Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik studentleri we lektorlary hökümeti tankytlaýanlara garşylyk görkezmek üçin özlerine basyş edilýändigini öňe sürýärler


Azatlyk Radiosyna gowşurylan dokumentleriň görkezmegine görä, Täjigistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine, resmilere we lektorlara onlaýn troll hökmünde oppozision şahsyýetlere we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlara garşylyk görkezmek üçin basyş edilýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren bäş çeşmäniň aýtmagyna görä, kampaniýa ýüzlerçe adam gatnaşýar. Olar “jogap kärhanasy” üçin dürli sosial mediada galp hasap açyp, hökümetiň tarapyny çalmak işjeňliklerini amala aşyrmak üçin ýörite işe çekilýär. Bu jogap kärhanalary diýilýän hökümetiň internet üsti bilen “garalamak kampaniýasy” diýýänine gaýtawul bermek baradaky tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar. Hökümet muny guramalaşdyryp, ýola goýan oppozisiýa, ol özüniň galp media hasaplaryndan peýdalanýar diýýär.

Işjeňlik ilkinji nobatda hökümeti tankytlaýanlary ynamdan gaçyrmak üçin “liking” materiallaryny paýlaşmak, oppozision şahsyýetlere hüjüm etmek maksady bilen sosial mediadaky çekişmelere gatnaşmak, şeýle hem döwlet propagandasyny öňe sürmek ýaly işleri öz içine alýar. Olar özleriniň bu işlerine töleg ýokdugyny we ondan boýun gaçyrmaklygyň ýaramaz netijelere getirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Anonim şertde Azatlyga maglumat berenleriň bäşisi-de uniwersitet studentleri ýa lektorlar. Olar bu barada özlerine uniwersitet administrasiýalaryndan, magaryf we ylym ministrliginden görkezme berlendigini, olara hem bu görkezmäniň kanunyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän gulluklardan gelendigini aýdýarlar.

Olaryň biriniň aýtmagyna görä, işe çekilenler her gün edýän işleri hakda ekrandan alnan “like” we teswirleri görkezip, öz başlyklaryna jikme-jik maglumat bermeli.

Başga biriniň çaklamagyna görä, “işe çekilenleriň” sany 9 million çemesi ilatly ýurtda 400 töweregi.

“Olaryň her biriniň takmynan 10 sany galp sosial media hasaby bar. Şeýlelikde, jemi 4000 töweregi ‘adam’ jemgyýetçilik pikirini ýoýmak maksady bilen sosial mediadaky çekişmelere işjeň gatnaşýar” diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosyna maglumat berenleriň bellemegine görä, “işe çekilenler” birnäçe “informasiýa analiz toparlary” diýilýän kiçiräk toparlara bölünýär. Toparlaryň her biriniň öz ýolbaşçysy bar.

Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna birnäçe hatyň ýa görkezmeleriň kopiýasy gowşuryldy. Çeşmeler bularyň elektron poçta arkaly mekdepleriň we uniwersitetleriň başlyklaryna we “informasiýa analiz toparlaryna” iberilendigini aýdýarlar.

Bu kopiýalaryň birinde haty alanlar gadagan edilen “Yslam täzeden döreýiş” partiýasynyň başlygy Muhiddin Kabiriniň planlaşdyrylan we “Facebook” hem “YouTube” platformalaryndan beriljek beýanaty hakda ägä edilýär.

“Dykgat! Dykgat! Dykgat!” diýip atlandyrylan hat mekdepleriň we uniwersitetleriň başlyklaryna aprel aýynda iberilipdir. Hatda “Kabiri ýene-de sagat 20.00-de çykyş edýär” diýlip, haty alanlar “interwýuň dowamynda işjeňlige”, soraglara we teswirlere taýýarlykly bolmaga çagyrylýar.

Işe çekilenleriň aýtmagyna görä, nyşana alnan esasy şahsyýet öz islegi boýunça Ýewropada sürgünlikde ýaşaýan Kabiri.

Azatlyga gowşurylan ýene bir hatda bolsa, hökümetiň mart aýynda internet hyzmatlarynyň bahasyny ýokarlatmak baradaky plany sebäpli halkyň gahardadygy bellenýär.

“Gyssagly! Ýaşyryn!” diýlip atlandyrylan hat mekdepleriň, kolležleriň we uniwersitetleriň, şeýle hem informasiýa analiz toparlarynyň agzalaryna we ýolbaşçylaryna iberildi.

“Hemmämiziň bilşimiz ýaly, belli toparlar ... internet bahasynyň ýokarlanmagyny bahana edip, Duşenbäniň ýaşaýjylaryny, aýratyn-da, ýaşlary protest geçirmäge çagyrýarlar. Olar paýtagtda öňümizdäki günlerde üýşmeleň geçirmegi planlaşdyrýarlar” diýlip, senesiz we golsuz hatda aýdylýar. Şeýle hem “bular ýaly islenmeýän işleriň öňüni almak” üçin “doly tagalla” nygtalyp, talap edilýär.

Hatda hökümetiň syýasatyny goramak üçin belli görkezmeler berilýär, mysal üçin protestlere çagyrmagy ýazgarmak we “sosial medianyň, aýratyn-da Facebook üsti bilen” asudalyga hem durnuklylyga çagyrmak ýaly işlere salgylanylýar.

Hatda “bilimli alymlaryň öz tejribelerinden we hünärlerinden peýdalanyp”, möhüm makalalar çap etmek bilen bu işleri goldamagy teklip edilýär. Şeýle hem haty alanlardan şübheli her bir işjeňlik, şol sanda sosial mediada protestlere edilen çagyryşlar hakda gören zatlaryny häkimiýetlere habar bermek barada buýruk berilýär.

Smart telefonlary üçin internetiň bahasyny ýokarlandyrmak baradaky plan jemgyýetçilikde dörän gahar-gazap sebäpli prezident Ymamaly Rahmon tarapyndan aprel aýynda goýbolsun edildi.

Hökümet sosial mediany we garaşsyz habar saýtlaryny ýygy-ýygynda petikleýär. Internet ulanyjylar onuň tizliginiň gowşakdygyndan zeýrenýärler.

Resmi ret ediş

Resmi taýdan ret ediş Azatlyk Radiosy tarapyndan soralanda, Magaryf we ylym ministrligi studentlere bir hat iberendigini boýun alsa-da, hökümet trollary işe çekýär diýilýän gürrüňlerde özüniň her hili rolunyň bardygyny inkär etdi.

“Biz bir hat iberdik, ýöne ol troll meýdanlaryny döretmek maksatly däldi. Hat ýaşlaryň terroristlere, Yslam döwleti ýaly ekstremistik toparlara goşulýan mahaly iberildi” diýip, sözçi Ehson Safarzoda aýtdy.

“Biz hatda studentler bilen çekişmeler gurnar ýaly, uniwersitetleriň [ekstremizme garşy] propaganda toparlaryny gurmagynyň zerurdygyny belledik”.

Safarzodanyň aýdýany Azatlyk Radiosyna gowşurylan hatmy ýa däl, bu belli däl. Ýöne Magaryf we ylym ministrliginiň adyny göterýän bir hata magaryf ministriniň orunbasary Rahmatullo Mirboboýew tarapyndan gol çekilipdir. Onda ekstremizmiň ýaýramagy hakda alada bildirilip, ýaş täjikleriň “ekstremistik we radikal partiýalara, hereketlere” goşulmagynyň öňüni almak boýunça tagallalar hakda çagyryş edilýär.

2019-njy ýylyň 6-njy fewraly seneli hatda mekdepleriň başlyklaryna we informasiýa analiz toparlaryna “Biz ekstremizme garşy” rubrika astynda makala taýýarlamak hakda görkezme berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürleşenleriň bellemegine görä, hat bir gezegiň işi däl, görkezmeler we hatlar ministrlikden häli-şindi gelip dur.

Tölegsiz trollar

Maglumat beren bäş adam hökümeti tankytlaýanlara we aktiwistlere hüjüm etmek üçin özlerine her hili serişdelerden, şol sanda paýyş sözlerden, galp suratlardan hem peýdalanmak hakda görkezme berlendigini aýtdylar.

Üstesine-de, olardan ýygy-ýygydan dürli neşirlere makala ýazmak talap edilýär. Olaryň biri muny hiç haçan islenmeýän iş diýip suratlandyrdy. Ol: “Bir student ýa bir biologiýa mugallymy ...

[syýasy] makalalaryň nähili ýazylýanyny bilenok” diýýär. “Beýleki işler dürli hasaplary hak etmek, özüňi başga biri edip görkezmek üçin sahypalary galplaşdyrmak ... we belli adamlara wehim salyp hat ibermekden ybarat”.

Bäş adamyň aýtmagyna görä, olar troll işlerini öz wagtlarynda etmeli, häkimiýetler tarapyndan berilýän töleg ýa başga zat ýok. “Bütin gün biri barada ýaramaz makalalary ýazmakdan ýa Facebook sahypasynda like we teswir ýerleşdirmekden halys irdim” diýip, Täjik uniwersiteti tarapynda işe çekilenleriň biri aýdýar.

Başga biri bolsa, muny etmekden başga ýol ýokdugyny belleýär. “Muny ret etseň, işiňi ýitirmegiň mümkin. Seni abraýdan düşürmek üçin olar ähli zatlardan peýdalanýarlar”.

Ýene biri özüniň işini taşlap, indi-de ýurtdan çykyp barýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG