.

KRHG bu operasiýanyň ahyrynda Mosula hüjüm etmek üçin taýýarlyk bolup durýandygyny aýtdy.

Operasiýanyň altynjy sagadynda Mufti obasy YD-dan yzyna alyndy.

Falluja bilen Mosul Yragyň şindi hem «Yslam döwleti» toparynyň elinde galýan iki esasy şäheri bolup durýar.

Şu aralykda Yragyň ýörite güýçleri, şäheri yzyna almak baradaky operasiýanyň öňünden, Fallujanyň töwereginde goşun ýerleşdirmek işlerini tamamladylar.

XS
SM
MD
LG