Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdym aýdýaňmy? Onda salgyt töle!


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda gelen kararyna laýyklykda, toýlarda aýdym aýdýan bagşylar täze ýyldan hökümete salgyt töläp başlarlar.

Bu karar resmi taýdan heniz kanunlaşdyrylmasa-da, onuň eýýäm täze ýyldan herekete girjekdigini bagşylar aýdýarlar.

Türkmenistanda bagşylar, esasan, ýaş çatynjalaryň durmuş toýlarynda, doglan günlerde aýdym aýtmak bilen gazanç edýärler. Olar hiç bir babatda hökümete garaşly däldir. Öz elleri, öz ýakalary. Toýda aýdym aýdyp düşüren düşewündinden bolsa, bagşylar hökümediň haýryna hiç hili salgyt tölemeýärler.

Aýdymçylara salgyt töletmek teklibiniň girizilmegini Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.M.Ýazmuhammedowanyň toý bagşylaryndan özboluşly ar almagy diýip düşündirýärler. Sebäbi bir toýda 4 sagat aýdym aýdyp, bir müň dollardan bir ýarym müň dollar aralygynda pul düşürýän abraýly toý bagşylary «Suw damjasy», «Gawun baýramçylygy», «Bedew baýramy» ýaly döwlet çärelerinde mugtuna hökümetiň haýryna aýdym aýtmakdan köplenç halatda ýüz öwürýärler. Her dürli bahana tapyp, çäreden gaçýarlar.

Halk içinde abraýly toý bagşylarynyň bu hereketleri ýurduň başynda duran ýolbaşçylaryň degnasyna degip başlady. Şunuň netijesinde, olar ozal göz ýuman meseleriň biri bolan bagşylaryň salgyt tölemeklik meselesini ýaňadan örboýuna galdyrdylar.

Ýöne bagşylara salgyt töletmeklik iş ýüzünde amala aşyrylaýan ýagdaýynda hem bu ýerde diňe halk utular diýen garaýyşlar bar. Ilat bagşy üçin öňki töleýän pulunyň üstüne, onuň salgydy üçin hem puly çykarmaly bolar.
XS
SM
MD
LG