Nаmаngan oblastynyň Çartak etrabyndaky orta mekdebiň direktory Ozodlygyň redaksiýasyna gowşan maglumaty tassyklap, şu ýylyň 12-nji maýynda aýdylýan mekdebiň 8-nji synp okuwçysynyň zorlanandygyny tassyklady.
Täjigistanyň gadagan edilen oppozision hereketi, Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy (TYGDP) häkimiýetleri ganly türme pitnesi hakyndaky hakykaty ýaşyrmakda günäleýär.
«Täjikfilm» wideorolikleriň many mazmunyna, şol sanda täjik blogerleriniň Youtubede goýýan roliklerine gözegçilik etmekçi, sebäbi salgyt toplaýjylar blogerler hem beýleki raýatlar ýaly, hökman salgyt tölemeli diýýär.
Täjigistanyň ulamalar şurasy (ýurduň yslam şurasy) ýurduň ilatyna aýratyn fetwa – ýüzlenme taýýarlady, onda aýdylyşyna görä, harby gullukdan ýüz öwürmek – agyr günä.
Azatlyk Radiosyna gowşurylan dokumentleriň görkezmegine görä, Täjigistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine, resmilere we lektorlara onlaýn troll hökmünde oppozision şahsyýetlere we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlara garşylyk görkezmek üçin basyş edilýär.
Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltandaky sud Maý gününde ýurduň uzak wagtlyk prezidenti Nusrsoltan Nazarbaýewe hem-de onuň maşgalasyna garşy protestlere gatnaşyp saklanan protestçilere garşy türme hökümlerini çykarmaga başlady.