Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan at keselçiliginden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat aldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at kesellerinden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat berildi. Bu resminamanyň Ahal-teke atçylygynyň halkara bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça regional müdiri Kazimiras Lukauskasyň gowşurandygyny 27-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet habar agentligi THD habar berdi.

Şeýle-de resmi maglumatda Aşgabatda geçirilýän Ahal-teke atçylygynyň halkara bileleşiginiň VII maslahatynda Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysy (FEI) Ingmar De Wosyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa atçylyk sportuna uly goşant goşandygy üçin Federasiýanyň baýragyny gowşurandygy hem aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti hem öz tarapyndan bileleşigiň daşary ýurtly agzalarynyň ençemesine döwlet sylaglaryny gowşurypdyr. “Bilelikdäki işe uly şahsy goşant üçin” Blanka De Toledo Loma Osorio, Eloiza Anemon Flawia Žirardi we Batdurdi Ibadulaýewe Türkmenistanyň döwlet sylagynyň berlendigi habar berildi.

Ahal-teke aty Türkmenistanyň paýtagtynda sentýabrda geçiriljek Aziada-2017 sport çäresiniň resmi simwoly bolup durýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň taryhyndaky iň uly sport çäresine resmi taýýarlyklary yglan edeli bäri atçylyga degişli ençeme çäreleri amala aşyrdylar.

Mart aýynyň başynda Türkmenistanyň prezidenti ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak üçin UNESCO arza bermegi teklip etdi, şeýle-de arassa ganly ahal-teke atlarynyň katalogyny döretmek barada tabşyryk berdi.

Şeýle-de Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri aprel aýynyň soňky ýekşenbe güni ýurduň resmi baýramçylygy hökmünde bellenýän bedew baýramy mynasybetli geçirilýän at çapyşygyna baýrak hökmünde şu ýyl Kataryň şeýhy tarapyndan Türkmenistanyň 500 müň amerikan dollary möçberinde pul beriljegi habar berilipdi.

Hususan-da, 2013-nji ýylyň at çapyşygynda Türkmenistanyň prezidenti birinji ýeri eýeläpdi we 11 million dollar möçberindäki esasy baýraga eýe bolupdy. 2016-njy ýylda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabarasynda prezident Berdimuhamedowa "toý sowgady" hökmünde sekiz sany ahal-teke aty, milli lybaslar peşgeş berildi.

Käbir garaşsyz synçylar Türkmenistanda ahal-teke atlarynyň gan arassalygynyň halkara kadalaryna laýyk barlanmaýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG