Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Goşa raýatlaryň tamasy puç bolýar'


Türkmenistanyň w Orsýetiň pasportlary
Türkmenistanyň w Orsýetiň pasportlary

Goşa raýatlyk ylalaşygy bilen bagly mesele Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda çözülmän galýan meseleleriň biri hasaplanylýar. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýaňy-ýakynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda bu meseläniň gozgalandygy barada habar berilýär. 1993-nji ýylda baglaşylyp, 2003-nji ýylda ýatyrylan bu ylalaşyk onlarça müň adama bir wagtda iki ýurduň raýaty bolmaga mümkinçilik berdi, emma dürli kynçylyklary hem döretdi.

Orsýetde türkmenleriň gatnaşmagynda hereket edýän jemgyýetçilik guramasy “Rus-Turkmen” öýüniň ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow Azatlyk Radiosyna Aşgabatdaky gepleşiklerden goşa raýatlyk meselesi boýunça takyk netijelere garaşylandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Wladislaw Wýaçeslawowiç, Orsýetiň daşary işler ministri Lawrowyň Aşgabatda geçiren gepleşikleri goşa raýatlyk meselesi dogrusynda näderejede netijeli boldy?

Wladislaw Nemçinow: Gepleşikleriň netijelerine syn etsek, goşa raýatlyk meselesinde öňegidişlik göze ilmeýär. Türkmenistanyň we Orsýetiň raýatlygyna eýe bolan adamlaryň Aşgabatdaky duşuşykdan uly tamasy bardy, emma bu tama başa barmady. Şu günki gün Türkmenistanda onlarça müň adamyň goşa raýatlygy bar. Emma olaryň çekýän kynçylyklary öňküligine, çözülmän galýar. Bu aýratynam 2003-nji ýyldan soň goşa raýatlyga eýe bolan adamlara degişli. Türkmen tarapy ylalaşygyň ýatyrylmagyny kanunlaşdyransoň, bu ugurdan ýüze çykýan kynçylyklar çözülmän galýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-rus goşa raýatlygyna eýe bolan adamlar Türkmenistanda şu günler nähili kynçylyklara duçar bolýarlar? Sizde bu barada nähili maglumatlar bar?

Wladislaw Nemçinow: Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda täze pasport girizilensoň, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylar pasport almakda kynçylyk çekýärler, olardan haýsam bolsa bir ýurduň raýatlygyndan, esasan Orsýetiň raýatlygyndan çykmak talap edilýär. Bu ýagdaýyň şu günki güne çenli dowam edýändigine degişli mysallar köp. Golaýda pensiýa çykan türkmenistanly, pensiýa almak üçin häkimiýetlere ýüzlenende, özünden Orsýetiň raýatlygyndan çykmagyň talap edilendigini bize gürrüň berdi. Oňa diňe şu şerti berjaý etse, pensiýa beriljegi duýdurylypdyr. Şeýle ýagdaýdaky adamlara diňe ýokardan çözgüde garaşmak galýar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýa düşen adamlar iki ýurduň häkimiýetlerinden nämä garaşýarlar?

Wladislaw Nemçinow: Durgunlyk ýagdaýynda galýan mesele boýunça degişli kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar. Bilşimize görä, şu ýylyň maý aýynda goşa raýatlyk baradaky ylalaşygyň öz-özünden möhleti dolýar. Ondan soň näme boljagyny hiç kim bilmeýär, adamlar öz ykballary barada döwlet derejesinde alada edilmegine garaşýarlar. Orsýetiň hökümeti Türkmenistandaky öz raýatlarynyň çekýän kynçylyklary bilen iş ýüzünde gyzyklanyp bilerdi. Emma, maňa mälim bolşuna görä, Orsýetiň diplomatik gulluklary Türkmenistandaky goşa raýatlygy bolan adamlaryň ýagdaýyna ýeterlik üns bermeýär.

XS
SM
MD
LG