Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň Baş Saninspeksiýasy kafelere girmäge rugsat edilip, toýlara garşy gadaganlyk hakda


Bişkegiň kafeleriniň birinde bellenýän sadaka üýşmeleňi.
Bişkegiň kafeleriniň birinde bellenýän sadaka üýşmeleňi.

Gyrgyzystandaky koronawirus bilen baglanyşykly sanitariýa düzgünleriniň talaby birnäçe soragy döredýär: kinoteatrlar ýapyk, ýöne partiýalar öz ýygnaklaryna ýüzlerçe adamy jemläp bilýärler; kafeler açyk, ýöne o ýerde toý etseň jerime salýarlar.

Meseläniň şeýle goýulmagynyň sebäplerini Bişkek şäher häkiminiň ýanyndaky Sanitar-ekologiýa inspeksiýasynyň başlygy, koronawirusa garşy göreşiň Respublikan ştabynyň agzasy Meder Amangeldiýew şeýle düşündirýär.

Azatlyk Radiosy: Nähili köpçülikleýin çärelerini geçirmek mümkin?

Meder Amangeldiýew: Hökümetiň kabul eden №163 kararyndan daşary hiç bir çäre geçirmeli däl. Hut meniň özüm koronawirusa garşy göreşiň Respublikan ştabynyň agzasy hem-de onuň maslahatlaryna gatnaşýan. Häzir Batken şäherinde we birnäçe sebitlerde 50 çemesi restorany ýapdylar. Islendik köpçülikleýin çäräni, goý, ol 10-15 adam bolsa-da, geçirmek gadagan. Durmuş toýlary, gelinaljyny ugratmak, beýleki toýlar, sadakalar – ählisi gadagan.

Azatlyk Radiosy: Ýöne hökümetiň hut şol karary esasynda jemgyýetçilik iýmitleri ýerlerinde, 50 adamlyk orunlara rugsat edilýär. Toý bilen deňeşdirilende, şeýle adaty kafeler howpsuzlyk babatynda näme bilen tapawutlanýar? Toýda-da iýlip-içilýär, olaryň birine rugsat edilip, beýlekisine gadaganlyk girizmegiň tapawudy nämede?

Meder Amangeldiýew: Bu ýerde mesele şunda, toýa, aýdaly 50-den az adam gatnaşsa-da, olar 4-5 sagatlap oturýarlar. Kafede bolsa beýle uzak oturylmaýar. Biz kafede bir stol başynda 2 adamdan artyk oturmaly däl, adamlaryň arasy 1,5 – 2 metr bolmaly diýýäris. Şeýlelikde, bir kafede her biri iki adama niýetlenen 25-den artyk stol goýulmaly däl. Toýlarda beýle edip bolmaýar, bir stoluň başynda 10-15 adamy ýerleşdirýärler.

Azatlyk Radiosy: Kafeleriň ýapylmagy mümkinmi?

Meder Amangeldiýew: Häzirlikçe şeýle karar ýok. Men takyklap aýdaýyn, kafelerde 50 müşderiniň gelmegi däl, eýsem 50 orun barada gürrüň gidýär. Eger kafede taýýar edilen ýerler 80 adamlyk bolup, ol ýerde 10 adam oturanam bolsa, olara jerime salynmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Saýlawçylary bilen duşuşýan partiýalar bilen ýagdaý nähili?

Meder Amangeldiýew: Saýlawlar hakdaky kanuna laýyklykda, olara 200-e çenli adam toplamaga rugsat edildi. Olar şeýle hem biziň gözegçilik etmegimizde, açyk howaly ýerde duşuşyk geçirip bilerler. Düzgüni bozan ýagdaýynda, olara jerime salnyp bilner.

Azatlyk Radiosy: Olara garşy hut bir jerime ýazyldymy? Olar 500-600 adam ýygnaýandygyny açyk aýdýarlar.

Meder Amangeldiýew: Ýok, olar 200 adama çenli ýygnaýarlar. Bizde olaryň resmi hatlary bar, olaryň ählisi biziň gözegçiligimizde.

Azatlyk Radiosy: Şu güne çenli hiç bir partiýa jerime salynmadymy?

Meder Amangeldiýew: Ýok. Partiýalar agitasiýa maksady bilen öz sanlaryny artdyryp görkezmäge meýilli bolýar. Olara ýygnaga 200 adam geldi diýmek utuşly däl.

Azatlyk Radiosy: Siz häzirki ýagdaýa nähili baha berýäňiz? Ikinji tolkunyň başlanmagy barada aýdyp bolarmy?

Meder Amangeldiýew: Ony bilmedim. Elbetde, ol barada aýdyp bolar, ýöne her gün täzeleri çykyp dur, her günde 100-den gowrak kesele ýolugan hasaba alynýar. Belki-de, ikinji tolkun däl, epidemiýanyň öjükmegi barada aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Statistiki maglumatlara görä, keselleýänleriň köpdügine garamazdan, ölýänleriň sany azalýar.

Meder Amangeldiýew: Eger ýagdaýa çynlakaý garalsa, her bir kesellän ölmeli diýen zat ýok. Adamlar maska dakynmagy goýdular ýa-da maskany bir-iki gün ulanyp, soň jübüsinde göterýärler.

Azatlyk Radiosy: Wirus öz güýjüni peseldýär diýip bolarmy?

Meder Amangeldiýew: Ýok, bir taraplaýyn beýle diýip bolmaz. Epidemiýanyň netijeleriniň dürlüçe bolmagy mümkin. Ol wirus ahyryn. Üstesine-de häzir möwsümleýin dümew başlanýar.

Biz häzir bazarlaryň işi hem-de köpçülikleýin çäreler baradaky meselelere garaýas. Şu günüň esasy maksady – adamlara koronawirusyň ikinji tolkunynyň gelmegini düşündirmekde. Diňe ölüm howply pursat başlanandan soň, onuň öňüni almaga girişmeli däl.

Azatlyk Radiosy: Koronawirusyň ikinji tolkuny gutulgysyzmy?

Meder Amangeldiýew: Hawa. Biz oňa taýýar bolmaly.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG