Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi tussaglykdan boşadyldy


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowa iki ýarym aýlyk türme tussaglygyndan soň boşadyldy.

Azatlyk Radiosyna Daşoguzdaky çeşmelerden mälim bolşuna görä, žurnalist we onuň ejesi 15-nji fewralda suduň jaýyndan boşadylypdyr.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan we ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleriň aýtmagyna görä, sud žurnalist Hudaýberdi Allaşowa we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowa şertli tussaglyk barada höküm çykarypdyr.

“Hudaýberdä we onuň ejesine nas saklamak bilen bagly aýyplamanyň esasynda üç ýyl möhletli şertli jenaýat jezasyny berdiler we suduň jaýyndan boşadyp goýberdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.

Žurnalistiň we onuň ejesiniň boşadylandygy baradaky maglumaty biziň Köneürgençdäki çeşmelerimiz hem tassyklady.

“Hawa, men bu barada ýekşenbe güni (19-njy fewralda – red.) bilip galdym. Hudaýberdi we Gurbantäç daýza öýüne dolanyp bardy. Goňşularyň birnäçesi olary geçen hepdede görüp gaýtdy. Bilşime görä, olaryň ikisiniň-de hal-ýagdaýy gowy we olar öýlerine dolanyp baranyna begenýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi gürrüň berdi. Şeýle-de, onuň aýtmagyna görä, žurnalistiň Köneürgençdäki öýi kanun goraýjy gulluklaryň gözegçiliginiň astynda galýar. Aragatnaşyk serişdeleriniň ählisi olaryň elinden alyndy.

27 ýaşly Hudaýberdi Allaşow 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde öz öýünde howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri tarapyndan tussag edilip, ejesi Gurbantäç Arazmädowa bilen bilelikde alnyp gidilipdi.

Allaşowyň tussag edilmeginden birnäçe gün geçensoň, Köneürgenjiň polisiýasy onuň aýaly Ejeşi iki ýaş çagasynyň gözüniň öňünde urup-ýençdi. Etrabyň kanun goraýjy işgärleri ýaş ene babatyndaky bu hereketiniň sebäbini onuň öz adamsy barada maglumat bermegi bilen düşündiripdiler. Onuň öýi uzak wagtlap kanun goraýjy edaralaryň gözegçiliginde saklandy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Hudabýerdi Allaşowyň Türkmenistanda yzarlanmagyny onuň žurnalistika işi bilen baglanyşdyrýar.

ABŞ-nyň resmileri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitet, düýbi Fransiýada ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar gurmasy we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ençemesi türkmen hökümetinden Hudaýberdi Allaşowy dessine azat etmegi we Azatlyk Radiosynyň beýleki habarçylaryny yzarlamakdan el çekmegi talap etdiler.

Soňky wagtda Türkmenistanyň häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna we olaryň garyndaşlaryna basyşyny güýçlendirdi.

Geçen ýylyň güýzünde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bir aýyň dowamynda üç gezek hüjüme sezewar edildi, urlup-ýenjildi. Türkmen häkimiýetleri 67 ýaşly žurnalisti daşky dünýäden üzňelikde saklaýarlar, onuň telefonlary, interneti şu günki güne çenli-de işlemeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy 2015-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bir ýyla golaý wagt bäri nämälim galýar.

Azatlyk Radiosyna gowşan käbir maglumatlara görä, Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň yzýany Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleri ýerli ilat bilen duşuşyklary gurnap, Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezligi tabşyrypdyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG