Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşgaderýaly aýal adamsyny gynap öldüren milisiýa gullukçylarynyň suduň zalyndan boşadylmagyny sorady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň ýaşaýjysy 32 ýaşly Ýusuf Abdurahmanowy wagtlaýyn tussaglykda wagtynda, Çirakçi raýon içeri işler bölüminiň gullukçylarynyň urup-gynap öldürendigi sebäpli iki adama sud edilende, merhumyň aýaly Güzel Abdiýewa olaryň suduň zalyndan boşadylmagyny haýyş etdi.

Bu waka 16-njy sentýabrda, Çirakçi raýon içeri işler bölüminiň gullukçylary bolanNurbek Owlaýewiň hem-de Anwar Jonkobilowyň işleri baradaky nobatdaky sud diňlenişiginde ýüze çykdy diýip, ol sud mejlisine gatnaşan “Darýo.uz.” saýty habar berdi. Tussaglykda wagtynda urlup öldürilen Ýusuf Abdurahmanowyň aýaly Güzel Abdiýewa sud oturdaşlaryndan, günä bildirilýänleriň günäsini geçip, suduň zalyndan azatlyga goýberilmegini sorady.

Habarda mälim edilişine görä, Güzel Abdiýewa sud edilýänleriň çagalaryny we aýallaryny göz öňüne getirenden soň, şeýle karara gelendigini aýdypdyr.

«Men olaryň çagalary barada oýlandym. Olaryňam maşgalasy bar, çagalary göz öňüme geldi-durdy. Geçen sekiz aýyň dowamynda men köp agladym, örän agyr ýagdaýy başdan geçirdim. Şol gören görgimi öz duşmanyma-da islämok. Olaryň çagalarynyň: “Biziň dädemiz nirede? Ol haçan geler?” diýýänlerini eşitdim. Meniň çagalarym kakasyny ýitirdi, ata mährine zar boldular. Olaryň çagalary-da kakasyna garaşýandyrlar, maşgalasy agyr ýagdaýdadyr. Bolýar, men Hudaýa tabşyrdym! Hudaý görkezmesin! Biziň prezidentimiz näçe adamyň günäsini geçýär. Men indi şu iki adamyň günäsini geçip bilmenmi»diýip,Güzel Abdiýewanyň aýdanlaryny ol neşir ýazýar.

Şondan soňra G. Abdiýewa kazylara ýüzlenip, eger jenaýata çekilýänlere 50 ýyl türme tussaglygy berilse-de, adamsynyň direlip gelmejegini aýdyp, olary suduň zalyndan boşadyp goýbermegi sorapdyr.

Bolan hadysa boýunça jenaýat işine Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýat sudunda garaldy. Suda Özbegistanyň Ýokary sudunyň kazysy K. Tolliboýewa ýolbaşçylyk etdi.

Ýusuf Abdurahmanow şu ýylyň ýanwar aýyndamal ogurlygynda güman edilip, Kaşgaderýa welaýatynyň Çirakçi raýon içeri işler bölümine getirildi. Şonuň ertesi güni ol urlup-ýenjilmeden, raýon milisiýa bölüminde jan berdi.

Ýatlatsak, şuňa meňzeş hadysa şu ýylyň tomsunda Andijan şäherinde hem ýüze çykypdy. 30-njy maýda wagtlaýyn tussaglyga alnan 32 ýaşly Alijon Abdukerimow özünden giden halda, Andijan şäheriniň 4-nji içeri işler bölüminden, keselhana getirilenden soň ýogaldy. Onuň teninde zorluk görendigi bildirýän tegmiller bar eken.

Şu ýylyň iýun aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew sudlaryň adyllygy hem korrupsiýa garşy göreşiň meseleleri barada geçiren selektor maslahatynda, Andijanda bolan zorluk-sütemiň jogapkärçiligini Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyna ýükläp, olary tankytlady.

«Prokurorlar, operatiw gözleg işlerine jogap bermeli, jenaýatyň üstüni açmaga jogap bermeli adamlar, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary näme üçin öz günäňizi boýun almaýarsyňyz? Näme üçin siz öz işgärleriňiziň hünärini kämilleşdirmän, adamlary gynamalara duçar edýändikleri, kanun esasynda adamlara ýüzlenmeýändigi üçin, halkdan ötünç soramaýarsyňyz? (...) Gynansak-da, siziň geleňsizligiňiz hem bilimsizligiňiz biziň reformamyzy ynamdan gaçyrýar»diýip,Mirziýaýew aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG