Tel: +7 495 739 1818
2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan ýa-da onuň awtorlygynda çykan kitaplaryň sany 20-den aşdy. Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bolsa 102 kitabyň awtory.
Moskwadan Aşgabada uçup bilmän Domodedowo aeroportunda garaşyp duranlaryň ählisi “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary, olarda kompaniýadan satyn alnan uçar biletleri bar, emma biletlerinde uçuş wagty öňünden goýulmadyk.
Türkmenistanda prezidentiň doglan güni bellenýär. 2007-nji yyldan bari dowlete bastutanlyk edýän Gurbanguly Berdimuhammedow 55 ýasaýar.
Türkmenistanyň prezidenti 2012-nji ýylyň ikinji ýarymynda daşary ýurtlaryň neşirleriniň satyn alynmagyna rugsat berdi. Türkmenistan ençeme ýyl bäri Orsýetiň käbir gazet-žurnallaryny resmi derejede satyn alyp gelýär.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar ÝB-ni Merkezi Aziýada adam hukuklaryna hormat goýulmagy ugrunda has netijeli hereket etmäge çagyrdylar.
Penşenbe güni Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan halkara konferensiýa öz işine başlady.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy 2012” atly täze hasabatynda bellenişine görä, türkmenistanlylar gulçulyga köplenç gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna çykansoň düşýärler.
Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy barlaglary ösdürmek meselesi boýunça alymlar bilen ýörite maslahat geçirdi we şol günüň özünde täze permanlara gol goýdy.
Türkmenistanda ýuwenal ýustisiýany, ýagny ýaşlara degişli adalat sistemasyny ösdürmek we reformirlemek boýunça baş programma kabul edildi.
Türkmenistanda Halkara Çagalar güni döwlet tarapyndan gurnalan dabaraly çäreler bilen bellendi.
Aşgabatda GDA guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygynyň çäginde Berdimuhamedow Medwedew bilen gepleşik geçirdi.
Orsýetde millionlarça daşary ýurtly migrantyň bikanun zähmet çekýänligi habar berilýär. Olaryň arasynda türkmenleriň hem bardygy aýdylýar.
30-njy maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlary derejesinde duşuşyk geçirildi. Sammitde regiondaky ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda 2011-nji ýylda dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň berjaý edilişine baha berilýär.
Berdimuhamedowyň hökümet agzalary we welaýat ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda sözlän sözüne görä, milli maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň aglaba köpüsi Mary welaýatynda ýerine ýetirilmändir.
Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça federal gullugynyň başlygy Merkezi Aziýa regionynyň Umumy içerki önümçiliginiň 40%-niň jenaýatçylykly hereketlerden, bikanun neşe söwdasyndan gelip çykýandygyny aýtdy.
27-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Belarus Respublikasyna iki günlük resmi sapara bardy. Bu iki ýurt özara gatnaşyklarynda nämä üns berýärler?
25-nji aprlede Moskwada Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Orsýetiň Halk artisti, režissýor, dramaturg we prodýuser, merhum Bulat Mansurowa bagyşlanylan medeni agşam geçirildi.
Moskwanyň etegindäki Domodedowo şäherinde Türkmenistanyň iki raýaty polisiýa tarapyndan ele salyndy. Olar talaňçylykda we adamlara hüjüm etmekde aýyplanýarlar.
Hepdäniň duşenbe güni Owganystanyň degişli ýolbaşçylary Kabul bilen Waşingtonyň geljekki hyzmatdaşlyklaryny kesgitleýji ylalaşygyň proýekti barada ýurduň parlamentiniň öňünde çykyş etdiler.
Ýene-de ýükle