Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow saýlawlaryň 'köppartiýaly boljagyny' aýdýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna ilkinji gezek üç partiýanyň, ýagny Türkmenistanyň demokratik partiýasyndan başga, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

Prezident bu sözleri Ýaşulular maslahaty Türkmenistanyň mejlisi baş kanunyň täze redaksiýasyny tassyklanyndan soň aýtdy.

Mundanam başga, türkmen lideri ýurtda kabul edilen kanunlaryň dalaşgärleriň deň hukukly esasda hödürlenmegine, aýanlyk we açyklyk şertlerinde wagyz kampaniýasyny geçirmegine şert döredýändigini belledi.

Täze Baş kanunda ýurduň prezidentiniň möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldylýar we prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägi bolan 70 ýaş çäklendirmesi aýrylýar.

Bu täzelik daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanda ikinji ömürlik prezidente ýol açylmagy hökmünde habar berildi.

Prezident Berdimuhamedow ozalky ömürlik prezident S.Nyýazowyň tarpa-taýyn aradan çykmagy netijesinde, 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geldi we 2007-nji ýylda alternatiw kandidatlaryň gatnaşmagynda guralan prezident saýlawlarynda ýeňiji boldy.

Emma tankytçylar bu saýlawdaky alternatiw kandidatlar diýilýänleriň şol wagt eýýäm döwlet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetirýän Berdimuhamedow bilen deň mümkinçilikden peýdalanmandygyny, Türkmenistanda adalatly we azat diýlip ykrar edilen ýeke saýlawyň hem geçirilmändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýurt daşynda döredilen «Hereket» hereketiniň başlygy Akmuhammet Baýhanow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň häzirki şertlerinde hakyky bäsleşikli saýlawyň geçirilip bilinmejekdigini aýtdy.

Akmuhammet Baýhanowyň pikirine görä, SSSR döwründe hem hiç hili azat we adalatly saýlaw bolmady we awtoritar režim mahalynda bäsleşikli saýlaw geçirmek gözboýagçylykdan başga zat bolup bilmez.

Ozalky tussag Berdimuhamedowyň prezident saýlanan öňki saýlawlarynda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda geçjek saýlawlarda hem käbir adamlaryň alternatiw kandidat hökmünde görkezilmeginiň mümkindigini, emma munuň hakyky bäsleşigi aňlatmajagyny, sebäbi saýlawlaryň netijesiniň öňünden kesgitlenen boljagyny aýdýar.

Baýhanowyň pikirine görä, prezident Berdimuhamedow häzir dünýäde bolýan syýasy-ykdysady wakalar bilen baglylykda, hakykatda demokratik meýilleri basyp ýatyryp, il gözüne demokratik reforma geçirýän adam bolup görünmek isleýär we režimiň ömrüni uzaltmaga çalyşýar.

2011-nji ýylyň iýulynda Aşgabadyň gapdalyndaky Abadan, ozalky Büzmeýin şäherinde ok-ýarag ammarynda partlama bolup, adam heläkçiligi barada çykan habarlardan soň, prezident Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky oppozisiýa diýilýänleriň hem ýurda gelip, saýlawlara gatnaşyp biljekdigini aýtdy we ýurtda hakyky bäsleşikli saýlawlaryň geçirilmegine umyt döredi. Emma soň, daşary ýurtlarda ýaşaýan oppozisiýa wekilleri ýurda goýberilmän, bu umyt hem puç çykdy.

Ozalky medeniýet ministri Geldimyrat Nurmuhammedow bolsa, 2013-nji ýylda demokratik partiýany tankyt edip, syýasy herekete başlamakçy bolanda, neşekeşlikde aýyplanyp, 9 aýlyk mejbury bejerişe iberilipdi. Ondan öň, «Bähbit» partiýasyny hasaba aldyrmaga synan bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradow ruhy hassahana salnyp, halkara hukuk toparlarynyň basyşlary esasynda azatlyga çykypdy.

Türkmenistanyň häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda, ozalky Kommunistik partiýanyň bazasynda döredildi. Şol döwürde "Demokratik ösüş" partiýasyny döretmäge synanyşan professor Durdymyart Hojamuhammedow bolsa, birnäçe ýyllap ruhy hassahanada oturmaly boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgust aýynda, Agrar partiýasy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredildi we olaryň dolandyryjy partiýany ol ýa-da beýleki meselede tankytlany ýa başga pikir aýdany eşidilmeýär.

XS
SM
MD
LG