Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Prezident Putin Orsýetiň ýaragly güýçleri Siriýada özüniň ähli harby kuwwatyny ulanmady diýdi we, eger zerur bolsa, ol ýerde mundan «has kän harby güýç» ulanyp biljegini aýtdy.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň Siriýada halkara parahatçylyk prosesi boýunça taýýarlan gollanma rezolýusiýasynyň taslamasyny biragyzdan tassyk etdi.
Ermenistanda tutuş bir ermeni maşgalasyny gyrmakda güman edilýän ors esgeriniň sud prosesinde, sud edilýän ýeriň üýtgedilmegi baradaky haýyş ret edileninden soň, arakesme yglan edildi.
Prezident Wladimir Putin özüniň ýyllyk metbugat konferensiýasyny orsýetlileri köşeşdirmek üçin ulanmaga çalyşdy, ýagny ol rus ykdysadyýetiniň kem-kemden daýanýandygyny öňe sürdi.
Ýene 5 ýyldan smartfonlar könemöwrit zat hasaplanar. Täze geçirilen pikir soralyşygynyň netijesi şeýle diýmäge doly esas berýär.
Montenegronyň premýer-ministri Milo Dýukanowiç öz ýurdunyň NATO ýaranlygyna we Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga çalyşýandygyny belläp, sebäbi "biz öz bähbidimizi gözleýäris" diýýär.
Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň ençeme böleginde müňlerçe ýaşaýyş jaý ýumruldy. Şol jaýlarda ýaşan adamlaryň ykbaly nähili boldy?
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Moskwada duşuşyklara başlady. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ýurduň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiriljek bu duşuşyklaryň esasy temasy Siriýa barada bolar.
Braziliýalylar, ortaça hasaba görä, bir ýylda iki kitap okaýarlar. Braziliýada geçirilen bir pikir soralyşygyň netijesi hem muny subut edýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy sebäpli döwlet derejesinde geçirilen toý dabaralary paýtagtyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda hem duýuldy.
Owganystanyň günortasyndaky Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçy aýalyň özüni partlatmagy netijesinde ýedi adam, şol sanda üç çaga wepat boldy.
Orsýetiň derňewçileri ozalky nebit tütjary we Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskä iki adamyň öldürilmegini gurnamakda we dört adamy öldürmek synanyşygyny etmekde resmi aýyplama bildirdiler.
Fransuz barlagçysy Paskal Kotuň (Pascal Cotte) "Mona Liza" žiwopis eseriniň ýokarky gatlagynyň aşagynda ýene başga bir suratyň bardygynyň üstüni açdy.
Türkiýäniň prezidenti Yragyň Kürdüstan regionynyň lideri bilen duşuşdy. Ankarada Erdogan bilen Masud Barzani terrorizme garşy göreşdäki hyzmatdaşlyk barada pikir alşypdyrlar.
Donald Trump ähli musulmanlar "bütinleý we dolulygyna" Birleşen Ştatlara girmekden mahrum edilmeli diýip teklip etmek bilen, bütin syýasy töwerekleriň we dünýäniň gahar-gazabyna hem tankydyna uçrady.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli bir resmisi, kazyýete sosial ulgamlary işjeň ulanýan raýatlar bilen içgin gyzyklanylmagyny tabşyrypdyr.
Amerikan prezidenti Barak Obama Kaliforniýada 14 adamynyň ölümine sebäp bolan hüjümi "terroristik hüjüm" diýip atlandyryp, iki hüjümçi "radikalizmiň garaňky ýoluna düşüpdirler" diýdi.
Türmä dykylan žurnalist Hatyja Ysmaýilowa Azerbaýjanda bolýan hukuk bozulmalary boýunça öz iň soňky raportyny Bakuwyň sudundaky ses geçirmeýän izolirlenen budkadan daşarky dünýä çykarmagy başardy.
Täjigistanyň hökümeti "YD" toparyna goşulmaga meýil edýän musulmanlara garşy gysyşyny hasam artdyrýar. Bilermenler bolsa şeýle gysyşlaryň nämä alyp barjakdygy barasynda öz garaýyşlaryny beýan etmäge başladylar.
Iki şäheriň hekaýasy (A Tale of Two Cities). Bu kitabyň awtory Çarles Dikens bolup, kitabyň 200 million nusgasy satyldy.
Ýene-de ýükle