Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Agyr günä". Täjigistanda musulmanlara gullukdan gaçmak gadagan edilýär


Täjik esgerleri. Arhiw suraty

Täjigistanyň ulamalar şurasy (ýurduň yslam şurasy) ýurduň ilatyna aýratyn fetwa – ýüzlenme taýýarlady, onda aýdylyşyna görä, harby gullukdan ýüz öwürmek – agyr günä. Harby gullukdan gaçýanlara ýardam berijiler, köplenjem onuň hossarlary-da günä gazanýarlar.

Haýsydyr bir meseläni çözmek baradaky fetwаny müfti ýa-da yslam dindarlarynyň şurasy çykarýar. Fetwa musulmançylyk durmuşynyň haýsam bolsa bir ugruny kadalaşdyrýar. Eger ýurt dünýewi döwlet bolsa, fetwany bozan adama jeza berilmeýär, ýöne ulamalar tarapyndan ýazgarylýar. Ilatynyň köp bölegi yslan dinine uýsa-da, Täjigistan dünýewi döwlet hasaplanýar.

Täjigistanyň dindarlary ykdysady ýagdaýyna garamazdan goşunda gulluk etmek jany sagat her bir musulmanyň borjy hasaplaýar. Watana bolan söýgi, öz halkyňa hem medeniýetiňe wepadarlyk ýurduň bitewiligini gorap saklamakda – hut şunuň özi iň hakyky imanlylyk. Gullukdan gaçmak hakyky musulmana gelişmeýär diýip, Täjigistanyň ulamalar şurasynyň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Ýurduň dindarlary respublikada harby gulluga çagyryşyň barýan döwründe halka ýüzlendiler.

«Ýaş adam gullukdan gaçmak üçin özüni näsag ýa başga bir şikesli edip görkezse, ol agyr günä gazanýar ýa-da şol günäni gazanmaga çalyşýar» diýip, Yslam merkeziniň ýolbaşçysy Jamoliddin Homuşyň fetwasynda aýdylýar.

Soňky dört ýylda ýurduň harby çagyryş planlary doly berjaý edilýär. Hökümetler muny «ýaşlaryň dogry terbiýelenişi» bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne hukuk goraýjylar çagyryşlaryň doly geçmegine ilatyň aň-düşünjesinden daşary-da sebäpleriň bardygyny belleýärler.

Soňky döwürde beýle çäre az bolsa-da, harby komissarlyk çagyrylýanlaryň üstüni dolmak üçin, köçelerde kanuny bolmadyk tutha-tutlugy geçirýärler. Täjigistanyň ilatynyň üçden biri garyplyk çäginde ýaşaýar. Ýaşlar, aýratyn-da oba ýerlerinde bolanlar doýa-garna naharlanmak üçin gulluga gidýärler. Bu maglumat harby bölümlerde soldatlar bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlik geçirilende mälim edildi. Gürrüňdeşligi Raýat erkinligi ofisi geçirýär diýip, şol guramanyň ýuristi Uguloý Boboýewa aýdýar.

Duşanbe şäheriniň ýaşaýjylary köp halatda çagalarynyň harby gulluga alynmagyny islemeýärler. Owaly bilen gullukda kanunsyzlyk dowam edýär.

Uguloý Boboýewanyň aýtmagyna görä, internet hyzmaty arkaly ýaşlar soldat durmuşyny bilýärler, bir maýyplyk alan soldatyň gullukda ölendigi barada maglumat bar. Ýaşlar harby gullugyň howply zatdygyna düşünýärler. «Şeýle hem harby gulluk mahalynda berilýän iýmit we harby eşik barada aýdylýar. Meniň pikirimçe öňden gelýän bu düzgün eýýäm üýtgäp başlady» diýip, ýurist aýdýar.

Raýat erkinligi ofisiniň geçiren soraglaryna görä, millet ähli adam goşunda gulluk etmeli diýip hasaplaýar, ýöne özleri gulluk etmäge howlukjak bolanoklar ýa-da öz golaýyny gulluga ibermekçi däller.

Şol wagtyň özünde, Täjigistanda nobatdaky çagyryş möwsüminiň netijeleri baradaky hasabat taýýar. Tutuş ýurt boýunça goşuna çagyrylmalylaryň 36% iberildi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG