Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"Ullakan kosmiki bölejikleriň täze teoriýasy babatda iş alnyp barylýar". Muny Britaniýaly dünýä belli meşhur fizik Stiwen Hawking (Stephen Hawking) aýdýar.
Türkiýäniň harby uçarlary anna güni irden öz-özüne “Yslam döwleti” diýip at berýän ýaragly toparyň Siriýadaky obýektlerine zarba urup başladylar. Bu barada türk häkimiýetleri habar berýärler.
BMG-niň Yrakdaky ilçisi ynsanperwer kömegi üçin serişde ýetmezçiliginiň azyk normalarynyň kemeldilmegine getirendigini, yraklylaryň YD-dan kömek soramaly bolmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.
Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugy premýer-ministr Temir Sariýewiň 21-nji iýulda hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmak baradaky karara gol çekendigini habar berdi.
"Hanym, bagyşlaň welin, hemişe siziň ýaly bürenjekli zenanlary görenimde, tomusda bular deňze gidýärmikä diýen pikir kelläme gelýär? Deňizde nähili ýagdaýda suwa düşýärsiňiz?
ABŞ-nyň döwlet sekretary “Amerikanyň Sesi” tele-radio korporasiýasyna beren interwýusynda Günbataryň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň alty aýdan soň gowşadylyp başlanmagynyň mümkindigini aýtdy.
Türkmenistanyň saglygy saklaýyş hyzmatlaryndan peýdalanýan hassalar öz keselleriniň hatda anyklanmagyna-da ençeme ýylyň sarp edilýändigini aýdýarlar.
Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Tährana uçdy. Bu dünýäniň iri döwletleri bilen Eýranyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan soň Günbataryň ýokary derejeli resmisiniň Tährana eden ilkinji sapary bolar.
Ak tam 17-nji iýulda Yragyň mähelleli bazarynda amala aşyrylan ganly bomba hüjümini ýazgardy, «Yslam döwleti» ekstremist topary tarapyndan gurnalan ulag partlatmasynda azyndan 120 adam heläk boldy.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi, dünýä döwletleri bilen baglaşylan kesgitli ýadro ylalaşygyna garamazdan, Yslam respublikasynyň Birleşen Ştatlaryň «gedemsiligine» garşylygy «üýtgemez» diýdi.
Täze wideo gündogar Ukrainadaky orsýetparaz pitneçileriň Malaýziýanyň öten ýyl urlup ýykylan uçarynyň dargap ýatan böleklerini gözden geçirip, onuň harby däl-de, ýolagçy uçarydyna geňirgenip duranyny görkezýär.
Onlarça ýylyň dowamynda ýurduň dynç alyş zolagy bolan Balkanda öňden bar bolan dynç alyş merkezleriniň häzirki ýagdaýy nähili?
Türkmenistanda Remezan baýramçylygy bilen baglylykda günä geçiş yglan edildi.
Gresiýanyň Parlamenti täze alynjak karz pullarynyň şertlerini tassyklamak üçin ýewropa liderleri tarapyndan talap edilýän salgyt, pensiýa reformalaryny göz öňünde tutýan tygşytlaýyş çärelerini kabul etdi.
Türkmenistanda oba zähmetkeşleri dürli salgytlary tölemeli bolýarlar, olaryň ýyllyk zähmet hakyndan töwerek-daşy goramak, ýaşlar bileleşiklerini goldamak ýaly maksatlar üçin tutumlar hem saklanyp galýar.
Täjigistanyň ýokary kazyýeti özüni ýasama (toslama) "pygamber" diýip yglan eden Saidmahdihon Sattorow hakynda karar kabul etdi. Ol etmişli we günäli hasaplanyp 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine ýaşlaryň 15 müň çemesiniň alynjakdygy resmi maglumatlarda habar berildi we bu sanyň geçen ýylkysyndan 800-den gowrak adam artykmaçdygy belledi.
Ýene-de ýükle