Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary partiýalaryň sesleri satyn almak arkaly ýeňiş gazanandyklaryny aýdyp, köçelere çykan we edara binalaryna giren müňlerçe protestçiniň talabyny kanagatlandyryp, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişekekda birnäçe syýasy partiýa geçen hepde soňy geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyny talap edip, protest geçirýärler. Şol saýlawlarda, Russiýa tarapdar prezident Sooronbaý Jeenbekowa golaý partiýalar ýeňiş gazanypdy.
Saýlaw kampaniýasy azyndan 12 adamyň keselhana ýerleşdirilmegine getiren zorlukly waka hem kölege saldy. Günortadaky Oş welaýatynda “Mekenim Gyrgyzystanyň” tarapdarlary bilen “Birimdikiň” arasynda ýüze çykan dawa-jenjelden soň birnäçe ulag otlandy.
Ýene-de ýükle