Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat-Pekin: Satylýan gaz däl, gelýän pul azalýar


Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda gurlan gaz geçiriji. "neftegaz.ru" neşiriniň suraty.

Hytaý 2009-njy ýylyň aýagyndan bäri 160 milliard kub metr türkmen gazyny satyn alyp, Türkmenistanyň iň uly gaz alyjysyna öwrüldi diýip, “Trend» habar gullugy Hytaýyň Türkmenistandaky baş ilçisi Sun Weidonga salgylanyp ýazýar.

Ilçi bu sözleri «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti bilen söhbetdeşlikde aýdypdyr. Bu söhbetdeşlik Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilipdir.

Hytaýly ilçiniň sözlerine görä, 2013-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky umumy söwda, haryt dolanyşygy 10 milliard dollardan aşypdyr. Emma haryt dolanyşygygeçen 2016-njy ýylda pul möçberinde alnanda esli kemelipdir.

«Trend» habar gullugy Türkmenistanda Hytaýyň 30 kärhanasynyň, 2 müň çemesi işçisiniň ykdysady işjeňlik bilen meşgullanýandygyny, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyň bolsa, soňky 25 ýylda düýpli ýokarlanandygyny habar berýär.

Hytaýly ilçiniň tassyklamagyna görä, häzire çenli Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň her ýylda 55 milliard kub metr gaz akdyrmaga niýetlenilen üç ugry guruldy.

Emma muňa garamazdan, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklar türkmen-hytaý söwda gatnaşyklaryna hem öz täsirini ýetirinemeňzeýär.

“Global söwdanyň haýallamagy, energiýa resurslary bazarynyň çökmegi we beýleki faktorlaryň täsiri astynda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy pul ölçeginde peseldi, emma onuň möçberi soňky iki ýylda şol durşuna galdy” diýip, hytaýly ilçi türkmen neşiri bilen söhbetdeşlikde aýdýar. Şeýle-de, “Geçen ýylyň 11 aýynda söwda dolanyşygy $5.4 milliarda ýetdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasy bu habardan hasap çykaryp, türkmen-hytaý söwda gatnaşyklarynyň esasan gaz söwdasyndan durýandygy sebäpli, Hytaýa satylýan türkmen gazynyň bahasynyň «düýpli peselendigi» barada netije çykarýar.

«Eger haryt dolanyşygy ýylyň 12 aýyna deň derejede bölünse, onda geçen ýylyň görkezijisi tutuşlygyna 5,9 milliard dollara golaý bolar. Şonuň bilen wagtda, ilçiniň aýdyşy ýaly, eger möçber öňki durkunda galan bolsa, onda türkmen gazynyň bahasy 41% arzanlan bolmaly» diýip, «Türkmen inisiatiwasy» ýazýar.

Mundanam başga, neşir Türkmenistanyň Hytaýdan alan milliardlarça dollar karzyny ýatlap, Aşgabadyň Pekine satýan gazynyň esasan berginiň hasabyna iberilýändigine ünsi çekýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, Hytaý 2011-nji ýylda Türkmenistana 8 milliard amerikan dollaryny kredit berdi. Soňra, 2013-nji ýylda bolsa Türkmenistan Hytaýdan ýene bir kredit aldy we bu karzyň möçberi şu wagta çenli agzalmaýar diýip, «Türkmen inisiatiwasy» belleýär.

Türkmen metbugatynda gaz söwdasyndan alynýan anyk girdejiler, satylýan gazyň bahasy barada maglumat berilmeýär.

Ýöne hytaý diplomaty türkmen neşiri bilen söhbetleşlikde hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň uludygyny belläpdir.

Aýdylmagyna görä, iki tarap ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlyklary giňeltmek üçin ýörite programmany işläp düzmegiň maslahatyny edýär. Bu programmanyň iň möhüm aspektleriniň biriniň ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boljakdygy aýdylýar.

«Iki tarap şu ýyl ilkinji Hytaý-Türkmen ylmy we innowasiýa forumyny geçirmegi planlaşdyrýar» diýip, «Trend» habar gullugynyň habarynda aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG