Sepleriň elýeterliligi

«Sen problema döredýärsiň we başyňy gowga sokýarsyň. Sen öz gelejegiňi, öz maşgalaň gelejegini töwekgellige salýarsyň.»

«Edenli adamlar» diýilýänler tarapyndan dolandyrylýan ýurtlarda häkimiýetler ýerli garaşsyz žurnalistler we hukuk aktiwistleri bilen gapma-garşy bolanlarynda, şu hili sözleri ýa-da şulara gaty çalymdaş zatlary aýdýarlar.

Men Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynda 20 ýyl çemesi işleýärin we Merkezi Aziýadaky habarçylarymyzdan munuň ýaly leksiýalar barada kän eşitdim.

Resmiler ýa-da howpsuzlyk agentleri, ýa-da polisiýa işgärleri biziň habarçylarymyz bilen söhbetdeşlikde olaryň daşary ýurt hökümetleri üçin işläp, ýalan zatlary ýaýradyp, öz ýurtlaryna dönüklik edýändiklerini aýdýarlar. Biziň käbir habarçylarymyz urlup-eňjildi, tussag edildi, ýa bularyň ikisine-de duçar boldy, biri bolsa türmede öldürildi.

Şeýlelikde, haçanda bu döwlet wekilleri adamlaryň iş ýerlerini, hatda hünärini çalşyrmak barada berk maslahat berenlerinde, bu maslahatyň käbirleri tarapyndan kabul edilmegi meniň üçin, belli derejede, düşnükli zat.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy, Azatlyk radiosy soňky döwürlerde hatda Türkmenistan ýaly ýurt üçinem geňräk görnen kynçylyklar toplumy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Soňky hadysa 35 ýaşyndaky Saparmämmet Nepesgulyýew bilen bagly, ol Azatlygyň we Türkmenistandan alternatiw täzelikleri ýaýradýan garaşsyz guramanyň Balkanabatdaky habarçysy bolup işleýärdi.

Nepesgulyýew iýulyň başynda, geljekki habarlaryna maglumat toplamak üçin, Balkanabatdan Hazaryň kenaryndaky «Awaza» kurort zonasyna gitdi. Ol 7-nji iýulda maşgalasyna telefon edip, ýola çykýandygyny we şol gün agşam öýe dolanyp geljekdigini aýtdy.

Emma Nepesgulyýew ne şol gün agşam, ne ertesi geldi. Has dogrusy, ol şol ikarada ýitirim boldy. Garyndaşlary ony gözläp, ýerli häkimiýetlere ýüz tutdular, emma olar başda özleriniň Nepesgulyýewiň nirededigini bilmeýändiklerini aýtdylar.

Nepesgulyýewiň maşgalasy onuň bolup biläýjek hemme ýerini, hatda meýithana çenli barlap çykdylar. Ahyrynda, 28-nji iýulda onuň uýasy Akdaşdaky türmä, «Awazadan» 30 km uzaklykdaky tussaghana baryp, bir resmiden Saparmämmediň şol ýerde saklaýandygy, onuň ýanyndan bikanun dermanlaryň, ýagny düzüminde neşe maddalary bolan tabletkalaryň tapylandygyny eşitdi.

Türkmenistandan alternatiw täzelikleri çap edýän gurama Nepesgulyýewiň käbir garyndaşlary bilen habarlaşanda, olar onuň bikanun neşe maddalary bilen ilteşiginiň bolup bilmejegini aýtdylar.

Netijede, iýulyň aýagyndan bäri, halkara hukuk toparlary, şol sanda Hýuman Raýts Wotç, Serhetsiz reportýorlar, Halkara günä geçiş guramasy, ÝHHG-nyň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç, türkmen häkimiýetleriniň Nepesgulyýewi boşatmaklaryna, bolmanda onuň öz islegine görä aklawçy tutmagyna rugsat berilmegine çagyrylýan beýanat ýaýratdylar.

Nepesgulyýewiň türmede saklanýandygy baradaky habar ýaýranyndan soň, Türkmenistandan alternatiw täzelikleri ýaýradýan gurama ýene bir gezek onuň maşgala agzalarynyň telefonyna jaň edip, özüni Saparmämmediň uýasy diýip atlandyran zenan bilen gürleşdi.

Ol zenan Nepesgulyýewiň «neşekeşdigini», «özüni we ejesini yzygiderli urup-enjendigini» gürrüň berdi. Alternatiw täzelikler guramasy ol zenandan telefony Saparmämmediň ejesine bermegi, ýagny ejeleri bilen gürleşmäge rugsat bermegi sorady. Emma ol «uýa» ejesiniň irden hassahana alnyp gidilendigini, şol ýerde bejergi alýandygyny aýtdy.

Alternatiw täzelikler guramasy şondan bäri Nepewsgulyýewiň ejesiniň telefonyna çykyp bilmeýändigini aýdýar.

Nepesgulyýewe ol ýa-da beýleki jenaýat işi bilen baglylykda şindi hem resmi günä bildirilenok.

Nepesgulyýewiň başyna düşen gowga Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Osmanguly Hallyýewiň türkmen häkimiýetleri bilen uçran gapma-garşylygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk radiosy bilen 2006-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýän Hallyýew iýunyň başynda birden işden çekildi. Ol bu karara gelmeginiň sebäbini özüne häkimiýetler tarapyndan edilýän görlüp-eşidilmedik basyş, gorkuzma kompaniýasy bilen düşündirdi.

Has anygy, Hallyýew bu karara Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň başlygynyň edarasyna çagyrylyp, ýerli häkimiýetler we ýaşulular tarapyndan il ortalaýyn ýazgarylandan soň geldi.

Hallyýew iýulyň başynda işine gaýtadan başlady, sebäbi ol işden çekileni bilen azar bermeleriň we ýanamalaryň kesilmändigini, onsoň, özi we maşgalasy barybir basyş astynda galjak bolsa, onda ýene öz işini dowam etdireninden gowusynyň ýokdugyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri munuň ýaly ýagdaýlarda, Günbatar metbugatynyň faktlarynyň dogry däldigini aýtmakdan başga, örän seýrek düşündiriş berýärler.
Emma muňa garamazdan, indi bu ýerde nähilidir täzelikler bolup geçýär.

Golaýda Gundogar-news.com atly bir websaýt peýda boldy, ony 15 ýyl çemesi wagt bäri makala çap edýän türkmen oppozisiýa saýty Gundogar.org bilen bulaşdyrmaň – bu täze saýt wakalara başgaça bir düşündiriş bermäge çalyşýar.

Şol täze Gundogar saýty 1-nji awgustda Nepesgulyýew Azatlyk we Alternatiw täzelikler guramasy üçin «gizlinlikde» işledi diýip ýazdy. Bu makalada Alternatiw täzelikler guramasynyň redaktory Ruslan Mätiýewiň iş bilşine şübhe bildirildi we onuň «3-4 ýyl tejribesi bolan ýaş žurnalistdigi» aýdyldy.

Täze Gündogar saýtynyň makalasynyň dowamynda Azatlygyň ozalky habarçysy, Azatlykda işleýän wagty, 2010-njy ýylda David Burke adyndaky tapawutlanan žurnalizm baýragyna mynasyp görlen Aşyrguly Baýryýewe hem söz berilýär.

Baýryýewiň adyndan aýdylýan sözleriň manysyna aralaşmazdan öň, men hemmelere makalanyň başynda aýdan gorkuzmalarymy ýatlatmak isleýärin. Men Baýryýewiň bu sözleri nähili ýagdaýda aýdandygyny bilmeýärin. Belki-de ol bu zatlary ýüreginden aýdandyr, belki-de çyny bilen aýdan däldir.

Baýryýewiň makalada getirilýän sözlerinde HRW, Amnesty International we RSF – Serhetsiz reportýorlar guramasy, Alternatiw täzelikler guramasynyň aýyplamalarynyň täsirine düşüp, “hukuk goragy we raýat aktiwligi hereketlerini biabraý» etmekde aýyplanýar.

Ol Nepesgulyýewiň birnäçe ýyl mundan öň zorluk bilen ruhy hassahana ýerleşdirilendigi barada aýdylýanlara garşy çykyp, onuň «öz şahsy hukuklaryny» talap edendigini, şeýle-de Türkmenistanda her gün kimdir birleriniň sudlarda, kanun edaralarynda öz şahsy hukuklaryny talap edýändigini, munuň ýurduň gündelik durmuşyndaky adaty bir zatdygyny öňe sürýär.

“Men öz kanun goraýjy organlarymyzyň, has-da beteri-de ýörite gulluklarymyzyň kimdir birini ruhy hassahana ýerleşdiren halatyna hiç wagt gabat gelmedim, bu bir gülkünç zat diýip, onuň aýdandygy habar berilýär.

Soňra Baýryýewiň pikiriçe, Nepesgulyýewiň kanun goraýjylarda öz meşgullanýan neşe gaçakçylygy biznesine şübhe döremezligi üçin, Alternatiw täzelikler guramasy, Azatlyk bilen «pul sebäpli», belki-de perde hökmünde işlän bolmagynyň hem ahmaldygy öňe sürülýär.

Men bu hili çaklama gülkünç diýerdim, sebäbi Azatlyk bilen işleşmek umuman ünsi çekýän zat ýa-da has anyk aýdylanda, türkmen kanun goraýjy edaralarynyň berk gözegçiligine we derňewine sezewar edýän bir ýagdaý.

Men Baýryýewe garşy durmak islemeýärin, emma men Türkmenistandaky ýagdaýlar barada bir zatlary bilýän ýeke-ýalňyz adam däl we hiç bir adam Azatlyk bilen işleşmegiň Türkmenistanda neşe gaçakçylygyna gowy perde bolup biljegi barada pikir edip ýa bu hili pikire ynanyp biler öýtmeýärin.

Aslynda Gundogar-news.com websaýtynyň howandarlarynyň kimdigi hem beýle bir aýdyň görünmeýär, ýöne mazmunyndan çen tutulsa, onuň türkmen hökümetiniň tarapdarlary tarapyndan döredilendigini çaklamak kyn däl.

Azatlyk şu ýyl häkimiýetleriň Aşgabatda we onuň töwereginde hemra antennalaryny aýyrmagy, jaýlary ýykmagy buýrandygy baradaky maglumatlary çap etdi.

Gundogar-news.com bu temalar boýunça öz wideo maglumatlaryny taýýarlady.

Hemra antennalar baradaky wideo maglumatda Azatlygyň ýene bir öňki habarçysy, Döwletmyrat Ýazgulyýew çanak antennalary aýyrmak kararyny gorap çykyş edýär.

Ýazgulyýew 2011-nji ýylyň okýatbrynda, Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk edýän wagtynda, doganynyň aýalyny öz janyna kast etmäge iteklemekde aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol soňra prezidentiň günä geçmesi esasynda azatlyga çykdy we şondan kän wagt geçmänkä şu güne çenli işläp ýören ýerine, döwlet edaralarynyň birine işe ýerleşdi.

Ýazgulyýewiň wideo «maglumaty» Aşgabatdaky binalaryň depesinde we gapdalynda somalyp duran hemra antennalarynyň birnäçesiniň şekilleri bilen bezelipdir.

Ol halkara hukuk toparlaryny türkmen häkimiýetleriniň hemra antennalaryny zorluk bilen aýyrdyrmagyndan şikaýat etmekde tankytlaýar, emma näme üçin şeýle kän adamyň, hökümetiň kabel telewideniýesi paketini hödürleýändigine garamazdan, öz satalit antennasyny edinmek isleýändiginiň sebäbini welin ýaňzytmaýar.

Jaýlaryň ýykylýandygy baradaky wideo maglumat Azatlygyň we ýurduň beýleki ýaşaýjylaryň adamlaryň öýünden çykarylyp, olaryň ýaşap oturan öýleriniň ýumrulýandygy, ýykylan jaýlaryň deregine häkimiýetleriň hiç bir kompensasiýa hödürlemeýändigi baradaky habarlaryny ret edýär.

Baýryýew wideoda çykyş edip, daşary ýurtlaryň hökümetden aýry guramalaryny we media serişdelerini «obýektiw däl» maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, olary tankyt edýär.

Şeýle-de Baýryýew göçürilen jaý eýelerine täze gurlan jaýlardan kwartira berlendigini aýdýar we wideo maglumatda gurulýan gurluşyklar, hatda täze gurlan jaýlaryň toplumy görkezilýär. Emma şol täze jaýlaryň ýaşaýjylary bilen guralan söhbetdeşlik-beýleki welin görkezilmeýär.

Azatlygyň nyşana alynmagynyň sebäbi ýeterlik derejede açyk görünýär. Azatlyk öz saýtyna we mobil telefon saýtlaryna aýda 335,500 okyjyny çekýär, onuň feýsbukdaky yzlaýjylarynyň sany bolsa 113,500-den hem kän.

Azatlygyň barha ýokarlanýan meşhurlygy Türkmenistanyň Owganystan bilen araçäginde ozal görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolýan hem-de ýurduň tebigy gaz eksportlarynyň girdejilerine garaşly bolmagynyň netijelerini ýaňy duýup başlan wagtyna gabat geldi.

Bizde praktika geçen (şeýle-de Kişlok owazynyň ýaşaýjysy) Bradley Jardine şeýle ýazdy: "Ýurduň içinde ösýän nämälimlik bilen Azatlygyň maglumatlary owalda-ahyrdakysyndan has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurduň dolandyryjy elitasynyň gorkýan zady hem hut şu bolup durýar.»

Türkmen häkimiýetleri garaşsyzlygyň başyndan bäri şeýle habarlaryň türrkmen jemgyýetçiligine gelip ýetmeginiň öňüni aljak bolup, tagalla baryny etdiler, onsoň edil häzirki pursatda Azatlygyň nyşana alynmagynyň adatdakylardan has ýygjamlaşmagyna geň galyp oturmasa-da bolar.

Ýöne türkmen häkimiýetleri bu gezek şol tanyş repressiýa käbir täze pirimler bilen dolandylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG