Tel: +7 495 739 1818
Hepdäniň sişenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Ankaranyň, Bagdatda ölüm jezasyna höküm edilen Yragyň gaçgak wise-prezidenti Tarik al-Haşemini bermejegini aýtdy.
Türkmenistanda “Hazar 2012” atly harby türgenleşikleri geçirildi. Milli habar serişdelerinde 5-nji sentýabrda Hazar deňzinde geçirilen bu çäre arkaly bitarap Türkmenistanyň özüni goramak ukybyny, harby kuwwatyny we professional taýýarlygyny görkezenligi aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagtlap iş alyp baran Parahatçylyk korpusy 2012-nji ýylyň aýagyna çenli ýurtdaky işini bes eder.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagy ençeme sapar özgerişlikleri başdan geçirdi. Soňky bäş ýylda ýurduň bilim sistemasynda nähili täzelikler boldy?
Aşgabatda Türkmenistan bilen Täjigistanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň geljekki hyzmatdaşlygyna degişli käbir dokumentlere gol goýuldy.
Türkmenistanda pagta ýygymynda mekdep okuwçylarynyň zähmetini ulanmak boýunça sowet döwründen galan tejribe 2005-nji ýylda ýörite kanun esasynda resmi derejede gadagan edilipdi.
MTS-Türkmenistanyň häzir teklip edýän hyzmatlary öňki SIM-kartalaryny saklap galan müşderilerine degişli.
Türkmenistanyň prezidentiniň indiki aý BMG-niň Baş Assableýasynda öňe sürjek prinsipleri kesgitlendi.
Türkmenistanda orta mekdepleriň okuw möhletini 11-12 ýyla çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu mesele 16-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda gozgaldy.
Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň Smolnyý instituty şu ýyl Türkmenistandan 15 çemesi adamy okatjagyny habar berýär.
Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň Türkiýä iki günlük iş sapary başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň täze transport infrastrukturasyny döretmek barada maslahat edilýär.
Täze türme kompleksi tussaglar üçin kameralary, olaryň işlemegi üçin tikin fabrigini, 350 adamlyk çagalar bagyny, mekdebi, söwda merkezini we dabaraly çäreler üçin zaly öz içine alýar diýlip, habar berilýär.
Saweliý Burşteýn 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 40 million dollar möçberde puluň ogurlanmagy bilen bagly sud edilenleriň biridir.
2011-nji ýylda Türkmenistan terroçylyga garşy göreş boýunça regional tagallalara gatnaşmagyny dowam etdirdi diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda aýdylýar.
Birleşen Ştatlar Türkmenstanyň hökümetiniň din azatlygyna az sarpa goýýanlygyny aýdýar. Bu barada Döwlet departamentiniň din azatlygy boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistanda internet üpjünçiligini ösdürmegi hem göz öňünde tutýanlygyny aýdýar.
Täjik resmileri Täjigistanyň hökümet goşunlaryndan azyndan 20 harbynyň öldürilenligini we çak bilen 25-siniň ýaralananlygyny aýdýarlar.
“Türkmenhowaýollarynyň” işindäki kemçilikler 19-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda gürrüňi edilen esasy meseleleriň biri boldy.
Moskwanyň şäher prokuraturasy Türkmenistanyň raýaty Aýsoltan Nyýazowa garşy aýyplaw netijesini tassyklandygyny yglan etdi.
27 iýul - 12 awgust aralygynda Londonda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna Türkmenistandan 10 sportsmen gatnaşar.
Ýene-de ýükle