Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Solan bägül ýa-da Gürjüstanyň arzuwlary


2003-nji ýylyň noýabrynda «Bägül rewolýusiýasy» amala aşyrylanda, Gürjüstanyň raýatlaryndan köpüsi wada berlen «jennete» eýe bolandyrys oýdüpdiler.
2003-nji ýylyň noýabrynda «Bägül rewolýusiýasy» amala aşyrylanda, Gürjüstanyň raýatlaryndan köpüsi wada berlen «jennete» eýe bolandyrys oýdüpdiler.

Gürjüstanyň Sowet Soýuzyndan soňky ýakyn taryhy Orsýetiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky geosyýasy göreş bilen bagly boldy.

Energiýa geçirijilerine kontrollyk we Kawkazdaky ýagdaýlara täsir etmek ugrunda alnyp barylýan bu göreş Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň özara çaknyşmagyna getirdi.

Ýöne beýleki tarapdan, Gürjüstanyň bu ýakyn taryhy Günbatarda adaty bir zat hökmünde kabul edilýän durnukly durmuşyň arzuwynda ýaşaýan millionlarça gürjüstanlylaryň hem taryhy bolup durýar.

2003-nji ýylyň noýabrynda «Bägül rewolýusiýasy» amala aşyrylanda, Gürjüstanyň raýatlaryndan köpüsi wada berlen «jennete» eýe bolandyrys oýdüpdiler. Ýöne aradan kän wagt geçmänkä, häkimiýetleriň dyngysyz syýasy dawa-jenjelleriň girdabyna çümmekleri bilen «Bägül rewolýusiýasynyň» ideallaryna kölege abandy we adamlarda lapykeçlik peýda boldy.

Bir ýyl mundan ozal, 2008 ýylyň 7-nji awgustynda rus tanklarynyň Gürjüstanyň territoriýasyna girmekleri bilen bolsa, adamlaryň özbaşdak hem-de demokratik döwletde ýaşamak baradaky arzuwlaryna-da ölüm howpy abandy. Elbetde, Saakaşwiliniň hökümeti uruşdan baş alyp çykdy. Ýöne urşuň yzy bilen ýurduň oppozision güýçleriniň Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegini talap etmekleri netijesinde dörän syýasy krizis Gürjüstanyň içerki durnuklylygyna uly howp abandyrdy.

"Ideallar ölenok"

Žurnalizm boýunça Tbilisidäki «Kawkaz mekdebiniň» mugallymy, 35 ýaşly Nino Daneliýa Moskwa tarapyndan salynýan howpa hem-de Gürjüstanyň häzirki liderleriniň adamlaryň tamasyny ödemändiklerine garamazdan, «Bägül rewolýusiýasynyň» ideallary asla ölenok diýip hasaplaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de ol Orsýet bilen bolan uruşdan hem-de şondan soňky ýüze çykan syýasy krizislerden alynmaly iň bir möhüm sapagyň adamlaryň öz liderlerinden has uly jogapkärçilikleri talap edip, rewolýusiýanyň ideallaryny öňe sürmelidiklerine düşünmelidiklerini belledi. Ol, hususan-da: «Edil häzir ýurtda demokratiýany ornaşdyrmakdan başga alternatiwiň ýokdugyna adamlaryň doly ynanmaly wagty geldi. Bu maksady syýasatçylar amala aşyrmasalar-da, adaty adamlaryň amala aşyrjakdyklaryna men ynanýaryn» diýip nygtady.

Şu ýylyň aprel aýyndan bäri Gürjüstanyň oppozision toparlarynyň prezident Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegini talap edip, yzygiderli köçe ýörişlerini geçirmekleri ýurduň syýasy durmuşyna uly urgy boldy. Gürjüstanyň prezidenti Orsýet bilen bolan uruşdan soň güýçli basyşlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne 24-nji iýulda oppozisiýanyň öz protest çykyşlaryny bes etmegi bilen, soňky günler ýurtdaky dartgynlylyk birneme gowşaşýana meňzeýär.

Emma protest çykyşlarynyň bes edilendigine garamazdan, parlamentiň ozalky spikeri Nino Burjanadze hem-de ozalky prezidentlige kandidat Lewan Gaçeçiladze ýaly ýurduň käbir oppozision liderleri Saakaşwili hökman wezipesinden çekilmeli diýip, aýak direýärler. Şol bir wagtyň özünde Gürjüstanyň BMG-daky ozalky ilçisi Irakli Alasaniýa ýaly käbir beýleki oppozisiýa liderleri bolsa, prezident Saakaşwili hem-de onuň syýasy topary bilen gepleşik geçirmäge meýillidiklerini bildirip gelýärler. Olar esasy maksadyň Saakaşwilini wezipesinden çetleşdirmek däl-de, ýurduň syýasy institutlaryny reformirlemekdigini öňe sürýärler. Ýakynda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Irakli Alasaniýa Gürjüstany has durnukly we has demokratik döwlete öwürmek meselesinde Saakaşwiliniň hökümeti bilen ylalaşyga gelip boljakdygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG