Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Prezident Wladimir Putin Türkiýe terrorizme ýardam edýär diýdi we golaýda rus uçarynyň türk güýçleri tarapyndan türk-siriýa serhediniň boýunda urlup ýykylmagyny “dönüklik» diýip atlandyrdy.
Rafik Tagynyň öldürilmegine dünýä boýunça reaksiýalar
NATO agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Montenegrony harby ýaranlyga goşulmaga çagyrmak baradaky ylalaşygy Orsýetiň bu meselede anyk kesgitlenmedik jeza çäreleri bilen haýbat atmagyna getirdi.
Yssyk-kölüň bir ýaşaýjysy Siriýa 28 sany garyndaşyny alyp gidipdir. Olaryň arasynda iň ulusynyň ýaşy 17 we iň kiçisiniňki 3 ýaş bolan çagalar hem bar. Onuň bu eden işi Gyrgyzystanda o diýen geňirgeniljek bir ýagdaý däl.
Amerikan prezidenti Barak Obama Türkiýe bilen Orsýeti bir hepde mundan ozal türk uçarlarynyň Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykmagy netijesinde dörän dartgynlylygy "gowşatmaga" çagyrdy.
Täjigistanyň hökümeti Maşgala kodeksine girizilmeli üýtgetmeler hem goşmaça kadalar barasyndaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu çäkde Täjigistanda täze gelin boljaklaryň medisina barlagyndan geçmegi hökmany ýagdaýa getirildi.
"The Times" gazetiniň ýazmagyna görä, Britaniýada takmynan her bäş musulmandan biri Siriýa söweşmäge gidenlere oňaýly garaýar. Bu gazet muny "The Survationyň" geçiren pikir soralyşygyna esaslanyp ýazýar.
Prezident Barak Obama klimat boýunça sammitde çykyş edip, dünýäniň 150 liderine özleriniň klimatyň üýtgemegi bilen bagly meselede halklaryň jogapkärçilik duýgusyny paýlaşýandygyny görkezmelidigini nygtady.
Ankara geçen hepde Siriýanyň serhedinde türk güýçleri tarapyndan urlup ýykylan rus uçarynyň wepat bolan pilotynyň jesedini Moskwa tabşyrmagy planlaşdyrýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 24-nji noýabrda Siriýanyň serhediniň golaýynda urlup ýykylan rus harby uçary sebäpli, Türkiýä garşy ykdysady sanksiýalary girizmegi buýurdy.
Türkiýäniň prezidenti Orsýetiň Türkiýe "Yslam döwleti" atly terroristik topardan nebit önümlerini satyn alýar diýýänini ret etdi. Erdogan ýerli resmiler bilen gepleşikde muny aýdýanlar "subut etsin" diýdi.
Azerbaýjanyň Nardaran obasynyň ýaşululary polisiýa reýdi zorluga ýazanyndan bir gün soň häkimiýetleri gepleşiklere çagyrdylar. Şeýle-de olar öldürilen adamlaryň jesetleriniň berilmegini soraýar.
Estoniýanyň “Welmenni” şereketi ofis-edaralarda Li-Fi tehnologiýasyny synagdan geçirdi. Gürrüňi edilýän kompaniýa bu tehnologiýa arkaly internet tizliginiň 1 Qbit/sekunda ýetendigini mälim etdi.
Türk harbylary Siriýa serhediniň golaýynda urlup ýykylmazyndan öň ors uçaryna berlen duýduryşyň audio ýazgysyny çap etdiler. Ýazgyda iňlis dilinde: "Ugruňy derrew günorta tarap üýtget!" diýen ses eşidilýär.
Köpimiziň kitap okamaga, dogrudanam, wagtymyz bolmaýar. Gündelik iş-aladanyň arasynda wagt tapyp, kitap okamak üçin näme etmeli? Wagty bolmasa-da, yzygiderli kitap okamany başaran adamlaryň maslahatlary.
Orsýetiň prezidentiniň sözçüsi D.Peskow 25-nji noýabrda Goranmak ministrliginiň Siriýadaky rus harby bazasynda kämilleşdirilen S-400 howa hüjümine garşy sistemany ýerleşdirmegi maslahat berendigini aýtdy.
Türkiýe öz söweş uçarlarynyň, Siriýa bilen serhetde türk howa giňişligini bozanlygy sebäpli, Orsýetiň bir harby uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Orsýet bu uçaryň Siriýanyň giňişliginden çykmandygyny öňe sürýär.
Bu Gurhan kitabynyň mundan asyl nusgasy bolmasa-da, seýrek duş gelýän kitapdyr. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň baş ruhany liderine Gurhan kitabynyň ilkinji asyl nusgalarynyň birini berdi.
Турецкие СМИ утверждают, что российский Су-24 был сбит военной авиацией после того, как нарушил воздушное пространство Турции
Türkiýäniň häkimiýetleriniň bildirmegine görä, soňky döwürde Siriýanyň demirgazygynda has-da möwjän harby operasiýalardan gaçan 1500-e golaý türkmen Türkiýäniň serhedine gelipdir we olar Türkiýä sygynmak isleýärler.
Ýene-de ýükle